Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystandaky terror: Bir maşgala tragediýasy


Şu ýyl Dagystanda öldürilen 18 bilen 40 ýaş aralygyndaky adamlaryň sany 800 töweregi bolupdyr.
Şu ýyl Dagystanda öldürilen 18 bilen 40 ýaş aralygyndaky adamlaryň sany 800 töweregi bolupdyr.
Gülle we ölüm belasy durnuksyz Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystanyň başyndan sowlanok. Bu epidemiýanyň nämedigini hem Hadižat Nasibowadan gowy bilýän ýok bolsa gerek.

Awgust aýynyň aýaklarynda 54 ýaşly Nasibowa adamsy, aýal dogany we gyzy bilen birlikde öz ýaşaýan obasy Kirowauldan Dagystanyň paýtagty Mahaçgala tarap ýola düşýär. Maksady ogly ýaňy atylyp öldürilen bir garyndaşyna "yzy ýarasyn" diýip gaýtmak.

Hadižat Nasibowa
Hadižat Nasibowa
Obadan ýaňy çykanlarynda münüp barýan maşynlary ýüzi maskaly adamlar tarapyndan saklanýar. Nasibowanyň adamsy Saidahmed maşyndan düşürilip, hiç bir duýduryş berilmezden atylyp öldürilýär.

"Onuň gany hemme ýere ýaýrady. Ýanyna baramda, gepläp bilmedi. Dodaklary az-kem sandyrady. Iki gülle degensoň, ol ýere ýykyldy.

Ýöne olar tüpeňiň içindäki ok tükenýänçä ony atdylar. Men onuň başyny dyzymda goýup, doga etmäge başladym. Ony öldüren adam hem şol ýerde maskasynyň deşiginden garap durdy" diýip, Nasibowa gürrüň berýär.

Ganhorlar hiç bir söz aýtman, maşynlaryna münüp, sürüp gidipdirler.

Gazaply ölüm soňky ýyllarda Nasibowanyň maşgalasynyň başyndan aýrylyp gitmändir. Diňe ikije ýylyň içinde onuň garyndaşlaryndan 6 adam öldürilipdir.

Adam hukuklaryny goraýan garaşsyz guramalaryň çaklamagyna görä, üstümizdäki ýyl gozgalaňda, resmi öç alyşlarda ýa beýleki gazaply hereketlerde Dagystanda öldürilen 18 bilen 40 ýaş aralygyndaky adamlaryň sany 800 töweregi bolupdyr.

Näme sebäp bolýar?

Ýerli sünni taryhçy Magomed Nugaýewiň aýtmagyna görä, yzy üzülmeýän ölümlere sebäp bolýan – Dagystanda gadymdan bar bolan sopuçylyk bilen Sowet Soýuzy çökenden soň Saud Arabystanynydan getirilen salafizm dini akymynyň arasyndaky konfliktdir.

Salafizm döwletleriň şerigatyň esasynda gurulmagynyň tarapyny çalýar. Ors häkimiýetleri salafistleri ekstremistik topar diýip yglan etdiler. Salafizmiň tarapdarlary köplenç agyr zulum-süteme sezewar edilýär.

Nugaýew: "Döwletiň salafizme görkezýän reaksiýasy gaty zorlukly. Her bir zorlukly iş hem salafizme bolan raýdaşlygy artdyrýar" diýýär.

Nasibowanyň maşgalasy salafyçylar. Nasibowanyň ýüwürjisi Abdulazym bu pikir bilen ylalaşýar: "Dagystany bölünişige salýan zorlugyň düýp sebäbi häkimiýetleriň edýän işleri".

Ol soňra hem: "Biziň obamyzda dini oňuşmazlyk ýok. Sopular öz metjitlerine gatnaýarlar, biz-de öz metjidimize gatnaýarys. Meniň daýym bilen ýegenim meniň gidýän metjidimden başga metjide gidýärler. Aramyzda bir oňuşmazlyk bolsa, onda uruş turar. Onsoň orslara ara goşulara bir bahana tapylar. Biz biri-birimizi öldüremzok" diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

Hadižat Nasibowanyň ýakynlarynyň jaýlanan mazarlygy. Kirowaul obasy.
Hadižat Nasibowanyň ýakynlarynyň jaýlanan mazarlygy. Kirowaul obasy.

Nasibowanyň adamsy syýasata ýa dini kofliktlere goşulan adam däl. Ol bir fermada sürüji bolup işläpdir, rak keseline uçransoň hem pensiýa çykypdyr. Onuň häkimiýetleriň ünsüni özüne çekmegine 2010-njy ýylda öldürilen 21 ýaşly oglunyň ölümi barada barlag geçirmekleri üçin arza üstüne arza ýazmagy sebäp bolupdyr.

Nasibowanyň adamsy Saidahmed barlag geçirmekleri üçin häkimiýetlere şikaýat bilen ýüz tutandan soň ençeme gezek polisiýa edarasyna çagyrylypdyr. "Şikaýatyňy yzyna al" diýip, oňa buýruk berlipdir, haýbat atylypdyr.

Saidahmediň maşgalasy onuň öldürilmeginiň şu wakalar bilen baglanyşyklydyna berk ynanýar.

Gaýgydan, ejirden ýaňa bili bükülen Nasibowa bäş gyzy bilen ýeke galypdyr. Barlag geçirilip, adalatyň ýerine ýetirilmegini talap edere onuň maşgalasynda indi erkek adam ýok. Nasibowanyň islegi öz gününe goýulmagy. Ol indi adam hukuklaryny goraýan guramalaryň işgärleri bilen hem gürleşmän: "Ähli zat Allanyň elinde" diýýär.
XS
SM
MD
LG