Hillary Klinton Birleşen Ştatlaryň 67-nji Döwlet sekretary hökmünde öz iş möhletini tamamlap, 1-nji fewralda wezipeden gitdi.
27-nji ýanwarda "CBS" telekanalynda bilelikde geçirilen bir adatdan daşary interwýuda prezident Barak Obama Klinton "öz iş möhletini biziň iň gowy Döwlet sekretarlarymyzyň biri hökmünde tamamlar" diýip, ony öwdi.
Dört ýyllyk möhletiniň dowamynda Klinton ýurduň ýadawsyz baş diplomaty bolup, bir million mile (mil – amerikan uzaklyk ölçegi) golaý ýol söküp, 112 döwlete sapar etdi.
Töweregindäkiler onuň berk gepleşikler geçirmek, mylaýymlyk we beýlekileriň sözlerini sabyrlylyk bilen diňlemek ýaly diplomatik usullary birikdirmegi ökdelik bilen başarandygyny aýdýarlar.
Ol Eýranyň garşysyna şu wagta çenli girizilen iň berk sanksiýalar barada halkara derejesinde ylalaşyk, Liwiýa interwensiýasy babatda-da goldaw gazandy. Ol Birma bilen diplomatik gatnaşyklary gurdy. Hanym Klinton Ýewropa bilen bolan gatnaşyklary täzeden güýçlendirdi. Aýal-gyzlaryň hukuklarynyň gaýduwsyz goldawçysy boldy.
Ýöne analizçiler Henri Kissinjeriňki ýa Jorg Marşalyňky ýaly onuň adyny göterýän gözilginç böwsüşleriň ýokdugyny-da aýdýarlar.
Waşingtonda daşary syýasat boýunça bilermenler Klintonyň goýup gidýän mirasyna gowy, ýöne adatdan daşary däl diýip baha berýärler.
Käbir garaýyşlar
"Sen bir taryhy şahsyýet bolmasaň, bu seniň öz işiňi gowy ýerine ýetirmändigiňi aňladanok. Munuň ýagdaýlara bagly bolmagy mümkin. Şahsyýetler kämahallar gowy deliller, kämahallar hem ýaramz deliller bilen taryhy bolýarlar. Klinton düýpli tapawutlanýan iş görkezdi, ýöne onuň başda Döwlet sekretary bolan döwründäkiden indi has tapawutly derejä ýetdik diýer ýaly bizde uly bir tutaryk hem ýok" diýip, Brookings institutynyň daşary syýasaty bölüminiň direktory Maýkel O'Honlon aýdýar.
O'Honlon Klintonyň ýatdan çykmajak goşantlarynyň Aziýada bolmagynyň mümkindigini belläp, onuň regional forumlarda Hytaýa garşy durandygyny, Birma bilen aragatnaşyk gurandygyny nygtaýar.
Analizçileriň pikiriçe, Klintonyň işlerine gutarnykly baha bererden entek ir. Mysal üçin, Eýran barada girizilen sanksiýalaryň ýadro meselesinde öňegidişlige getirjekdigi belli däl. Klintonyň gözegçiliginde Orsýet bilen gatnaşyklaryň täzelenmegi hem ilki dürli özara hyzmatdaşlyklara getirse-de, soňra ýatyşdy.
NATO bilen arap döwletleriniň arasyndaky Liwiýa ýaranlygy-da Klintonyň kömegi bilen guruldy. Ýöne munuň-da geljekde şular ýaly ýagdaýlarda görelde edinerlik nusga boljakdygy näbelli.
Hanym Klinton öz işine berilýän bahalaryň garyşykdygyny bilýär. 29-nji ýanwarda CNN telekanalyna beren ineterwýusynda özünden bu barada soralanda, Klinton şeýle diýdi: "Meniň pikirimçe, Birleşen Ştatlaryň bardygynyň gowy duýulmandygyny, abraýymyza nähili zyýan ýetendigini, biziň ýolbaşçylygymyzyň näderejede sorag astynda bolandygyny, ykdysady krizisiň halkyň hökümetimize, ykdysady sistemamyza we ýurdumyza bolan ynamyny näderejede gowşadandygyny ýatlamak üçin meniň wezipä başlan döwrüm bolan 2009-njy ýylyň ýanwaryny ýada salmak ýeterlik".
Ýöne Hanym Klinton özüniň bu söhbetdeşliginde birneme soňra: "Men bitiren işlerimize gaty buýsanýaryn" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.