Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikadaky bikanun immigrantlar


ABŞ-da bir adam hasyl ýygnaýar
ABŞ-da bir adam hasyl ýygnaýar
Özüni Toma diýip tanadan 50 ýaşlaryndaky bikanun immigrant ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda ýaşaýar. Onuň iňlis dilini bilşi gaty gowşak. Toma bäş ýyl mundan ozal turist wizasy bilen dogduk mekany Gürjüstanyň Kutaisi şäherinden gaýdypdyr. Ol şondan bäri yzyna hiç dolanmandyr.

"Bularyň hemme zady bar. Gürjüstandan tapawutlylykda bärde iş orunlary köp. Şonuň üçin men bu ýerde galmak kararyna geldim. Dokument işlerimi soňy bilen çözerin diýip pikir etdim" diýip, Toma gürrüň berýär.

Tomanyň aýtmagyna görä, Gündogar Ýewropadan gelen immigrantlar, wizasynyň möhleti geçensoňam, bu ýurtda galýarlar. Olar, umuman aýdylanda, gurluşykda işleýärler.

Ol bu işe zerurlyk bolany üçin girişendigini we bu mümkinçilik üçin hemişe minnetdardygyny aýdýar: "Meniň eklemeli maşgalam bar. Men bir zatlar etmeli. Men Amerikada bolamsoň, meniň maşgalam we garyndaşlarym aç däl. Men öýe pul iberip, köp adamlary halas etdim. Men olaryň töläp bilmejek operasiýalary üçin pul iberdim. Men bularyň ählisi üçin Amerika bergilidirin. Men öz ýurdumy söýýärin, emma bu ýurda hem hormat goýýaryn. Bu ýurt edil ikinji ejem ýaly".

Kanunçylyk

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ikilenji gezek häkimiýet başyna gelenden bir aý hem geçmänkä, Ak Tam we Kongress immigrantlar baradaky reformalary, esasan hem çekeleşigiň üns merkezi bolan bikanun ýaşaýjylar meselesini nähili çözmeli diýen soragy gün tertibinde birinji orunda goýdy.

Şeýlelikde Toma gowy habaryň geljegini duýýandygyny aýdýar. Diňe Tomanyň däl, eýsem ABŞ-daky 11 million töweregi bikanun immigrantlaryň hem ýakynda raýatlyk almak üçin ýüz tutmak hukugyna eýe bolmagy ähtimal.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Brookings institutynyň ABŞ-nyň immigrasiýa syýasaty boýunça eksperti Odri Siňer häzirki döwrüň immigrasiýa boýunça esasy kanunlary reformirlemek üçin 1980-nji ýyldan bäri wagtyň içinde iň ýerlikli pursatdygyny aýdýar.

Ol: "Ýyldyzlar bir hatara düzülýäne meňzeýär, bu biziň birnäçe ýylyň dowamynda gören iň gowy mümkinçiligimiz. Aýratyn hem bu baradaky çagyryşlar öň muňa garşy çykan adamlar we edaralar tarapyndan gelýär. Meselem, Respublikan partiýasynyň ýokary derejeli liderleri ABŞ-da hiç hili statusy bolmadyk adamlary kanunlaşdyrmak barada ilkinji gezek gürrüň edýärler. Biznes, zähmet, dini we syýasy liderleriň köpüsi immigrasiýa baradaky ýagdaýyň düzgünleşdirilmändigini we bu problemanyň ýetirjek zyýany barada alada bildirýärler. Meniň pikirimçe, bu gaty gowy pursat".

Latyn Amerikaly immigrantlar

ABŞ-daky bikanun ýaşaýjylaryň aglabasy Latyn Amerikaly immigrantlardan ybaratdyr. Pew barlaglar edarasynyň Latyn Amerikadan baran adamlaryň ýagdaýyny öwrenýän merkeziniň soňky statistiki maglumatlaryna laýyklykda, immigrantlaryň 60%-ne golaýy meksikalylardyr.

Şol bir wagtyň özünde-de Pew barlaglar merkeziniň demografiýa bölüminiň wekili Jeffreý Passel Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde ABŞ-da öňki sowet döwletlerinden 50 müňe golaý immigrantyň işleýändigini, şeýle hem bu sanyň soňky on ýylyň dowamynda onçakly üýtgemändigini aýtdy.

1986-njy ýylda Kongress Meksikadan gelýän immigrantlaryň sanyny azaltmak maksady bilen 3 milliona golaý bikanun immigranta kanuny statusy beripdi. Emma bu immigrantlaryň akymynyň gaýtam artmagyna sebäp boldy.

Her halda, bu gün köpçülikleýin deportasiýalaryň mümkin däldigini göz öňünde tutup, ABŞ-nyň kanun çykaryjylarynyň köpüsi bu meseläniň iň amatly çözgüdiniň raýatlyk almak isleýän adamlara ýol açmakdygyny nygtaýarlar.

Raýatlyk almak meselesi baradaky çekeleşikleriň geljek aýlarda hem dowam etmegi mümkin.

Şol bir wagtyň özünde-de Toma salgytlaryny töläp, raýat bolmak üçin ähli tapgyrlardan geçmäge taýyndygyny aýdýar. Ol bu mümkinçiligiň özüniň we tanaýan beýleki bikanun immigrantlarynyň kölegeden çykmagyna badalga boljakdygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG