Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda başatgyçly ýaş gyzlar köpelýär


Azerbaýjan, başörtüli zenan Bakuwda, 2011 ý.
Azerbaýjan, başörtüli zenan Bakuwda, 2011 ý.
Türkmenabatly 16 ýaşyndaky okuwçy gyz Nesibe 9-njy synpa gatnaýar. Nesibe onuň hakyky ady däl, şahsy howpsuzlyk ýagdaýy bilen bagly ol öz adynyň Nesibe diýlip tutulmagyny isleýär.

Bu türkmenabatly gyzy beýleki okuwçylardan tapawutlandyrýan zat onuň başatgyç atynmagydyr. Ýöne bu islegi soňky döwürlerde ony biynjalyk edýär, sebäbi mekdep müdiri we mugallymlary oňa mekdebe başatgyjyny atynyp gelmäge rugsat berenoklar.

Nesibe ilkinji gezek mekdebe geçen okuw ýylynyň başynda hyjaply barypdyr. Nesibäniň hyjaby, ýagny başatgyjy, onuň saçlaryny doly örtýär we ol türkmen zenanlarynyň atynýan adaty başatgyçlaryndan tapawut edýär.

Mugallymlar garşy çykýar

Onsoň, aradan kän wagt geçmänkä, okaýan mekdebiniň ýolbaşçylary Nesibäniň başatgyjyndan rahatsyzlanyp, ondan başatgyjyny aýyrmagyny talap edipdirler. Nesibe bu talaba garşy bolup aýak diränsoň, ilki mekdebe onuň ete-atasy, soňra-da polisiýa çagyrylypdyr.

Mesele ula ýazansoň, Nesibe mejbury ýagdaýda başatgyjyny aýyrmaly bolýar. Ol indi başatgyjyny diňe namaz okanda atynýandygyny aýdýar. Nesibäniň başdangeçirmeleri Türkmenistandaky musulman gyzlaryň diňe biriniň duçar bolan kynçylyklary.

Türkmenabadyň mekdepleriniň birinde iki-üç aý mundan ozal ýene-de bir gyz, 8-nji synpyň okuwçysy Şahzoda hem hyjabyny çykaryp, dar sport egin-eşigini geýmeli boljakdygy sebäpli beden-terbiýe sapaklaryna gatnaşmakdan ýüz öwrensoň, problema döräpdir.

Şondan soň, onuň agasy gelip mugallymlary bilen gürleşensoň, Şahzoda giňräk sport eşiklerini geýip sapaga gatnaşmaga rugsat beripdirler. Başatgyç meselesinde welin, Şahzoda mekdep administrasiyasynyň talabyna boýun bolmaly bolupdyr.

Nesibe we Şahzoda ýaly başatgyç atynýan zenanlar, şeýle-de olaryň bu meselede duçar bolýan kynçylyklaryna meňzeş kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan gyzlar bilen bagly wakalar indi türkmenabatlylar üçin täzelik däl.

Metjide gatnaýan gyz köpelýär

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir dindarlaryň aýtmagyna görä, jemgyýetde dini düşünjeleriň barha güýçlenmegine juma namazyna barýan ýaşlaryň, şol sanda gyzlaryň sanyndan hem göz ýetirmek mümkin.

Ýerli metjitleriň birinde ymam bolup işleýän we özüni Baýmyrat diýip tanadan bir dindaryň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, “Zenanlaryň metjitlere ýykgyn edip başlandygy sebäpli, häzirki döwürde Türkmenabadyň metjitleri, umuman aýdylanda, ikä bölünen. Onuň bir bölegi erkeklere, beýleki bölegi bolsa zenanlara niýetlenen”.

Ymam metjide gatnaýan zenanlaryň arasynda ýaş gyzlaryň sanynyň hem az däldigini we olaryň gün saýyn köpelýändigini aýdýar. Nesibäniň aýtmagyna görä, mekdebinde problema dörän hem bolsa, başatgyçly gyzlaryň metjitlere gatnamagyna indi adamlaryň gözi öwrenişip barýar.

Emma bu ýagdaýa garşy çykýanlar hem ýok däl. Oňa, esasanam, Nesibäniň mekdebindäki mugallymlaryň özlerini alyp baryşlary bilen bir hatarda, iş ýerlerine musulman başatgyjyny atynyp barmak isleýän zenanlara edilýän basyşlardan hem göz ýetirmek mümkin.

"Sen wahabistmi?"

Nesibäniň aýtmagyna görä, haçan-da onuň başatgyjy bilen bagly meselede mekdebe polisýa işgärleri çagyrylanda, olar ony bäş sagatlap sorag edipdirler. Şol sorag-jogabyň çäginde Nesibä "sen wahabistmi, bu zatlary nireden öwrenýäň?" diýen ýaly birgiden sorag berip, basyş etmäge synanyşypdyrlar.

Umuman aýdylanda, ýurtda başatgyç atynmak gadagan däl. Baş Kanunuň 12-ji maddasy adamlara islän dinini saýlamaga we öz saýlan dinine degişli däpleri berjäý etmäge hukuk berýär. Emma, muňa garamazdan, dindarlara garşy basyşlar we, iň bärkisi Türkmenabat barada aýdylanda, şol basyşlara garamazdan Nesibedir Şahnzoda ýaly başatgyç atynýan gyzlaryň sany barha artyp barýar.
XS
SM
MD
LG