Bostonda bolan marafon partlamalarynda günäkär diýlip güman edilýän Johar Sarnaýewe jenaýat iş edenlikde, şol sanda köpçülikleýin weýrançylykly ýarag ulananlykda resmi taýdan günä bildirildi.
Günäli tapylan halatynda oňa ömürlik türme tussaglygy ýa ölüm jezasy berilmegi mümkin.
Döwlet işgärleri bildirilýän günäleri duşenbe güni Bostonyň bir keselhanasynda okap, jemgyýetçilige ýetirdiler.
Iki amerikan resmisiniň bu ýaş ýigitden edilen deslapky soraglardan çen tutup aýtmagyna görä, iki doganyň hereketine dini ekstremizmiň sebäp bolan bolmagy mümkin. Ýöne olaryň yslamçy terroristik guramalar bilen ilteşigi ýok.
Asly Çeçenistanly Johar bilen onuň özünden uly dogany Tamerlan öten hepde iki sany bombaly hüjümi amala aşyranlykda aýyplanýar. Bu hüjümde 3 adam ölüp, 200-den agdyk adam ýaralandy.
"Duşman söweşijisi"
Johar anna güni ele salyndy. Tamerlan hem polisiýa bilen bolan çaknyşykda öldürildi.
Waşingtonda Ak Tamyň sözçüsi Jaý Karneýiň aýtmagyna görä, Joharyň sud işine graždan sudunda garalar: "Oňa bir duşman söweşijisi hökmünde garalmaz. Biz bu terroristiň işini raýat adalat sistemasynyň çäklerinde kanuny derňäris. Birleşen Ştatlaryň kanuny boýunça amerikan raýatyna harby sudda sud edip bolanok. (2001-nji ýylyň) 11-nji sentýabr hüjümlerinden bäri biz ýyl kesip, ýüzlerçe terroristi türmä salmakda federal sud sistemasyndan peýdalandyk. Bu möhüm, muny ýatdan çykarmaly däl".
Respublikan partiýasyndan bolan kanun çykaryjylaryň käbirleri Sarnaýewiň duşman söweşijisi diýip yglan edilmegine çagyrypdylar. Analitikler güman edilýänden sorag edilende, bu işiň soragçylara köpräk erkinlik berýändigini belleýärler.
Bir hepde mundan ozal bolan bomba partlamalaryny bellemek üçin duşenbe güni Bostonda bir minut dymyşlyk geçirildi. Bu dymyşlygy prezident Obama hem Waşingtonda ýerine ýetirdi.
Duşenbe güni ir bilen ýüzlerçe adam heläklenenleriň biri bolan 29 ýaşly Kristl Kambelliň jaýlanyş çaresine gatnaşdylar.
Rus respublikasy Dagystanda güman edilýänleriň ejesi polisiýa bilen bolan atyşykda ölmezden öň uly ogly Tamerlan bilen telefonda gürleşendigini aýtdy. Zubeýdat Sernaýewanyň Amerikanyň "ABC NEWS" telekanalyna aýtmagyna görä, Tamerlan oňa jaň edip: "Polisiýa, olar bize ok atmaga başladylar. Bizi kowalaýarlar" diýipdir.
Tamerlan şeýle hem ejesine özüniň inisi bilen biledigini, ejesini gowy görýändigini aýdypdyr. Şondan soň telefon kesilipdir.
Güman edilýänleriň ene-atasy ogullarynyň bigünädigini nygtap, olaryň polisiýa tarapyndan gurnalan aýyplamanyň pidasy bolandyklaryny aýdýarlar.

Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!