Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klara: “Prezidentiň atdan ýykylanyny gördüm”


Prezident Berdimuhamedowyň atdan gaçan pursady. Adamlar kömege barýar.
Prezident Berdimuhamedowyň atdan gaçan pursady. Adamlar kömege barýar.
Apreliň soňky bazar güni, ýagny 28-nji aprelde Türkmenistanda ata bagyşlanyp, ”Bedew baýramy” bellenilip geçildi. Baýramçylyk dabarasynyň açylyşynda at çapyşyk geçirilip oňa Türkmenistanyň prezidenti hem gatnaşdy.

Käbir habar serişdeleriniň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow şol ýaryşda birinji orny eýeläp, 11 million dollarlyk baýraga mynasyp bolupdyr. Käbir beýleki çeşmeler bolsa prezidentiň at çapyşykda atdan ýykylandygyny habar berýärler.

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, şol at çapyşygyna ippodromda oturyp tomaşa eden düýbi Lýuksemburgda ýerleşýän “Ahalteke atlary assosiýasiýasynyň” prezidenti Klara de Wos wan Steenwijk bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Klara, siziň edil şu wagt Aşgabatdan gelip durşuňyz, ”Bedew baýramy” bilen bagly Aşgabatda bolan ýaryşa hem tomaşa etdiňiz. Käbir habar çeşmeleri şol at çapyşygyň dowamynda türkmen prezidentiniň atdan ýykylandygyny habar berýärler. Bu, hakykatdanam, şeýlemi?

Klara: Hawa, bu, hakykatdanam, şeýle boldy. Alsynda onuň aty büdredi. Prezident pellehanadan geçenden soň, märekä seredip ýylgyrdy we 20 metr geçmänkä-de, onuň aty aýlawyň, göräýmäge, ýumşak ýerinde büdräp, dyzyna çökdi. Şeýlelikde ýokary tizlikde barýan prezident çägä [ýüzin] ýykyldy.

Oňa derrew kömek edildi. Bu wakadan takmynan ýarym sagat geçenden soň ol milli türkmen eşiklerinde köpçüligiň öňüne çykyp, adamlara el bulaýlady.
Şol günüň özünde-de agşamlyk yzyna gelip, prezident çapyksuwarlara we at eýelerine baýraklary gowşurdy.

Wideo: Prezident Berdimuhamedow atdan ýykylýar



Azatlyk Radiosy: Diýmek, prezidente uly zyýan ýetmedi, şeýlemi?

Klara: Elbetde, oňa zeper ýetdi. Beýle tizlikde ýykylanda, öýkende howa galmaýar we demiňi dürsemek üçin biraz arkaňda ýatmaly bolarsyň. Şol bir wagtyň özünde-de bu waka tomaşaçylary serpmeden gaýdan ýaly etdi.

Müňlerçe adamyň bolmagyna garamazdan, ol ýerde dörän ümsümlikde, şol wagt eger iňňe ýere gaçsa-da, sesi eşidiljekdi. Bu waka prezidentiň örän batyrdygyny hem görkezdi. Örän elhenç ýykylmasyna garamazdan, ol, elini ýokary galdyryp, adamlara “Hemme zat düzüw, alada etmäň” diýdi.

Agşam, baýraklary gowşurmazdan ozal, ol iki sagada golaý dynç alypdyr. Ýene bir belläp geçmeli zat, prezident bu çapyşyk üçin ýörite taýýarlyk hem görüpdir. Bu bir at üstündäki ýönekeý gezim bolman, örän gaty tizlikdäki çapyşykdy. Prezidentiň münen aty hem Türkmenistandaky çapyşyk atlarynyň iň ýokary derejelisidi.

Şonuň üçin prezident aýratyn wagt sarp edip, taýýarlyk görüpdir. Elbetde, ol atda öň hem çapypdy, hatda ol ýygy-ýygydan dürli atlarda çapýar. Emma beýle çapyşyklara gatnaşmaklyk, elbetde, başgaça tejribäni talap edýär. Atyň büdräp ýykylmagy tötänlikden bolan adaty wakady.

Azatlyk Radiosy: Türkmen prezidentiniň şol at çapyşygyň ýeňijisi bolandygy yglan edilip, oňa 11 million dollar baýrak gowşuryldy. Siz bu barada näme pikirde?

Klara: Meniň pikirimçe, bu adaty baýrak däldi. Ol aýratyn bir sylagdy. Men şol ýaryşlara özüm hem tomaşaçy hökmünde gatnaşdym. Ýaryşa gatnaşan çapyksuwarlar hem professional adamlar däldi. Olaryň geýnen eşikleri hem professional çapyksuwarlaryň eşikleri däldi, eşiklerem adatydy.

Bu hakyky ýaryş bolman, onuň türkmen milli at çapyşygydygy başdan bellidi. Atlaryň tizligi hem professional at çapyşyklaryndaky ýaly däldi.

Ondan başga-da bu at çapyşyklar geçirilmeli güni däl-de, dabaranyň açylyş güni geçirildi. Şonuň üçin berlen baýragy adaty ýaryşlarda berilýän baýraklar bilen deňeşdirmek mümkin däl.

Habarlarda bu barada gürrüň edilip-edilmändigini bilemok, emma prezident şol wagtyň özünde berlen baýragy dünýä boýunça ahalteke atlaryny ýetişdirmek we türgenleşdirmek üçin degişli resmilere tabşyrdy. Onuň bu baýragy özünde galdyrmandygy belli zat.

XS
SM
MD
LG