Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Efirde "Ýoluňyz ak bolsun!"


Aşgabadyň köçeleriniň biri
Aşgabadyň köçeleriniň biri
Geçen hepde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň polisiýanyň ýol-gözegçiligi gullugynyň ilata paýtagtyň köçeleriniň ýagdaýy barada maglumat berýän “Ýoluňyz ak bolsun!” atly ýörite gepleşigi efire goýberilip başlandy.

1-nji maýda çap edilen merkezi gazetlerde aýdylşy ýaly, bu gepleşik türkmen telewideniýesiniň “Aşgabat” telekanalynda we “Owaz” radiosynda sagat 7.15-den 17.15-e çenli her gün her iki sagatdan efire gider.

Resmi maglumatlardan çen tutulsa, bu gepleşikde paýtagtyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna haýsy köçelerde dykyn emele gelendigi we haýsy ugurlar boýunça hereket edilende amatly boljakdygy baradaky maglumatlar berilmeli.

Aşgabadyň köçeleriniň biri
Aşgabadyň köçeleriniň biri
Planlaşdyrylýan bu gepleşikler eýýäm efire berlip başlandy, onuň ilkinji sanlarynda, esasan, ýol hereketi barada däl-de, awtoulaglaryň arassa saklanmagynyň ähmiýeti, daşky keşbi ýaly meselelere degilýär. Bu ýagdaýa anna güni efire giden gepleşikde has takyk göz ýetirmek mümkin.

Aşgabatly sürüji 42 ýaşly Annaguly, gepleşikden beýle maglumata garaşmandygyny, ýöne her halda ýol hereketri barada maglumat berilmeginiň umuman öwgä mynasypdygyny aýtdy.

Ol ýol hereketi barada daşary ýurtlarda berilýän maglumatlardan mysal getirip, bu maglumatlaryň wagtynda berlip durulmagynyň sürüjileriň has hüşgär bolmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Dünýä metropollary bilen deňeşdirilende Aşgabat o diýen uly şäher däl. Emma soňky döwürlerde, esasanam, işe gidilýan we işden çykylýan sagatlarda Aşgabadyň merkezi köçelerinde dykynyň emele gelmegi adaty ýagdaýa öwrülip barýar.

Şeýle dykynyň emele gelmegine prezidentiň ulag kerweniniň protokol köçesinden iki gezek geçmegi we şol wagt protokol we onuň töweregindäki köçeleriň ýapylmagynyň hem dahyly bar.

Şol bir wagtyň özünde türkmen teleradiosynda efire berlip başlanan “Ýoluňyz ak bolsun!” gepleşiginiň sagat 17.15-de tamamlanmagy bu gepleşikde paýtagtyň köçelerinde agşam sagat 18.00 töweregi emele gelýän awtoulag dykynlary barada maglumatlaryň berilmejekdigini hem aňladýar.

Aşgabadyň köçeleriniň biri
Aşgabadyň köçeleriniň biri
Adynyň agzalmagyny islemedik beýleki bir aşgabatly sürüji, hususy taksiniň eýesi bu barada şeýle diýýär: “Paýtagtyň merkezi köçelerinde esasan agşam awtoulag dykynlary emele gelýär. Bu dykynlaryň emele gelmeginiň sebäbi-de ýurt baştutanynyň awtoulag kerweni bilen bagly. Şonuň üçin hem ýol hereketi baradaky bu gepleşikde bu dykynlar barada maglumat berilmejege meňzeýär”.

Gepleşikleriň 6-njy maýda sagat 11.15-däki sanynda awtoulaglaryň dykynlaryň döremegine, esasan, sürüjileriň özleriniň sebäp bolýandygy aýdyldy.

Bu gepleşikde ýol hereketi bilen bagly ýiti problemalara, şol sanda ýol hadysalary hakda hem maglumat beriljegi-berilmejegi häzirlikçe belli däl.

Aşgabatly sürüji 38-ýaşly Mergen, häzirlikçe efire giden sanlaryndan çen tutup, bu gepleşikleriň mazmunynyň beýleki adaty gepleşiklerden tapawutly däldigini, olarda köçelerdäki ýagdaýlaryň diňe gülala-güllük edilip görkezilýändigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
XS
SM
MD
LG