Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atlyhan: "Aýalymy Türkmenistandan çykaranoklar"


Kellesini tutup duran bir adam.
Türkiýäniň raýaty Zafer Atlyhan türkmen aýalynyň indi 11 aýdan bäri Türkmenistandan çykarylmaýandygyny aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, aýalynyň ýurtdan çykarylmazlygynyň esasy sebäbi - onuň daşary ýurtla durmuşa çykmagy bilen bagly.

Alihan soňky döwürde bu ugurdan başdan geçiren wakalaryny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Aýalyňyzy iň soňky sapar haçan gördüňiz?

Zafer: Meniň aýalymyň geçen ýyl ejesini we kakasyny görmek üçin Türkmenistana gidesi geldi. Men hem gitmegine rugsat berdim. Aýalym bilen toý edenimize üç ýyl boldy.

Azatlyk Radiosy: Aýalyňyzyň pasport durumy nähilidi?

Zafer: Aýalym ikimiz biri-birimizi takmynan alty ýyl bäri tanaýarys we dört ýyl öň hem resmi taýdan durmuş gurduk. Türkiýäniň raýatlygyny almak üçin arza tabşyrmandygy sebäpli, Türkmenistanyň pasportyny ulanýardy.

Türkmensitana baranda-da, türkmen resmileri aýalyma pasportyny çalyşmaly diýipdirler. Aýalymam maňa pasportymy çalyşmaly diýdi. Menem oňa sen Türkiýede ýaşajak bolsaň, pasportyňy çalyşmak nämä gerek diýdim. Ýöne çalyşmaly diýleni sebäpli aýalymam pasportyny çalyşmaly boldy. Bu işiň täsin tarapy hem şu taýda başlanýar.

Türkmen resmileri meniň aýalymyň ady Djennet wagty, onuň “d” harpyny aýryp, Jennet edýärler. Şeýle-de, aýalymyň familiýasy hem türkmendi, onuň türkmen familiýasyny üýtgedip, oňa meniň familiýamy berýärler. Şeýlelikde-de meniň aýalymyň ýoluny petikleýärler.

Azatlyk Radiosy: Türkmen resmileri aýalyňyza pasport almaly diýipdirler, aýalyňyz hem alypdyr. Häzirki wagtda aýalyňyzy goýbermeýändikleriniň sebäbi näme?

Zafer: Meniň aýalym Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine arza ýazdy. Hatda onuň bu arzany ýazmagyny Türkiýäniň Aşgbatdaky ilçihanasy maslahat berdi. Meniň aýalym özüniň näme üçin ýurtdan çykmagyna rugsat berilmeýändigi barada arza ýazdy. Arzalara, adatça, 15 günde jogap berilýär. Ýöne meniň aýalyma 45 günde jogap berildi. Onuň arzasyna berlen jogapda-da “netijä gelinmedi”, ýekeje söz bilen “netijä gelinmedi” diýip ýazypdyrlar.

Azatlyk Radiosy: Siz näme hakda netijä gelip bilmeýändiklerini öwrenmäge synanyşdyňyzmy? Ýagny, türkmen ýolbaşçylary näme netijä gelip bilenoklar?

Zafer: Elbetde, biz munuň anygyna ýetmäge synanyşdyk. Meniň aýalym gaýtadan ýene ministrlige gitdi. Hatda ministriň özi bilen duşuşdy. Aýalym diýýär, men aglap, düşündirmäge synanyşdym, çagam bar diýdim diýýär. Türkiýede okar diýip, çagamyzy Türkmenistandaky mekdebinden hem çykardyk. Şol sebäpden çagamyz hem bir ýyl bäri okuwa-da gidip bilenok.

Meniň aýalym bu zatlaryň baryny, aglap, ministre gürrüň berýär. Ministr hem näme diýjegini bilmeýär we ”bolýa biz bu meseläni çözeris” diýýär. Biziň soňky ýagdaýymyz şeýleräk. Türkmen resmileri “netijä gelinmedi” diýýärler, men düşünemok olar nämäniň netijesine gelip bilenoklar. Meniň aýalymyň deporty ýok, günäsi ýok, ol arassa bir zenan maşgala.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandan çykmaga rugsat berilmezligi üçin bir sebäp barmy? Ýagny, türkmen häkimiýetleri näme diýýärler?

Zafer: Ýok, sebäbem ýok. Meniň aýalym islän ýurduna wiza alyp bilýär. Ýöne gümrüge baran wagty ony yzyna ugradýarlar. Meniň aýalym ilki Eýrana wiza aldy, soňra-da Russiýa wiza aldy. Işiň täsin tarapy hem şu ýerde, oňa islän ýurduna wiza berýärler. Ýöne gümrükden geçmäge rugsat berenoklar.

Azatlyk Radiosy: Aýalyňyzyň Türkmenistandan çykmagyna rugsat berilmezliginiň sebäbini siz nämede görýärsiňiz? Siziň pikiriňizçe, bu onuň adynyň we familiýasynyň çalşyrylmagy bilen baglymy?

Zafer: Hakykatda aýalym familiýasyny çalyşmady, ol öz türkmen familiýasyny ulanýardy. Aýalym pasportyny almaga gidende, şol ýerdäki resmiler ondan “sen näme üçin daşary ýurtla durmuşa çykdyň?” diýip sorapdyr. Aýalym hem “Halaşdym, şonuň üçin daşary ýurtla durmuşa çykdym” diýipdir.

Soň pasport berýän edaradaky resmi hem “Türkmenistanda toý eder ýaly erkek ýokmudy?” diýip sorapdyr. Aýalym hem “Meniň adamymam türkmen, ol türk bolsa-da onuň asly türkmen, biz halaşdyk. Şonuň üçin hem durmuş gurduk” diýipdir.

Şondan soň aýalymyň ýoly ýapylyp başlanýar. Şonda aýalymyň familiýasyny çalşyp, meniň familiýamy berýärler. Şondan soň hem aýalym demir zynjyra baglanýar.

Meniň ýene bir zat aýdasym gelýär. Men häzir, islesem, aýalymy arkaýyn Türkmenistandan alyp gaçyp bilýärin. Owganystandan köp adamlar bikanun ýollar arkaly aňsatlyk bilen Türkiýä gelip, Ýewropa gaçýarlar. Biz hem şu zatlary edip bilýäris, ýöne biz ony edesimiz gelenok. Sebäbi şu wagta çenli kanundan çykýan iş etmedik. Mundan beýläk-de edesimiz gelenok.

Hemme zadyň kanuna laýyk bolmasyny isleýäris. Ýöne, muňa garamazdan, Türkmenistanyň häkimiýeti aýalymy ugratmajak bolup, elinden gelenini edýär. Türkmen ýolbaşçylarynyň hem wyždany bardyr. Olar hem wyždanly hereket ederler diýip umyt edýärin. Sebäbi şo taýda [pasport berilýän edarada] işläp ýörenleriň hem aýaly, çagalary, maşgalalary bardyr. Olar ynsaply hereket ederler diýip umyt edýärin. Sebäbi dünýäde ylahy adalat bar.

Azatlyk Radiosy: Siz özüňiz Türmenistana gidip, çagalaryňyzy görüp bilýäňizmi?

Zafer: Men Türkmenistana gidip, olary görmegi köp isledim. Bir firma arkaly gitmäge synanyşdym. Sebäbi adaty görnüşde gitmäge rugsat hem-de wiza bermezler diýdiler.

Men soňra firmanyň ýolbaşçylary bilen gürleşdim. Olar hem maňa Türkmenistanyň wizasyny almak hem-de ol ýere gitmek üçin inžener bolmalydygyny aýtdylar. Olar maňa siz inžener bolmasaňyz, sizi işe alyp biljek däl diýdiler.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistana adaty turist hökmünde gidip bileňizokmy?

Zafer: Men Türkmenistanyň wizasyny almak üçin ençeme gezek dokumentlerimi tabşyrmaga synanyşdym. Ýöne hemme kişi dokumentleriňizi tabşyrmaň, barybir soňunda wiza bermeýärler diýensoňlar, türkmen wizasyny almak üçin ýüz tutmadym. Sebäbi ýüz tutup, ”ýok” diýen jogaby alasym gelmedi.

Biz hemişe aýalym “şu gün geler, ertir geler” diýip garaşdyk. Men hem Türkiýäniň häkimiýetleri bilen yzygiderli ýazyşdym. Olaryň “bolar” diýeni we aýalymyň hem ministrlige arza ýazany üçin, biz hemişe “oňyn jogap alarys” diýip garaşdyk.

Başgalaryň tabşyran arzalaryna 15 günde jogap berilse, biziňkä 45 günde jogap çykdy. Ýagny, biz hemişe oňyn jogaba garaşdyk. Şeýdibem şu günlere geldik.
XS
SM
MD
LG