Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maşgala lukmanlary ýetenok


Tiz kömek
Tiz kömek
Ýurduň paýtagty Aşgabat şäheriniň 1-nji saglyk öýünde maşgala lukmanlary ýetmezçilik edýär. Bu ýagdaýyň eýýäm birnäçe wagt bäri dowam edýändigine garamazdan, agzalan problema häli-häzire çenli-de çözülenok.

Bu saglyk öýüniň şepagat uýasy Marina agzalýan saglyk öýüne degişli uçastoklaryň käbirleriniň ýaşaýjylaryna beýleki bölümleriň maşgala lukmanlarynyň hyzmat etmeli bolýandygyny gürrüň berýär.

“Meniň uçastogymda maşgala lukmany bolmansoň, özüm näsaglaryň öýlerine barmaly bolýaryn. Ýa-da beýleki maşgala lukmanlaryndan haýyş etmeli bolýaryn” diýip, Marina gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, onuň uçastogy iki sany dokuz gatly we iki sany bäş gatly ýaşaýyş jaýyndan ybarat. Onuň uçastogynda 1000-den gowrak adam ýaşaýar.
“Şolaryň ählisiniň hem saglygyna men gözegçilik etmeli. Ýogsam, men şepagat uýasy hökmünde bu işi etmeli hem däl” diýip, Marina aýdýar.

Maşgala lukmany wezipesine isleg az

Göräýmägä, maşgala lukmanynyň alýan aýlygy ýurtda ýokary aýlyklaryň biri. Marinanyň aýtmagyna görä, maşgala lukmanlarynyň aýlygy 1000 manatdan geçýär. Ýöne maşgala lukmany bolup işlemäge isleg bildirýän az. “Sebäbi jogapkärçilik hem-de iş köp. Her kim bu işiň hötdesinden hem gelip bilmeýär” diýip, Marina gürrüň berýär.

Saglyk öýünde maşgala lukmanynyň ýetmezçiligi näsaglar üçin ençeme kynçylyklary döredýär. Näsaglar maşgala lukmanynyň öýlerine gelerine birnäçe sagatlap garaşmaly bolýarlar. Saglyk öýüne baryp medisina kömegini aljak bolýanlar hem nobata garaşmaly bolýarlar.

Saglyk öýlerinde diňe bir maşgala lukmanlaryň däl, eýsem beýleki lukmançylyk hünärli spesialistleriň hem ýetmezçiligi duýulýar. Mysal üçin, Aşgabadyň 5-nji saglyk öýüniň lukmany Şaguly bu saglyk öýünde kardiolog, endokrinolog lukmanlarynyň ýokdugyny aýdýar.

Şaguly paýtagtyň medisina edaralarynda lukmanlaryň ýetmezçiligini ýurduň medisina okuw jaýlaryndan goýberilýän lukmanlaryň sanynyň azlygy bilen düşündirýär.

200-den gowrak lukman

Onuň aýtmagyna görä, sowet döwründe her ýylda 1000-e golaý lukman ýokary okuw jaýyndan goýberilýän bolsa, häzir ýurduň lukmançylyk uniwersiteti her ýylda 200-den gowrak lukman taýynlaýar.

“Şu ýyl Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetini 276 sany ýaş lukman tamamlady. Olar bolsa hemme medisina edaralaryna ýetenok” diýip, Şaguly Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Munuň üstesine-de, ýaş lukman kadrlaryň professional taýýarlyk derejeleriniň hem pesdigini lukmanlaryň özleri hem tassyklaýarlar.

“Ýurduň häzirki lukmançylyk ulgamy sowet ýa-da Garaşsyzlygyň irki döwürlerinde taýýarlanan kadrlaryň egninde saklanýar diýsem ýalňyşmaryn. Şondan soňky lukmançylyk uniwersitetinden goýberilýän lukmanlaryň professionalizmi örän pes” diýip, Şaguly Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ýaşy uly lukmanlar

Ýeri gelende aýtsak, näsaglaryň özleri hem köplenç halatda ýaşy uly lukmanlara ýüz tutanlaryny gowy görýärler. Sowet döwrüniň lukmançylyk diplomlaryny alanlara ýüz tutmaga isleg uly. Emma olaryň hem sanynyň azalýandygy aýdylýar.

“Käbirleri aradan çykdylar. Käbirlerini bolsa, lukman ýetmezçiligine garamazdan, pensiýa çykarýarlar” diýip, Marina bu hakda gürrüň berýär.

Ýurduň lukmançylyk ulgamynda lukmanlaryň ýetmezçiligi, olaryň professional derejeleriniň pesligi ýurduň ilatynyň maliýe taýdan mümkinçiligi bolan gatlagyna daşary ýurtlara “lukman gözleginde” syýahata çykmaga mejbur edýär.

Döwlet tarapyndan bu “syýahatlaryň” öňüni almak üçin çäreleriň görülýändigine garamazdan, dürli ýollar we usullar bilen Eýran, Türkiýe, Orsýet ýaly ýurtlarda saglygyny bejerdip gelýän ildeşlerimiz az däl.
XS
SM
MD
LG