Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Papa Fransis Krismas ybadatyny geçirdi


Rim katolik papasy Fransis, Watikan, 25-nji dekabr, 2013.
Rim katolik papasy Fransis, Watikan, 25-nji dekabr, 2013.
Rim katolik papasy Fransis Watikanda özüniň bu wezipedäki ilkinji Krismas ybadatyny geçiriýär.

77 ýaşly asly Argentinaly papa öz baýramçylyk çykyşynda Ysa pygamberiň dogulmagyny dabaralandyrmakda çopanlaryň rolunyň ähmiýetli bolandygyny belläp geçdi.

Papa Fransis katolikleri öz ýüreklerini açmaga we birek-biregi doganlarça gowy görmäge çagyrdy.

Papa öz çykyşynda adamlaryň Hudaýa ýüzlenip, eden günäleri üçin toba etmekden çekinmeli däldigini, her kimiň Hudaýyň söýgüsinden paýyny almalydygyny aýtdy.

Dinçileriň goldawy

Bu baýramçylyk ybadatynyň öňüsyrasynda dinçiler mukaddes Peter ybadathanasynyň öňündäki meýdançada jemlendiler. Dindarlaryň köpüsi papa Fransisiň soňky ýylyň dowamyndaky dini ýörelgesine goldaw bildirdiler.

Argentinaly Dolores Di Benedetto şeýle diýýär: “Täze papa Fransisden göwnümiz hoş. Biz ony Buenos Aýresden tanaýarys. Onuň gelmegi bilen katolik buthanasynda täze döwür başlandy. Buthana [indi] garyp adamlara has köp üns berýär, ol has ýönekeý we has janly häsiýetde dünýäde her bir adamyň aladasyny edýär”.

Italiýaly Sabello Giaççino papany öz gözi bilen görmek üçin baýramçylyk ybadatyna ýörite barandygyny gürrüň berdi.

Baýramçylyk ybadaty

Çarşenbe güni Fransis Watikana we tutuş dünýä niýetlenen "Urbi et Orbi" çykyşy bilen köpçülige ýüzlenýär.

Şol bir wagtyň özünde-de, katolik Krismas dabarasy mynasybetli dünýäniň dürli künjeklerinde dini ybadatlar geçirilýärkä Fransiýanyň Alp daglaryndaky bir kiçijik buthanada edil ybadat geçip durka jaýyň üçegi çöküp, ruhanynyň depesinden inipdir. Bu wakada diňe ruhany ýaralanypdyr.
XS
SM
MD
LG