Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şyhmyradow: "Berdimuhamedow olardan gorkýar"


Baýram Şyhmyradow, Wena, 14-nji fewral, 2014.
Baýram Şyhmyradow, Wena, 14-nji fewral, 2014.
20-nji fewralda ABŞ-nyň Helsinki Komissiýasy Türkmenistanda adam hukuklary boýunça brifing geçirip, “Türkmen türmelerinde ýitirim bolanlar: Olar dirimi?” diýen sorag esasynda diňlenişik gecirdi.

Azatlyk Radiosy bu diňlenişige gatnaşmaly aktiwistleriň biri, Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň ogly Baýram Şyhmyradow bilen Wenada duşuşyp, onuň kakasynyň we beýleki tussaglaryň ykbaly barada söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Siz “Olary diri görkez” kampaniýasyny birnäçe aý mundan öň, Warşawa duşuşygynda başlapdyňyz. Indi bolsa Wenada bu kampaniýanyň ikinji tapgyr ýygnanyşygyny geçirdiňiz. Siziň üçünji tapgyr ýygnanyşygyňyz Waşingtonda bolýar. Siziň öňe süren talabyňyzyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilişi nähili? Ýagny bu çäreleriň ýygjamlygy size näme görkezdi?

Baýram Şyhmyradow: Bu örän çylşyrymly mesele, sebäbi Türkmenistandaky syýasy tussaglar meselesiniň ýagdaýy, ýagny şu syýasy tussaglar we tutuş ýagdaý meniň özüm üçin belli bir zat, ol ýerde bolup geçýän zat jenaýat. Emma syýasatçylar, diplomatlar öz aýdýan sözlerinde maňa garanda has seresap bolmaly bolýarlar.

Hususan-da olar bir mümkinçilik bolup, türkmen resmileriniň käbiri bilen gürleşip bilen ýagdaýlarynda, olara diktatura, zulum-sütem, syýasy tussaglar, adamlaryň ýitirim bolmagy barada göni aýdyp, hüjüm edip bilmeýärler. Olar bu zatlar barada örän seresap bolmaly. Olar muny “hemişe gepleşikler üçin gapyny açyk galdyrmak” diýip atlandyrýarlar.

Olar, eger-de biz Türkmenistanyň hökümetine hüjüm etsek, onda Türkmenistanyň hökümeti hyzmatdaşlygy keser we biz ol ýa-da beýleki bir zat barada maslahat etmegiň şu bolanja kiçijik mümkinçiligini hem ýitireris diýýärler. Şu sebäpden biziň bu kampaniýamyzyň örän görenetin we ýönekeý nyşanasy bar: biz adamlaryň ömri hakynda gürrüň edýäris. Bu syýasy mesele däl we dolulygyna ynsanperwerçilik işi bolup durýar.

Edil häzirki pursatda biz munuň adalatly sud bolandygy ýa bolmandygy hakynda hiç bir söz aýtmaýarys, bu adamlaryň günäkärdigi ýa-da bigünädigi hakynda hem kazylyk etmeýäris.

Elbetde, bu maňa örän kyn, sebäbi bu meniň üçin şahsy mesele, emma biziň kampaniýamyz ol ýerde kast ediş synanyşygy boldumy ýa bolmadymy diýen meseläni hem goýmaýar. Biz diňe bir zady aýdýarys: eger kim-de bolsa biri türmä basylan bolsa, bu-da kanun bolsa, Türkmenistandaky kanun şeýle diýýän bolsa, olar bu kanun diýip aýak depýän bolsa, goý, şeýle bolsun.

Ol ýerde Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde şol wagt ömürlik tussaglyk barada madda ýokdy, soň olar ömürlik tussaglygy yglan etdiler, bolýar, bu olaryň ýurdy, goý, olar şony etsinler diýeli.
Boris Şyhmyradow, 26-njy iýun, 1997.
Boris Şyhmyradow, 26-njy iýun, 1997.

Emma ol adamlaryň düýpden hiç kime görkezilmän saklanmagy näme? Adamlar, dogan-garyndaşlary öz doganlary, kakalary, ogullary, çagalary hakynda hiç zat bilmeýär, bizde hiç bir dokument ýok. Şu sebäpden hem biziň hiç bir kanun kömegini soramak mümkinçiligimiz ýok. Biz hiç bir zat bilmeýäris. Ýöne biz diňe myş-myşlary eşidýäris.

Ýagny käbir adamlar maňa kakamyň bireýýäm ölendigini aýtdylar, käbir adamlar meniň kakamyň azatdygyny we Türkiýede ýaşaýandygyny aýtdylar, biri maňa kakamyň azatdygyny we Fransiýada ýaşaýandygyny aýtdy diýen ýaly gürrüňleri eşidýäris. Soň ýene biri maňa birini tanaýandygyny, onuň meniň kakamy Owadandepede bir ýerde eli bilen jaýlandygyny aýtdy. Bularyň hemmesi ýalňyş maglumat...

Azatlyk Radiosy: Onda siziňçe dogry maglumat näme?

Baýram Şyhmyradow: Men bilemok. Mende ynamdar maglumatyň bir bölejigi hem ýok. Biziň aýdýan, gürrüňini edýän zadymyz hem şu: bolýar, sen olary türmede sakla, emma soragyň yzy bar, ilkinji nobatda olaryň diridigini subut et. Sebäbi, her näme-de bolan bolsa, adamy türmede öldürmek düýpden kabul ederlik zat däl. Eger-de kimdir biri şeýle zat edýän bolsa, bu adamlar, bu hökümet, bu hili resmiler bu iş üçin jogapkär bolmaly.

Biziň aýdýan zadymyz şu, bu soragda hiç hili syýasat ýok, bu ýerde diňe adam hukuklary we ynsanperwerlik meseýelesi bar. Şu sebäpden hem biziň egindeş bolan partnýorlarymyzyň, kärdeşlerimiziň, delegasiýalarymyzyň, wekillerimiziň we resmilerimiziň ählisi biz bilen doly razylaşýar we bize doly düşünýär. Biziň etmäge synanan zadymyz hem şudy. Biz diňe örän ýönekeý we görnetin bir soragy galdyrmaga synandyk. Şu sebäpden hem muňa garşylyk bolmady, biziň bilen hemme kişi ylalaşýar.

Azatlyk Radiosy: Siz şu wagta çenli Halkara jemgyýetçiliginden, şeýle-de Türkmensitandan alan goldawyňyz barada näme aýdyp biljek, çünki siziň kakaňyz bu ýurtda daşary işler ministri boldy ahyry?

Baýram Şyhmyradow: Biz bu iş barada kim bilen gürleşsek, olardan Türkmenistanyň resmileri bilen duşuşan wagtlarynda şu meseläni gozgamaklaryny, şu soaragy galdyrmaklaryny haýyş edýäris. Türkmenistan häzir örän aktiw, olar halkara jemgyýetçiliginiň öňünde gowy bolup görünmek isleýärler. Şu sebäpden olar özleriniň halkara hyzmatdaşlygyny ýygjamlaşdyrýarlar.

Olar Aşgabatda bir topar delegasiýany kabul etmekden başga, ýurt daşyna hem köp delegasiýa ýollaýarlar. Şeýdip olar mümkin boldugyça köpräk halkara foruma, duşuşyga, konferensiýa gatnaşmaga çalyşýarlar. Onsoň biz daşary ýurtlaryň hökümetleriniň adamlary bilen duşuşamyzda, haýsam bolsa bir ýerde, haçan hem bolsa, türkmen resmileri gelse, olardan şu ýönekeý soragy, olaryň diridigini subut etmegi soramaklaryny haýyş edýäris.

Bu sorag hakykatdan hem iş bitirýär. Biziň bilşimizden, bu bireýýäm başlandy we türkmen resmileri eýýäm köp gezek şeýle sorag bilen ýüzbe-ýüz boldy. Olar muňa örän nälaýyk reaksiýa bildirýärler, sebäbi olar örän siňirli. Men edil häzir şu ýerde Türkmenistanyň parlamentiniň deputatyny gördüm, ol meni we Hanamowy görüp, gaçyp gitdi. Olar örän siňirli, hakykatda olar näme diýjeklerini bilmeýärler. Sebäbi olar hiç wagt hiç zat aýtmaýarlar. Bir zat aýtmak üçin, onda-da daşary ýurtla bir zat diýmek üçin olar öz başlyklaryndan ýörite rugsat almaly.

Olaryň başlyklary hem sesini çykarmaýar. Ýöne taryhda bir gezek Türkmenistanyň prezidenti bu tussaglar barada bir zat aýtdy. Bu Berdimuhamedow Kolumbiýa uniwersitetine baranda boldy, ýagny Piter Zalmaýew ondan ozalky daşary işler ministrleri Şyhmyrdow we Berdiýew dirimi diýip sorady. Şonda Berdimuhamedow “hawa, men ol adamlaryň diridigine ynanýan” diýip jogap berdi. Bu türkmen resmisiniň bu adamlaryň bardygyny ykrar etmeginiň ýeke-täk fakty boldy. Emma biz indi bu prosesi janlandyrmak isleýäris. Onsoň olar ir ýa giç bu soraga jogap bermeli bolarlar, şu hem biziň esasy ideýamyz bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Olar näme üçin bu soraga jogap bermeýärler? Olary bu mesele barada gürrüň etmekden näme saklaýar?

Baýram Şyhmyradow: Men bilemok, mende hiç bir fakt ýok, ýöne ol adamlaryň köpüsiniň Nyýazow ölmezinden ozal aradan çykan bolmagy gaty ähtimal. Onsoň, meniň pikirimçe, Berdimuhamedow häkimiýet başynda gelenden soň, bu maglumaty aýan etmek ýönekeý bir zatdy. Eger ol prezident bolan wagty kimdir biri eýýäm ýogalan bolsa, ol näme üçin bu maglumaty aýtmady? Näme üçin ol Nyýazowyň egnindäki jogapkärçiligi öz egnine aldy?

Men muny bilemok. Bu gaty geň zat. Men düşünip bilemok, ol näme üçin häzir bu adamlary türmede saklaýar? Olaryň oňa garşy hiç zady ýok, onuň olara garşy hiç zady ýok. Olar ol hakda hiç wagt hiç zat aýtmadylar. Ol adamlaryň köpüsi ony tananok diýseňem boljak, sebäbi o waka bolanda Berdimuhamedow orta derejedäki hökümet resmisidi.

Meniň bilşime görä, häzir türmede saklanýan adamlaryň köpüsi onuň bilen kadaly iş gatnaşygynda bolan, hiç kim ol prezident bolar diýip hem pikir etmeýärdi. Hiç kimiň onuň bilen işi hem ýokdy, oňa garşylygy hem ýokdy. Bu Nyýazow bilen onuň oppozisiýasynyň arasyndaky aldym-berdimli söweş bolupdy. Munuň Berdimuhamedowa hiç hili dahyly ýokdy, düýpden galtaşygy bolmandy. Emma ol muny dowam etdirýär we men munuň näme üçindigini bilmeýärin.

Azatlyk Radiosy: Siz ýaňy ol adamlaryň köpüsi diri däl bolmaly diýdiňiz?

Baýram Şyhmyradow: Bu diňe çaklama, sebäbi ol adamlaryň köpüsi beýle bir ýaş adam däldi. Onsoň türmede bolsaň, hatda gynalmaňda hem, ol ýerde aman galmak kyn. Ol ýerde käbir medisina kömegi hem berläýsin, emma ol ýeterlik diýip bolmaz.

Azatlyk Radiosy: Siz onda öz kakaňyz ýogalandyr öýdýärsiňiz-dä?

Baýram Şyhmyradow: Men bilemok. Mende bu barada hiç bir pikir ýok, düýpden pikir ýok. Meniň pikirimçe, eger ol ýogalan bolsa, onda bu maglumat Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan ile ýetirilip bilerdi. Sebäbi, eger ol ýogalan bolsa, olara bu aladalar nämä gerek? Olara bu konferensiýalaryň, hatlaryň nämä geregi bar? Hawa, ol indi 67 ýaşyna golaýlan adam, oňa her zadyň bolmagy mümkin.

Olar ýalan sözlemäge diýseň gaýym bolan adamlar, onsoň olar ýene ýalan sözläp, ol inçekeselden ýa ýene bir zatdan ýogaldy diýip, ýalan sözläp bilerdiler. Şeýdip olar maglumaty daşaryk çykaryp, häzirki kellagyrylarynyň hemmesinden dynyp bilerdiler.

Emma olar bu maglumaty şindem gizlinlikde saklaýarlar. Men munuň sebäbini bilmeýärin. Meniň pikir edip bilýän diňe bir sebäbim bar, olam bu adamlaryň şindi diridigi we olaryň bu adamlardan şindem gorkýandygy.

Berdimuhamedow şindem bu adamlary azatlyga çykarmakdan gorkýar. Men munuň sebäbine düşünip bilmeýärin. Emma bu meniň ýeke-täk çak edip biljek zadym. Emma bu diňe çaklama, mende hiç bir maglumat ýok.

XS
SM
MD
LG