Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krym tatarlaryna goldaw bildirildi


Orsýetiň Krymdaky hereketlerine garşy protest aksiýasynyň gatnaşyjysy "Düýn Stalin şu gün Putin" diýen şygary tutup dur, Stambul, 8-nji mart, 2014.
Orsýetiň Krymdaky hereketlerine garşy protest aksiýasynyň gatnaşyjysy "Düýn Stalin şu gün Putin" diýen şygary tutup dur, Stambul, 8-nji mart, 2014.

Krymyň orsýetparaz liderleri ýarym adany Ukrainadan bölüp aýyrmak boýunça synanyşyk edýärkä, krym tatarlarynyň liderleri Türkiýeden ýardam soraýarlar. Türkiýede krym tatarlarynyň uly diasporasy ýaşaýar. Emma Ankaranyň Moskwa edip biljek islendik çynlakaý basyşlary Türkiýä gymmat düşmegi ähtimal.

Serkan Sawanyň ata-babalary Krymy mundan 150 ýyl öň terk edipdiler. Şol döwürdäki Krym urşunda Osman imperiýasy Orsýetiň basyşyna garşy durmaga çalşypdy.

Şondan bir asyr geçensoň Türkiýe Respublikasynda mekan tutan Sawanyň atasy sowet diktatory Iosif Staliniň krym tatarlarynyň ýüzlerçe müňüsini Merkezi Aziýa sürgün edendigini bilip galdy. 1944-nji ýylda bolan bu sürgün zerarly 100 müňden gowrak adam heläk bolupdy.

Krym tatarlaryna goldaw

Informasion tehnologiýalar boýunça 35 ýaşly geňeşçi Serkan Sawa 8-nji martda Orsýetiň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde güýçli ýagşyň aşagynda protest geçiren, esasan, türkiýeli krym tatarlaryndan bolan 250 adamdan biri.

Sawa krym tatarlarynda Moskwanyň golastyndaky döwürden “erbet ýatlamalaryň” galandygyny bellemek bilen, Gara deňzindäki Krym ýarymadasynyň Ukrainanyň düzüminde galmalydygyny we Türkiýäniň onuň Orsýetiň golastyna düşmezligine güwä geçmelidigini aýdýar.

Häzirki wagtda Orsýetiň harbylary tarapyndan basylyp alnan Krymyň esasan orslardan ybarat parlamenti ýarym adanyň Orsýet Federasiýasynyň düzümine girmegini talap edýär. Bu mesele boýunça 16-njy martda referendumyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Krym tatarlary Orsýetiň gözegçiliginiň täze döwrüniň ýene nämelere getirip biljeginden howatyrlanýarlar.

Emma Krym tatarlarynyň Orsýet bilen gatnaşyklary köp betbagtçylyklar bilen bagly bolsa, Türkiýäniň Moskwa bilen aradaky konflikte degişli reaksiýasy diňe aljyraňňylyk bilen çäklenýär.

Türkiýäniň Orsýet boýunça syýasaty

Türkiýe harby şowsuzlyklar bilen bagly geçmişini ýatlaýar we Gara deňzindäki goňşusy bilen häzirki söwda gatnaşyklaryna bil baglaýar. Türkiýe gaz üpjünçiliginiň ýarpysyny Orsýetden alynýan tebigy gazyň hasabyna çözýär.

“Orsýet Türkiýede taryhy we häzirki sebäplere görä howatyrlanma döredýän ýeke-täk goňşudyr” diýip “Türkiýäniň galkynyşy: 21-nji asyryň ilkinji musulman güýji” atly kitabyň awtory hem Waşington Instituty atly analiz merkeziniň Türkiýe boýunça programmasynyň müdiri Soner Jagaptaý aýtdy.

Türki dilli krym tatarlarynyň millionlarça adamlyk diasporasy Türkiýede ýaşýar.

Ýakynda Ukrainada orsýetparaz prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýet başyndan çetleşdirilmegi bilen bagly syýasy agdarylyşykdan soň Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu Ukrainanyň täze hökümeti bilen duşuşmak üçin Kiýewe sapar etdi. Erdogan hem geçmişe göz aýlamak bilen, “Krym tatarlaryny agyr ýagdaýda” galdyrmajagyny aýtdy.

Şol bir wagtda-da, Erdogan käte beýleki dünýä liderleri bilen konflikte girse-de, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen aradaky gatnaşyklaryny sazlamak ugrunda tagalla edip gelýär. Şeýle ýagdaýda Erdoganyň Ankaranyň we Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklary gorky astynda goýup biljek herekete baş goşup biljegi şübheli görünýär.

Ankaranyň roly

Bu barada Soner Jagaptaý şeýle diýýär: “Eger-de Erdoganyň üýtgäp durýan syýasy stiline syn edilse, onuň Orsýetiň we Eýranyň liderlerinden başga islendik ýurduň hökümet baştutany bilen özüni gödek alyp barýandygyny görmek mümkin. Emma bu Erdoganyň olary halap-halamazlygy bilen bagly däl-de, eýse Türkiýäniň ulanýan gazynyň dörtden üç bölegini Eýrandan we Orsýetden satyn alýandygy bilen baglydyr”.

Jagaptaýyň sözlerine görä, osman-ors taryhyna degişli ýene bir faktor bar. Soňky 400 ýyldan gowrak döwrüň dowamynda Osman imperiýasy Orsýet bilen 17 gezek söweşipdir we söweşleriň ählisinde ýeňlipdir.

Türkiýedäki krym tatarlarynyň assosiasiýasynyň prezidenti Jelal Ijten Ankaranyň Ukrainadaky krizisi çözmekde has uly rol oýnamagyna Türkiýäniň içindäki syýasy ýagdaýyň päsgel berýän bolmagynyň ahmaldygyny çak edýär.

Erdogan korrupsiýa dahylly birnäçe aýlap dowam edýän dawa bilen baglylykda öz syýasy karýerasyny gorap saklamak ugrunda göreşýär.

Ijten Erdogan we prezident Abdylla Gül ýagdaýa görä, ellerinde baryny edýärler diýýär: “Türkiýäniň häzirki syýasy klimaty aladaly we şu sebäpden prezidentiň hem premýer-ministriň krym tatarlaryna bildirýän goldawy beýleki meseleleriň arasynda gözden sypýar. Emma olar krym tatarlaryna goldaw bildirdiler we Ýewropadaky Günbatar döwletleri bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirýärler”.

Stambulda krym tatarlaryny goldap geçirilen demonstrasiýada protestçiler “Türkiýe, doganlaryňa kömek et!” diýen äheňdäki şygarlary öňe sürdüler.

XS
SM
MD
LG