Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin sammitiň öňünde Günbatary ýazgardy


W.Putin TASS agentligi bilen söhbetdeşliginde, Wladiwistok, 13-nji noýabr, 2014
W.Putin TASS agentligi bilen söhbetdeşliginde, Wladiwistok, 13-nji noýabr, 2014

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki günbatar döwletleriniň Ukrainadaky krizis bilen baglylykda girizen halkara sanksiýalarynyň “Uly 20-lik” guramasynyň prinsiplerine we halkara kanunlaryna ters gelýändigini aýtdy.

Putin TASS agentliginiň 14-nji noýabrda çap eden öz interwýusynda bank hasaplaryny doňdurmak, wiza çäklendirmelerini girizmek we Günbataryň maliýe bazarlaryna ymtylýan orsýet kompaniýalarynyň ýoluny böwetlemek ýaly hereketler diňe BMG we onuň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan amala aşyrylyp bilinýär diýdi.

Putin sanksiýalaryň we halkara bazarynda nebitiň bahasynyň peselmeginiň Orsýetiň ykdysadyýetine zeper ýetirendigini boýun aldy, emma Kremliň islendik ykdysady krizise gözegçilik etmek we hökümetiň “halkyň öňündäki” sosial borçlaryny berjaý etmek üçin ýeterlik nagt serişdeleriniň bardygyny aýtdy.

Galyberse-de, Putin şol agzan serişdeleriniň hasabyna hökümetiň halkara sanksiýalaryndan zyýan çeken ”Rosneft” döwlet kompaniýasyna kömek bermek üçin peýdalanmagynyň mümkindigini aradan aýyrmady. Putin Orsýetiň halkara nebit bazarlarynyň “dollaryň diktaturasyndan” saplanmagyny we orsýet rublunyň we hytaý ýuanynyň hasaplaşyk üçin ulanylmagyny isleýändigini hem mälim etdi.

Şu ýyl rubluň hümmeti çürt-kesik pese gaçdy. Soňky aýlarda rubl dollar we ýewro bilen gatnaşykda öz hümmetiniň 25%-ini ýitirdi.

Putiniň agzalýan kommentarisi onuň “Uly 20-lik” guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Awstraliýa ugramazynyň öňüsyrasynda çap boldy. Dünýäniň uly ykdysadyýetli ýurtlarynyň sammitinde Putin günbatar liderleri bilen ýüzbe-ýüz bolsa-da, duşuşykda sanksiýalar meselesiniň maslahat edilmeginiň “manysynyň ýokdugyny” belledi.

Awstraliýa 15-16-njy noýabrda Brisbanda geçiriljek sammitiň iş ýerlerini döretmek we global ykdysadyýeti berkitmek ýaly meselelere gönükdiriljekdigini habar berdi.

Ukrainadaky krizis temasy

Bu ýokary derejeli duşuşyk gündogar Ukrainada dartgynlylygyň güýçlenýändigi we Orsýet ýaraglarynyň we harbylarynyň ors-ukrain serhedinden bikanun geçendigi baradaky maglumatlaryň peýda bolan wagtyna gabat geldi.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 14-nji noýabrda eden çykyşynda Ukrainada orsýetçi separatistlere “ýarag berilmegi” baradaky maglumatlaryň aladalandyrýandygyny aýtdy.

Germaniýanyň kansleri Orsýetiň Ukrainanyň territorial bütewüligini bozýandygyny belläp, bu meseläniň “Uly 20-lik” guramasynyň sammitiniň çäginde maslahat ediljekdigini belledi: “Ukrainanyň territorial bütewüliginiň bozulýandygy we Minsk ylalaşygynyň berjaý edilmeýändigi meni hasam aladalandyrýar, şeýle-de biz ýaraglaryň [pitneçilere] berilmegi bilen bagly ýagdaýa uly alada bildirýäris” diýip Merkel belledi.

Şol bir wagtyň özünde-de Putin TASS agentligine beren interwýusynda Ukrainadaky krizis sebäpli özüniň Angela Merkel bilen gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmandygyny aýtdy. Ol sammit döwründe Merkel, Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron we Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland bilen ikiçäk gepleşikleri geçirjekdigini aýtdy.

Dawid Kameron sammitiň öňüsyrasynda, 14-nji noýabrda eden çykyşynda hem Orsýetiň Ukrainanyň garaşsyz ýurt hökmünde, öz islegine görä ösmek, mümkinçiligine eýe bolmalydygyna düşünjegine umyt baglady.

Ukrainanyň orsýetçi prezidentiniň wezipesinden çetleşdirilmeginiň yz ýany, şu ýylyň mart aýynda Orsýetiň Krymy basyp almagyndan soň, gündogar Ukrainadaky konfliktde aprel aýyndan bäri 4 000-den gowrak adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG