Türkmenistanyň resmileri ýurtda öýsüz-güzarsyz ýaşaýan raýatlaryň sany barada maglumat bermeýärler, bu barada resmi statistika hem duş gelinmeýär. Şol bir wagtyň özünde ýurtda öýsüz-güzarsyz raýatlaryň galmagy üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryň bolup-bolmandygy ýa-da olaryň döredilýändigi barada hem resmi maglumat ýok.
Emma ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlara görä, gyş paslynyň häzirki sowuk günlerinde ýurtda öýsüz-güzarsyz ýaşaýan raýatlaryň sanynyň az däldigi aýdylýar. Olaryň käbirleri barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.