Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

1-nji maý ýörişler bilen bellendi


Stambul, 1-nji maý, 2015
Stambul, 1-nji maý, 2015

Aktiwistler we söwda bileleşikleri 1-nji maýda zähmetkeşleriň halkara gününi Ýewropada we dünýäniň beýleki ýerlerinde ýörişleri geçirmek arkaly bellediler.

Çäreleriň köpüsiniň zähmetkeşleriň hukuklary we bütin dünýäde parahatçylyk ugrunda asuda protest görnüşinde geçirilmegine garaşylypdy.

Stambul

Şol bir wagtda-da Türkiýede ýörişler zorluga öwrüldi. Stambulda demonstrantlaryň Taksim meýdanyna barmagyna hökümetiň gadagançylyk girizmegi netijesinde müňlerçe protestçileriň we polisiýanyň arasynda çaknyşyk döredi.

Howpsuzlyk güýçleri demonstrantlary yza serpikdirmek üçin suw pürkýän serişdeleri we göz ýaşardýan gazy ulandylar. Protestçiler polisiýany daşladylar we otly petardalary zyňdylar. Polisiýa ençeme adamy tussag etdi, protestçiler Taksim meýdançasynyň golaýynda ýollary petiklediler, zibil taşlanýan gapyrjaklary ýakdylar.

Hökümet geçen ýylda polisiýanyň we protestçileriň arasynda çaknyşyklaryň bolan ýeri - Taksim meýdançasynyň golaýynda we daşynda 10 000 çemesi polisiýa wekilini ýerleşdirdi.

Tähran

Eýranda Tähranda geçirilen 1-nji maý demionstrasiýasynda müňlerçe zähmetkeşler iş şertleriniň gowulandyrylmagyny talap etdiler we daşary ýurtlularyň iş orunlaryny eýlemegine garşy çykyş etdiler.

Eýranyň ýarym resmi ILNA täzelikler agentligi protestçileriň paýtagtyň merkezinde zähmetkeşleriň resmi bileleşigi bolan Zähmet öýüniň golaýynda jemlenendigini habar berdi. Käbir şygarlarda “Daşary ýurtlularyň işe alynmagy eýranlylary işsiz galdyrýar” diýilýär.

Eýran işsizlikden ejir çekýär, ýurtda umumy işçi güýjüniň 10%-den gowragy işsiz galýar. Ýurtda bir milliondan gowrak owganystanly işleýär. Olaryň köpüsi gurluşykda we oba hojalygynda işleýär.

Moskwa

Moskwada onlarça müň zähmetkeşler ýagşyň aşagynda Gyzyl meýdançadan ýöräp geçdiler. Sowet döwrüniň orak-çekiçli gyzyl baýdaklaryna derek zähmetkeşler Kremliň esasy partiýasynyň açyk gök reňkli baýdaklaryny we Orsýetiň döwlet baýdagyny göterip geçdiler.

Ýurduň işçi gatlagyna täsir ýetiren ykdysady krizise garamazdan, ýörişlerde prezident Wladimir Putiniň adyna ýa-da hökümetiň adyna tankydyň göze ilmändigi habar berilýär.

Gatnaşyjylar 1-nji maýyň özlerine çagalyk döwrüni ýatladýandygyny aýtdylar.

Sowet Soýuzyny küýsemek duýgusy 9-njy maýda Ikinji jahan urşundaky ýeňşiň 70-nji ýyl dönüminiň öňüsyrasyndaky patriotik duýgular bilen hem utgaşdy.

Kommunistik partiýa hem öz ýörişini geçirip, “Faşizme garşy we Donbasa goldaw” diýen şygarlary öňe sürdi. Gatnaşyjylar gündogar Ukrainanyň Donbas regionynda Ukrainanyň goşunyna garşy söweşýän separatistlere has köp kömek bermäge çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG