15-nji sentýabrda Norwegiýanyň Oslo şäherinde geçirilen dokumental filmleriň halkara festiwalynda “Türkmenistan: Gadaganlykdaky gomoseksualizm” atly täze filmiň premýerasy, ýagny ilkinji görkezilişi boldy.
“Oslo/Fusion” atly halkara film festiwalynda görkezilen bu filmde Türkmenistandaky gomoseksullaryň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlaryna üns çekilýär.
Azatlyk Radiosy bu filmiň mazmuny we onda gozgalýan meseleler bilen gyzyklanyp, filmiň awtory we proýektiň redaktory, Türkmenistandan Alternatiw täzelikleri çap edýän guramanyň direktory Ruslan Mätiýew bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Ruslan, ilki bilen “Türkmenistan: Gadaganlykdaky gomoseksualizm” atly filmiň mazmuny, onda gozgalýan mesele ýa-da meseleler barada gürrüň beräýseňiz?
Ruslan Mätiýew: Bu film gomoseksuallykda we beýleki aýyplamalarda aýyplanyp, birnäçe wagt türmede oturan türkmenistanly bir adamyň başdan geçiren wakalaryna esaslanýar. Gürrüňi edilýän adam filmde türmede we ondan öň, ýagny derňewler döwri başdan geçiren wakalaryny, hususan-da özleriniň toparlanyp ekspertiza barlaglaryna alnyp gidilişini, ol ýerde urlup-ýenjilip, kemsidilişlerini aýdyp berýär. Şeýle-de ol sud ekspertizalaryny geçirýän lukmanlaryň öz işine professional çemeleşmeýändigini, hususan-da, ekspertiza baranlary paýyş sözler bilen garşylap, öz pikirlerini sögünç bilen beýan edýändiklerini gürrüň berýär.
Bu kemsitmeli prosesden soň, ol türme tussaglygyna höküm edilýär we suduň kararyna laýyklykda, belli bir möhlet türmede oturyp çykýar. Şondan soň ol Türkmenistanyň hökümetiniň gomoseksuallara nähili daraýandygyny halkara jemgyýetine paş etmek üçin öz başdan geçirenlerini aýdyp berýär.
Azatlyk Radiosy: Ruslan bu filmi döretmegiňize näme itergi berdi?
Ruslan Mätiýew: Maňa bu meseläni, ýagny Türkmenistandaky gomoseksuallaryň ýagdaýy we hukuklary baradaky meseläni gozgamagy sorap, örän köp adamlar hat ugradýarlar we maňa bu barada ençeme hat gelip gowşansoň, men bu meseläni gozgamak barada çynlakaý pikir edip başladym.
Dogrymy aýtsam, köp adamlar gorkup, bu meseläni gozgaýan filmde oýnamakdan, hatda bu tema barada maslahat etmek üçin duşuşyp, gepleşikleri geçirmekden hem ýüz öwürdiler. Emma şeýle bolsa-da, bu filmde oýnamaga razy bolan adamlary tapdyk. Sebäbi olar bu meseläni köpçülige ýetirip, başgalar bilen paýlaşmagy we özleriniň şuňa meňzeş aýyplamalara, kemsitmelere sezewar edilmezligini umyt edýärler. Filmiň gahrymany hem: “Biz hiç zat ogurlamadyk, hiç kimi öldürmedik, hiç kime jynsy zorluk etmedik” diýýär.
Emma muňa garamazdan, olar şeýle kemsitmelere we aýyplamalara uçraýarlar we [gomoseksullaryň] jemgyýeti özleriniň şeýle wakalara sezewar edilmeginiň adalatly däldigini aýdýarlar. Şeýle-de, olar Türkmenistan gomoseksuallara bolan gatnaşygyny, bu baradaky kanunçylygyny gaýtadan gözden geçirer diýip umyt edýärler.
Sebäbi men filmiň gahrymanyndan: “Türme saňa şondan [gomoseksuallykdan] saplanmaga kömek etdimi?” diýip soradym. Ol: “Elbetde, ýok” diýip jogap berdi. Gürrüňi edilýän adam häzirki wagtda öz ýaşaýan ýurdunda gomoseksual gatnaşyklaryny dowam etdirýär. Hatda ol türmede bolan mahaly hem gatnaşyklaryny dowam etdiripdir.
Meniň pikirimçe, şeýle adamlary [gomoseksuallary] türme düzetmeýär. Hiç zat düzetmeýär. Men düşünýän, biziň ýurdumyzda däp-dessurlara esaslanýan adaty maşgala gatnaşyklary, maşgala gymmatlary saklanýar. Bu düşnükli, gowy zat. Emma muňa garamazdan, bu adamlary [gomoseksuallary] şeýle wakalara sezewar etmek gerekmi? Sebäbi olar şeýle doglan adamlar.
Azatlyk Radiosy: Ruslan, film nirelerde görkeziler we bu filmi döretmekden göz öňünde tutýan maksadyňyz näme?
Ruslan Mätiýew: Film şu ýylyň ahyryna köpçülige görkeziler. Bu filmiň görkezilişiniň gija galmagynyň sebäbi hem bu filmiň gahrymanynyň howpsuzlygy bilen baglanyşyklydyr. Ýagny, film köpçülige görkezilmezden öň, onuň howpsuzlygyny üpjün etmek isleýäris. Şondan soň film has köp tomaşaça hödürlener.
Filmiň anyk nirelerde görkeziljekdigi barada häzirlikçe takyk bir zat aýdyp biljek däl. Ýöne biz munuň üstünde işleýäris we filmiň dürli halkara film festiwallarynda görkezilmegini planlaşdyrýarys. Sebäbi bu tema tutuş dünýäde aktual problemalary gozgaýar.
Filmiň esasy maksady adam hukuklarynyň bozulmalaryna ünsi çekmekden ybarat. Türkmenistan öz we halkara kanunçylygynyň öňünde birnäçe borçlary kabul etdi. Emma muňa garamazdan, kanunçylykda we halkara konwensiýalarynda şeýle meselelere göz ýumulýar.
Şeýlelikde, filmiň esasy maksatlarynyň biri Türkmenistanda gürrüňi edilýän adamlaryň hukuklarynyň bozulýandygyny açyp görkezmekden ybarat. Şeýle-de, bu mesele şu güne çenli gozgalmady. Hawa, şeýle problemanyň bardygyny bilýärdiler, emma onuň üsti açylmady. Meniň pikirimçe, ähli zadyň soňy bar we bu meseläniň hem gozgalman saklanyp galmagynyň soňuna ýetip, bu barada gürrüň etmeli diýip hasaplaýaryn.
Sebäbi biz XXI asyrda ýaşaýarys we Türkmenistan hem konstitusiýa laýyklykda demokratik, hukuk döwletdir we ol dünýäniň demokratik jemgyýetiniň bir bölegi bolmak isleýän bolsa, öz raýatlaryna adalatly çemeleşmek boýunça hiç bolmanda esasy [halkara] ýörelgeleri berjaý etmelidir.