Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa terror pidalaryny hatyralaýar


Adamlar Place de la Republique skwerinde el-ele berip, raýdaşlyk görkezdiler. Pariž, 15-nji noýabr, 2015.
Adamlar Place de la Republique skwerinde el-ele berip, raýdaşlyk görkezdiler. Pariž, 15-nji noýabr, 2015.

Fransuz paýtagty Parižde 10-njy ýanwarda birnäçe müň adam, geçen ýyl Parižde we onuň töwereklerinde terror hüjümleri netijesinde öldürilen 150-ä golaý adamyň hatyrasyny tutmaga toplandy.

Olland we Pariž şäheriniň häkimi Anne Hidalgo Parižde, Place de la Republique skwerinde, hüjümlerden bäri parižlileriň raýdaşlyk merkezine öwrülen ýerde pidalaryň hormatyna oturdylan Hatyra daragty plitasyny açdy.

Meşhur fransuz rok aýdymçysy Jonni Hallideý aýdym aýtdy we goşun horunyň ýerine ýetiren sazy Fransiýanyň milli gimnine täze bir duýgy öwüşginini çaýdy.

Bu dabara Pariždäki ýewreý bazaryna we satiriki žurnal «Çarli Hebdonyň» ofisine edilen terror hüjümleriniň birinji ýyl dönümine gabatlanyp geçirilýän bir hepdelik ýatlama çäreleriniň bir bölegidir.

Şeýle-de, bu çäreleriň dowamynda geçen ýylyň 13-nji noýabrynda Parižde, rok konsertinde, kafede, stadionda we beýleki ýerlerde guralan terror hüjümlerinde öldürilen 130 adam ýatlanar.

Bu çärelere pidalaryň garyndaşlary we ýaralanana adamlar hem çygyryldy.

Bu hüjümleriň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» jeňçi topary bilen ilteşikli ekstremistler öz üstüne alypdy. Şonda müňden gowrak adam ýaradar bolupdy.
Fransuz häkimiýetleri bu hüjümlerden bäri bir topar howpsuzlyk çärelerini gördüler, şol sanda adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizdiler.

Emma 13-nji noýabr hüjümleri bilen bagly köp sorag jogapsyz galdy, şol sanda oňa gatnaşan adamlaryň näçedigi we olaryň haýsylarynyň entegem azat gezip ýören bolmagynyň ahmaldygy belli däl.

Azyndan bir ýaragly, Salah Abdeslam diýilýän bu hadysadan bir gün soň başda Belgiýa geçip, ýitirim boldy.

Prezident Olland Hatyra daragtynyň açylyş dabarasyndan soň, öňünden planlaşdyrmazdan, anti-musulman meýilleri gowşatmak niýetinde, Parižiň esasy metjidine sapar etdi.

Şu aralykda Fransiýadaky metjitler hem jemgyýetçilik üçin gapylaryny giňden açdylar. Fransiýadaky musulman liderleri anti-musulman meýilleri azaltmak üçin ekstremist jeňçiler bilen aram yslamyň arasyndaky tapawudy nygtamaga çalyşýarlar.

Içeri işler ministri Bernard Cazeneuve hem 9-njy ýanwarda metjide sapar etdi.
Ol «Fransiýadaky ähli musulmanlaryň goşulyşmagyna» çagyrdy we metjitlerde «öz-özüni jar eden ýigrenç wagyzçylarynyň» gazaply jezalandyryljagyny duýdurdy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG