Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ saýlawlary: Tramp Ohaýoda, Demirgazyk Karolinada we Floridada ýeňdi


Amerikanlar prezidentlik saýlawlarynda ses berýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:38 0:00

Amerikanlar prezidentlik saýlawlarynda ses berýär

ABŞ saýlawlarynda respublikanlardan Donald Tramp Ohaýo, Demirgazyk Karolina we Florida ştatlarynda ýeňdi. Mundan öň, Tramp Teksas, Montana we Wýonming ştatlarynda hem ýeňiş gazanypdy.

Öz gezeginde Klinton, Nýu-Ýorkda, Illinoisda ýeňdi.

Mundan öň, iki kandidat hem saýlaw uçastoklarynda seslerini berdiler.

Saýlaw kampaniýasy döwri Hillari Klinton we bäsdeşi Donald Tramp – günüň meselelerinden has köp birek-bireginiň şahsyýetine gönükdirilen – gyzgalaňly çekişmeleri geçiripdiler.

Birleşen Ştatlaryň gündogar kenaryndaky saýlaw uçastoklary Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da açyldy. Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-nyň Nýu-Hempşir ştatyndaky birnäçe kiçi şäherçäniň ýaşaýjylary saýlawlarda eýýäm ses berdiler.

Klinton saýlawlarda ses berdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:32 0:00

Hilari Klinton, ýoldaşy we ABŞ-nyň ozalky prezidenti Bill Klinton bilen irden Nýu-Ýork şäheriniň golaýyndaky Çappakua şäherçesindäki saýlaw uçastogynda ses berdi. Ol Birleşen Ştatlaryň taryhyndaky ilkinji zenan prezident bolmak ugrunda tagallar edýär.

Respublikanlaryň kandidaty Donald Tramp özüniň ýaşaýan ýeri Manhattan sebitinde aýaly Melania bilen bilelikde ses berdi. Trampdan saýlawlaryň ilkinji netijeleri barada pikir soralanda, ol "ähli zat örän gowy" diýip jogap berdi.

Tramp saýlawlarda ses berdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:30 0:00

ABŞ-lylar ýurduň prezidentinden başga-da Wekiller öýüniň ähli 435 agzasyny we 100 adamdan ybarat Senatyň 34 wekilini saýlaýarlar.

Saýlaw kampaniýasy döwründe 69 ýaşly Klinton we 70 ýaşly Tramp birek-biregini berk daradylar. Käbir taryhçylar munuň täze taryhdaky iň ýiti we gyzgalaňly çekişmeleriň bolandygyny öňe sürdüler.

Pikir soralyşyklar ABŞ-lylaryň köpüsiniň iki dalaşgäre-de oňaýsyz garaýandyklaryny görkezdiler.

Nýu-Ýorkly tutjar, hiç haçan hökümet wezipelerinde işlemedik Tramp, özi prezident saýlanaýsa, Hillari Klintonyň döwlet sekretary bolan döwri şahsy emeýl serwerlerinden peýdalanandygy sebäpli, ony türmä saljakdygy bilen haýbat atdy.

Tramp Merkezi Amerika sebitlerinden ABŞ-a gelýän migrantlaryň öňüni almak üçin uly diwary gurmak we ýurda musulmanlaryň girmegini gadagan etmek ýaly dawaly teklipleri bilen respublikanlardan dalaşgärlige saýlandy.

ABŞ-nyň ozalky senatory, döwlet sekretary we birinji hanymy bolan Hillari Klinton öz syýasatyny prezident Barak Obamanyň gazananlarynyň esasynda düzjekdigini aýtdy.

Soňky maglumatlara görä, saýlawlarda öňünden ses berenleriň sany – rekord derejede – 46 milliona deň bolupdyr. Saýlawçylar köpçülikleýin 23 ştatda we Kolumbiýa sebitinde öňünden ses beripdirler.

Amerikanyň ştatlary we saýlaw gözegçileri bu gezek ses berlişige gatnaşýan saýlawa hukukly ilatyň sanynyň ozalkylardan has ýokarydygyny aýdýarlar. Bu barada has-da öňe saýlanan hispanik saýlawçylar. Olar demokratlaryň kandidaty Hilleri Klintonyň respublikan bäsdeşinden häzir öňde bolmagyna goşant goşana meňzeýär.

Saýlawlara Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 400 töweregi gözegçisi syn edýär.

XS
SM
MD
LG