Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýimpaşyň” içindäki we daşyndaky “başagaýlyk”


"Ýimpaşyň" tekstil bölümi

Geçen hepdäniň anna gününden bäri Aşgabatdaky “Ýimpaş” söwda merkeziniň hem içinde, hem daşynda müňlerçe adamdan ybarat nobatlary görse bolýar.

Ýapylyp, ýumrulmaly edilen bu söwda merkeziniň tekstil bölümindäki geýim-gejim harytlarynyň 50% arzanladylandygy yglan edilenden soň dörän bu nobatlarda dawa-jenjelleriň we ýakalaşmalaryň hem ýüze çykandygy aýdylýar.

“[‘Ýimpaşyň’] içi adamlardan hyryn-dykyn bolsa, onuň daşynda hem söwda merkezine girmekçi bolýanlaryň uly nobaty bardy. Gapynyň öňündäki nobatçylar adamlary bölekleýin salmaga synanyşýardylar. Emma nobatyň üstünde häli-şindi goh-galmagal döreýärdi. ‘Gyzyl ýumruga girenler’ hem boldy” diýip, nobat bellän aşgabatlylaryň biri gürrüň berdi.

Soňra söwda merkeziniň öňüne polisýa işgärleri gelip, gözegçilik edip başladylar. Arzanladylan harytlary aljaklaryň nobaty bolsa, tä söwda merkezi ýapylýança, ýagny gije sagat 23:00-a çenli dowam etdi.

"Ýimpaşyň" ikinji gatdaky tekstil bölümindäki nobatlar
"Ýimpaşyň" ikinji gatdaky tekstil bölümindäki nobatlar

Ertesi, ýagny 10-njy dekabrda ir daňdan bilen “Ýipmaşyň” öňi ýene-de adamdan doldy. Emma söwda merkeziniň sagat 09:00-da açylmagynyň öňýany onuň girelgesinde “[I]kinji gatdaky tekstil bölüminiň işlemeýändigi; ondaky ähli harytlaryň satylyp gutarandygy” baradaky bildiriş asyldy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bu bildirişe garamazdan, söwda merkezine girmekçi bolýanlaryň nobatlary “artmasa azalmandyr”.

Özüniň atlandyrylmasyzlygyny soran bu wakanyň şaýady “tekstil önümleriniň gutarandygy” baradaky bildirişiň gapdalynda ýene bir, ýagny “gap-gaçlaryň, şeýle-de Täze ýyl bezegleriniň we sowgatlarynyň 50% arzanladylýandygy” baradaky bildirişiň hem asylandygyny mälim etdi.

“Adamlar diňe bir ýarpy bahasyndan satylýan harytlary däl, eýse söwda merkezi doly öz işini togtatmaýança ondaky önümleri almakçy bolýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi maglumat berdi.

Gepiň gerdişine ýatlatsak, 1998-nji ýylda işläp başlan we türk işewürleriniň eýeçiligindäki “Ýimpaş” söwda merkezi häzir doly ýapylyp, ýer-ýegsan edilmeginiň bosagasynda dur. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ynamdar çeşmeleri söwda merkeziniň we oňa ýanaşyk duran “Ýimpaş täjirçilik merkeziniň” ýumrulyp, onuň ýerinde, 2017-nji ýyldaky Aziýa oýunlaryna gabatlap, awto-duralganyň guruljakdygyny mälim etdiler.

Türkmen resmileri şäheriň iň gelim-gidimli we iri söwda merkezleriniň biri – “Ýimpaşyň” anyk näme sebäpden ýapylýandygy, has dogrusy bu mesele bilen ilteşikli hiç hili maglumat bermeýärler. Azatlyk Radiosy Türkiýedäki “Yimpaş holding” merkezi bilen habarlaşanda, jogapkär resmiler “media serişdelerine hiç hili maglumat bermezlik barada kompaniýa derejesinde karara gelendiklerini” aýtmak bilen çäklendiler.

Bu aralykda, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiriniň berýän maglumatyna görä, “Ýimpaş” dolulygyna 22-nji dekabrda öz işini bes eder. Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň öz çeşmeleri hem tassyklap, häzir söwda-merkezinde işleýän 500 çemesi türkmenistanla olar bilen ýakynda doly hasaplaşygyň geçiriljekdigini we täze iş ýerlerini gözläp başlamaklary barada maslahatyň berlendigini aýtdylar.

Galyberse-de, “Ýimpaş” söwda merkezine noýabrda edilip başlanan basyşlar Türkiýede iýul aýynda başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soňra, türk ruhanysy Fethulla Gülen bilen baglanyşykly edaralaryň we mekdepleriň beýleki ýurtlarda bolşy ýaly Türkmenistanda hem ýapylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Teswirleri gör (5)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG