Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Pagtadan alnan girdeji geçen ýylkysyndan iki esse az boldy'


Daýhanlar pagta ýygýar, Türkmenistan
Daýhanlar pagta ýygýar, Türkmenistan

Türkmenistanda daýhanlaryň şu ýyl tabşyran pagta hasyly üçin alan girdejisiniň geçen ýylkysyndan has az bolandygy barada, welaýatlardan gowuşýan maglumatlarda aýdylýar.

Şu günki gün, hususan-da, Daşoguz welaýatynyň daýhan birleşikleriniň käbirlerinde daýhanlaryň pagtadan alan girdejisiniň geçen ýylkysyndan umumy hasapdan iki esse çemesi az bolandygy habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň daşoguzly söhbetdeşleriniň biri munuň sebäbini şeýle düşündirdi: “Şu ýyl pension fondy üçin daýhan birleşiginiň saklaýan tutumy ozalky 6% bolanlygyndan, 9.5% çenli artypdyr. Şeýle-de, dökün we suw üçin saklanýan tutumyň 17% gymmatlamagy daýhanlaryň girdejisiniň azalmagyna sebäp boldy”.

Daşoguzly söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, geçen ýyl bir gektar ýerden 3.9 tonna pagta tabşyran daýhanlar 5 müň manat girdeji alan bolsa, şu ýyl agzalan ýerden alnan girdejisiniň möçberi tehnika, dökün üçin we beýleki tutumlar saklanyp galandan soň, käbir halatlarda 1600 manatdan aşmandyr.

Türkmen hökümeti öňünden kesgitlenen möçberdäki 1 million 50 müň tonna pagtanyň oba zähmetkeşleri tarapyndan döwlet harmanlaryna doly mukdarda tabşyrylandygyny oktýabr aýynda yglan eden bolsa-da, şondan bäri daýhanlar tabşyran pagtasy üçin özleri bilen doly hasaplaşylmandygyny ençeme gezek Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdiler.

Daýhanlara plastik kart berilýär

Üstesine, Daşoguz welaýatynda daýhanlar bilen hasaplaşyk banklaryň plastik kartlaryna geçirilýär.

Käbir maglumatlarda oba zähmetkeşlerine plastik kart açmaga mejbur edilýändigi aýdylýar. Habar berlişine görä, kart açdyrmak üçin daýhanlar 50 manat çemesinde çykdajy etmeli, şol bir wagtda-da, käbir halatlarda açylan kartlara pul geçirilmändir.

Üstesine, ýerli ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, plastik kartlardaky puly nagtlaşdyrmak üçin zerur bankomatlar obalarda bolman, esasan etrap merkezlerinde ýerleşýär. Ol ýerde-de pul köplenç bolmaýar, bolan ýagdaýynda uly nobatlar döreýär.

Şeýle ýagdaýda ýerli ýaşaýjylaryň özüçe çykalga tapandygyny howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde tutulmagyny islemedik ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi: “Şu günki gün adamlar bank işgärlerine 20-30 manat para berip, gizlin kod maglumatlaryny aýdyp, öz kartlaryny goýup gaýdýarlar. Bankomata pul goýlanda, olaryň puly nagtlaşdyryp goýar ýaly. Sebäbi adamlaryň çäkli görnüşde pul çekmek üçin sagatlap nobata durmagynyň ýerine şeýtmegi has amatly görýärler”.

Türkmenistanda döwlet edaralarynda işleýänleriň aýlyklary bank kartlaryna geçirilýär, üstesine, soňky aýlarda pensiýalaryň, stipendiýalaryň we beýleki tölegleriň hem banklaryň plastik kartlaryna geçirilmegi boýunça tutuş ýurt derejesinde iş geçirilýär.

Emma ýurtda plastik kartlar bilen tölemek üçin mümkinçilik örän çäkli bolmagynda galýar we esasan paýtagt bilen çäklenilýär. Puly nagtlaşdyrýan gurallaryň ençemesi işlemeýär, işleýänlerde pul serişdesiniň bolan wagtynda uly nobatlar emele gelýär.

XS
SM
MD
LG