Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki “Ýimpaş” söwda merkeziniň ýakyn wagtda täze at bilen açylmagy mümkin


Öňki “Ýimpaş” söwda merkeziniň binasy, Aşgabat

Öňki “Ýimpaş” söwda merkeziniň ýakyn wagtda täze at bilen açylmagy mümkin. Bu barada Azatlyk Radiosynyň iki çeşmesi habar berýär.

“Ýimpaş” söwda merkeziniň ýapylmagyna gatnaşygy bolan ministrlikleriň birindäki çeşmämiz, söwda merkeziniň ýakyn wagtda täze at bilen gaýtadan açyljagyny aýtdy.

Bu maglumaty söwda merkeziniň ýapylmagyndan öň ýeri kireýine alan işewürlere ýakyn çeşmämiz tassyklady.

“Ýimpaş” söwda merkeziniň öňki kärendeçilerine jaň edip, koreý hakyndaky şertnamalary gaýtadan baglaşmagy teklip edip başladylar. Olar girdejini kepil geçip bijek kärendeçileriň belli bir sanyny toplamak isleýän bolmagy mümkin. “Ýimpaş” kompaniýasynyň özüne şäheriň demirgazyk böleginde bir ýer bölüp berdiler. Öňki Lenin-Aýtakow köçesindäki edara jaýyndan “Ýimpaş” ýazgysyny aýyrdylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Çeşmeleriň ikisi-de Türkiýäniň “Ýimpaş Holding” kompaniýasyna degişli bolan söwda we täjirçilik merkezleriniň binalarynyň Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedowyň ýakyn töweregindäki “täsirli adamlaryň” eline geçýändigini aýdýarlar.

Bir-birine bagly bolmadyk çeşmeler daşary ýurtly maýa goýuja degişli bolan obýektleri öz eýeçiligine geçirendigi aýdylýan adamlaryň atlaryny görkezdiler. Emma Azatlyk Radiosy öz çeşmeleriniň howpsuzlygy nukdaýnazaryndan käbir jikme-jik maglumatlary çap etmekden saklanmak kararyna geldi.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda açylan ilkinji uly söwda merkezi “Ýimpaş” geçen ýylyň aýagynda doly ýapylmazyndan öň ýany dürli basyşlara sezewar edilipdi, yzýany kompaniýanyň eýeleri türk dinçisi Fethulla Gülen bilen gatnaşykda günälenipdi.

Söwda merkeziniň ýapylmagyndan soň onuň ýerinde Aşgabatda geçiriljek 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlarynyň zerurlyklary üçin, awtoduralganyň guruljagy barada habar berlipdi.

Şeýle-de “Ýimpaş” söwda we täjirçilik merkezleriniň Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine geçiriljekdigi barada maglumatlar peýda bolupdy.

Türkmenistanyň resmi edaralary bu ýagdaý barada entek hiç hili kommentariý bermän gelýärler.

Azatlyk Radiosy geçen ýylyň dekabr aýynda düşündiriş sorap,“ Ýimpaş Holding” kompaniýasynyň Türkiýedäki baş edarasyna ýüz tutupdy. Kompaniýany wekili “Ýimpaş Holding” şirketiniň bu mesele dogrusynda kommentariý bermekden saklanmak kararyna gelendigini mälim edipdi.

1990-njy ýyllaryň aýagynda Aşgabatda bina edilen “Ýimpaş” söwda we täjirçilik merkezleriniň gurluşygyny “Ýimpaş Holding” kompaniýasy öz hasabyna amala aşyrypdy. Söwda merkeziniň administrasiýasynyň sözlerine görä, Türkmenistan binalaryň gurluşygyna maýa ýatyrmandyr.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG