Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resmiler saýlawlara ses berijileriň 97,27%-i gatnaşdy diýýärler


12-nji fewralda ir bilen sagat 7-de öz işine başlan saýlaw uçastoklary sagat 19:00-da ýapyldylar.
12-nji fewralda ir bilen sagat 7-de öz işine başlan saýlaw uçastoklary sagat 19:00-da ýapyldylar.

Türkmenistanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ses berijileriň 97,27%-i ses berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy ýurduň Merkezi Saýlaw komissiýasyna salgylanyp maglumat berýär.

12-nji fewralda ir bilen sagat 7-de öz işine başlan saýlaw uçastoklary sagat 19:00-da ýapyldylar.

Şol bir wagtda, türkmen resmileriniň berýän resmi görkezijileri bilen birlikde, Aşgabadyň saýlaw uçastoklarynyň ençemesine aýlanyp gören Azatlyk Radiosynyň habarçylary ses berijileriň uly aktiwliginiň göze ilmeýändigini habar beripdiler.

Şeýle-de, saýlawlaryň öňüsyrasynda paýtagtyň 15-nji mekdebinde orta klas okuwçylaryna saýlaw býulletenleri paýlanyp, olara üçünji möhlete dalaşgärlik edýän, häkimiýet başyndaky Gurbanguly Berdimuhamedowa ses bermegi tabşyrypdylar.

Saýlaw býulleteni
Saýlaw býulleteni

Belläp geçsek, Azatlyk Radiosy galp býulletenler bilen baglylykdaky maglumatlar boýunça Türkmenistanyň Merkezi Saýlaw komissiýasy bilen habarlaşanda, degişli resmiler “faktlar ýok, derňew hem ýok” diýip, jogap berdiler.

Türkmenistanyň iň ýokary wezipesine jemi dokuz kandidat dalaşgärlik etdi.

Türkmenistanda 1991-nji ýylda SSSR dargap, ýurt garaşsyz bolaly bäri halkara gözegçileri tarapyndan azat we adalatly diýlip baha berlen parlament we prezident saýlawlary bolmady. Resmi maglumatlara görä, Berdimuhamedow 2007-nji ýylda saýlawçylaryň 89, 2012-nji ýylda bolsa 97 prosent sesini aldy.

Halkara we ýerli synçylar bu saýlawlarda-da Gurbanguly Berdimuhamedowyň ‘ynamly’ ýeňiş gazanjakdygyny öňünden çak edipdiler.

XS
SM
MD
LG