Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň senaty Tramp tarapyndan teklip edilen söwda sekretaryny tassyklady


Wilbur Ross
Wilbur Ross

27-nji fewralda Birleşen Ştatlaryň senaty, prezident Donald Tramp tarapyndan söwda sekretary diýlip teklip edilen Wilbur Rosi orsýetli oligarhlar bilen ilteşikli diýilmegine garamazdan tassyklady.

Senat maliýe taýdan kyn ýagdaýa düşen söwda kompaniýalaryny almakda spesialist hasaplanýan milliarder maýadara 72-27 hasap bilen ses berdi. Demokratlar 2014-nji ýyldan bäri Kipr Bankynyň (Bank of Cyprus) müdüriýetiniň wise-prezidenti bolan Rosuň Orsýet bilen gatnaşyklaryny sorag astyna alýarlar.

2013-nji ýylda ýewro zonada durýan ýurtlar we Halkara pul gaznasy tarapyndan maliýe kömegi berlip, işini batyrmakdan halas edilen Kipr banky Orsýetiň “Lamesa Holding” kompaniýasynyň ikinji paýdary. Bu kompaniýanyň eýesi hem baýlygy 12 milliard dollar çemesi diýip çaklaýan ors oligarhy Wiktor Wekselberg.

Rosdan oň Kipr bankynyň müdüriýetiniň wise-prezidenti KGB-niň öňki agenti we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn ýarany diýilýän Wladimir Stržalkowskidi.

Rosuň Orsýet bilen ‘gatnaşyklary’

Üstümizdäki aýyň başlarynda demokratik partiýa degişli alty senator Rosa hat iberip, ondan Kipr bankynyň Trumpyň gozgalmaýan emläk toparyna, ýagny Tramp guramasyna pul karz berip-bermändigini soradylar.

Senatorlar hatda: “Birleşen Ştatlaryň senaty we amerikan jemgyýetçiligi siziň Orsýet bilen bolan ilteşigiňizi we siziň Tramp administrasiýasynyň, Tramp kampaniýasynyň ýa Tramp guramasynyň Kipr banky bilen bolan her bir baglanyşygy hakdaky maglumatlaryňyzy bilmäge mynasypdyr” diýip ýazdylar.

Senatorlar şeýle-de Rosini prezidentlik kampaniýalary döwründe özüniň Orsýetiň resmileri ýa agentleri bilen gatnaşykda bolup-bolmandygyny aýtmaga çagyrdylar.

Senator Elizabet Warren Rosuň Orsýet bilen bolan söwda gatnaşyklaryny tankytlady.

“Jenap Rosuň Orsýet bilen giň gerimli gatnaşyklary bar. Ol Söwda sekretary bolup işlemek bilen özüniň esasan nebit daşaýan kompaniýalary bilen pul gazanjak bolýar. Ol öý-jaý satyn alyp, soňra kyn ýagdaýa düşen adamlaryň arkasyndan milliardlarça pul gazandy” diýip, Warren aýtdy.

Ýöne Ros tassyklananda geçirilen diňlenişikde onuň Orsýet bilen baglanyşyklary hakdaky soraglaryň hiç biri gozgalmady. Ol Senat ses bermezden öň hem hiç bir soraga jogap bermedi.

Goranyş harajaty

Rosuň uly köplük bilen tassyklanmagy käbir adamlaryň orta atýan soraglaryna garamazdan, demokratlaryň hem aglabasynyň onuň kandidatlygyna garşy çykmandygyny görkezýär.

Wezipe başyna gelensoň, Rosuň etmeli esasy işi Kanada we Meksika bilen baglaşylan “Demirgazyk Amerika erkin söwda ylalaşygy”, şeýle hem Trampyň garşy çykýan beýleki söwda ylalaşyklary hakda täzeden gürleşmek bolar.

Ak tam düýn prezident Trampyň goranyş harajatyny geljek ýylyň dowamynda 54 milliard dollar möçberinde artdyrmagy Kongresden sorajakdygyny bildirdi. Munuň deregine şonça pul goranyşdan başga ýerlere edilýän çykdajylardan, şol sanda daşary ýurtlara berilýän kömegi azaltmak bilen üpjün edilmeli.

27-nji fewralda Tramp özüniň ilkinji býujet teklibiniň Birleşen Ştatlaryň “gowşan harby güýjüni täzeden dikeltmek üçin, goranyş harajatyny taryhy derejede ýokarlandyrmak” boljakdygyny aýtdy.

Tramp aýdylyşyna görä, 603 milliard dollar goranyş harajatyny öz içine alýan býujet teklibini “Amerikanyň güýç-gudratyny, howpsuzlygyny we aýgytlylygyny häzirki howply döwürde tutuş dünýä” görkezýän güýçli hadysa diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG