Türkmenistanyň prezidenti ýurduň güýç edaralarynyň resmilerine saglyga zyýan ýetirýän endiklere garşy göreşi güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Resmi maglumatlarda aýdylşyna görä, ol neşeli serişdeleriň we çilimiň negatiw täsirleri barada ilatyň arasynda giň göwrümli düşündiriş işlerini güýçlendirmegi talap etdi.
Prezident Berdimuhamedow bu tabşyrygyny 2-nji fewralda Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň maslahatynda öňe sürdi.
Şu günki gün Türkmenistanda çilim söwdasy resmi taýdan amala aşyrylmaýar.
Azatlyk Radiosy ýurtda çilim söwdasyna we çilimkeşlige garşy görülýän resmi çäreler bilen bagly şu günki ýagdaý barada aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Buaýewden gürrüň bermegi sorady.