Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ahal-teke atlaryny UNESCO-nyň sanawyna goşdurmagy planlaşdyrýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistan ahal-teke atlaryny Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin UNESCO guramasyna arza bilen ýüzlenmegi planlaşdyrýar.

“Türkmen döwlet habarlar” (TDH) gullugynyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahal-teke bedew atlarynyň katalogyny döretmegi olary halkara derejede hasaba aldyrmak perspektiwasy bilen tabşyrypdyr.

“Döwlet baştutany UNESCO arza berip, ahal-teke atlaryny Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşdurmak boýunça teklibi öňe sürdi” diýip, TDH habar berýär.

Resmi maglumatda ahal-teke atynyň Türkmenistanyň esasy simwolyna öwrülendigi bellenýär we ýurtda ahal-teke atçylygy boýunça Halkara bileleşiginiň döredilendigi, tutuş ýurtda atçylyk-sport toplumlarynyň işleýändigi we at ýaryşlarynyň geçirilýändigi, ýylda bedew baýramynyň bellenýändigi habar berilýär.

Atçylyk boýunça käbir halkara bilermenleri Türkmenistanda ahal-teke atlarynyň gan arassalygynyň halkara standartlaryna laýyk barlanmaýandygyny we tassyklanmaýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG