Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew zenanlara nähili ýüzlenilmelidigini öwredýär


Nazarbaýew zenanlara nähili ýüzlenilmelidigini öwredýär.
Nazarbaýew zenanlara nähili ýüzlenilmelidigini öwredýär.

“Eger ol owadan bolsa, oňa akyllydygyny aýdyň. Eger ol gowy görünmeýän bolsa, oňa owadandygyny aýdyň. Eger-de ikisem däl bolsa, oňa horlanandygyny aýdyň”.

Bu sözler, Nursoltan Nazarbaýewiň Akorda prezident köşgünde 8-nji mart Dünýä zenanlar güni baýramçylygy mynasybetli geçirilýän çärede aýdan sözleri.

Ýygnanan zenanlara ýüzlenen Nazarbaýew bir zenana özüňi söýdürmegiň açary olary taryp etmekdigini aýdyp, özüniň gazak erkeklerine hanymlar bilen gatnaşykda öwgüli sözleri ulanmagyň we mylakatlylygyň sungatyny öwredýändigini aýdýar.

“Ýöne olar henizem nädip hereket etmelidigini bilenoklar” diýip, öz dosty bilen degişdi.

Diňleýjileriň arasynda ýaş hususyýetçilerden öý zenanlaryna, mugallymalardan doktorlara, türgenlerden deputatlara çenli jemgyýetiň dürli gatlaklaryndan zenanlar bardy.

Şol günüň ahyrynda prezident özüniň zenanlar bilen gatnaşygy barada gürrüň berýän wideosyny sosial mediada paýlaşdy. 2001-nji ýylda düşürilen ol wideoda prezident merhum ejesini-de ýatlaýar.

Prezident 1977-nji ýylda ýogalan ejesini ýatlap, onuň bilen köp wagt geçirip bilmändigini aýdyp ahmyr çekipdir. Resmi wezipelerde beýgelýän we durmuşda möhüm kararlar alýan wagty, prezident düýşünde ejesini görendigini aýdýar.

Ol wideoda özüniň hyýaly zatlara, jadygöýlere, palçylara ýa-da astrologlara ynanmaýandygyny aýdýar. Ýöne düýş hadysasynyň hakykatdygyny we ejesiniň oňa “ynamdar bol, hemme zat gowy bolar” diýip ýüzlenendigini nygtaýar.

Tonnalarça gül

Gazagystanda Zenanlar güni baýramçylygy her ýyl resmi duşuşyklar, üýşmeleňler, aýratyn-da TW programmalarynda hem-de maşgalalarda şahsy ýagdaýda bellenilýär.

Bu ýylky baýramçylygyň öňüsyrasynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherine getirilýän ortaça gül mukdaryndan 3 esse köp, ýagny 8.6 tonna gül import edildi.

Ýerli medianyň aýtmagyna görä gazaklar Zenanlar güni baýramçylygyny gowy belleýärler. Nazarbaýewiň aýdanlary hakyndaky makalalarda okyjylaryň ýazanlaryndan çen tutulsa, zenanlar bilen gatnaşykda käbirleriniň prezidentiň maslahatlaryna eýerýändiklerini görse bolýar.

Tengrinews-iň bir okyjysy “peýdaly maslahat, erkek kişi muňa eýermeli” diýip ýazypdyr.

“Meniň pikirimçe, hemme gazak zenanlary akylly hem owadan. Horlanmaga zerurlyk ýok” diýip, ýazan Erlan atly okyjy prezidentiň aýdanlaryny göwnüne alana meňzeýär.

Çagalaryny hökümetden kömek almazdan ýetişdirýän, öz-özlerine iş döretmäge, salgyt tölemäge hem-de 63 ýaşynda pensiýa çykmaga mejbur bolýan gazak zenanlarynyň aýratyn öwgä mynasyp taraplarydyr.

XS
SM
MD
LG