Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina separatistleriň elindäki sebitlerde ýük gatnawyny togtatdy


Ýük gatnawlaryny togtatmak baradaky netijeden owal, separatistler bilen söwda edilmegine garşy çykýan ukrainler gara we demir ýol ugurlaryny böwetläpdiler.
Ýük gatnawlaryny togtatmak baradaky netijeden owal, separatistler bilen söwda edilmegine garşy çykýan ukrainler gara we demir ýol ugurlaryny böwetläpdiler.

Ukrain resmileri ýurduň Russiýa tarapyndan goldanylýan seperatistleriň gözegçiligindäki sebitlerde ähli ýük gatnawlarynyň togtadylandygyny mälim etdiler.

Howpsuzlyk we Goranmak Geňeşiniň sekretary Oleksandr Turçynow bu baradaky netijäni 15-nji martda, prezident Petro Poroşenkonyň bu taslamany Geňeşe hödürläninden soň yglan etdi.

Ýeri gelende bellesek, Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistler Ukrainanyň gündogar, şol sanda ýurduň ykdysadyýetiniň esasy bölegini düzýän kömür gorly we senagat desgaly sebitlerine hem gözegçilik edýärler.

Ýük gatnawlaryny togtatmak baradaky netijeden owal, separatistler bilen söwda edilmegine garşy çykýan ukrainler gara we demir ýol ugurlaryny böwetläpdiler.

Poroşenko separatistleriň gözegçiligindäki Denetsk we Lugansk regionlaryna diňe ynsanperwer kömekleriniň geçiriljekdigini aýtdy.

Turçynow bu gadagançylygyň tä separatistler senagat desgalaryndan çekilýänçä we 2015-nji ýylda baglaşylan Minsk ylalaşygynyň şertlerini berjaý edýänçä, öz güýjünde galjakdygyny aýtdy.

Ýewropanyň araçylyk etmeginde düzülen bu ylalaşyk bilen 2014-nji ýylyň aprelinde başlanan we azyndan 9750 adamyň ölmegine sebäp bolan konflikti duruzmak maksat edinilipdi.

Bu aralykda, adamlaryň ýol ugurlaryny petiklemegi, onsuz hem uruş zerarly zeper ýeten ukrain ykdysadyýetini agyr ýagdaýa saldy. Munuň netijesinde, ýurduň gündogar sebitlerinden beýleki regionlara ugradylýan kömrüň üpjünçiliginde bökdençlikler döredi.

Separatistler ýollaryň petiklenmegine jogap edip, 1-nji marta çenli öz gözegçiliginde saklan senagat desgalaryny gaýtadan almak bilen haýbat atdylar.

Turçynowyň gürrüňi gidýän sebitlerde howpsuzlyga gözegçiligi güýçlendirmek üçin goşmaça çäreleriň geçirilmegini sorandygy aýdylýar.

13-14-nji martda ukrain häkimiýetleri aktiwistleri dargadyp, ýol ugurlaryny açmakçy boldular. Bu ädimiň netijesinde oppozisiýa syýasatçylary, hökümet tankytçylary we milletçiler dürli şäherlerde ýörişler geçirip, öz nägileligini bildirdiler.

XS
SM
MD
LG