Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Belarusdan ýene bir kaliý kombinatyny gurmagy sorandygy aýdylýar


Garlykdaky dag-magdanlaryny öndüriji kombinat, Türkmenistanyň Lebap welaýaty, 31-nji mart, 2017.

Türkmenistan Belarusdan dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy ýene bir kombinaty gurup bermegi sorady, diýip Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka salgylanmak bilen belarus mediasy habar berdi.

“Belaruslara täze kombinatyň gurluşygyny ynanmak üçin ähli güýjüň ulanyljakdygy hut özüme wada berildi. Emma men oňa [Türkmenistanyň prezidentine] aýtdym, eger-de biz islesek, onsuzam tenderi utarys diýdim” diýip, tut.by neşri Lukaşenkany sitirledi.

Türkmenistanyň Garabilde dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy ýene bir kombinaty gurmak boýunça 17-nji aprelde tender bäsdeşligini yglan edendigi habar berlipdi. Resmi maglumatda zawodyň gurluşygy boýunça teklipler üçin wagt möhleti 2017-nji ýylyň 26-njy iýuny diýlip, göz öňünde tutulýar. Proýektiň bahasy 1.4 milliard dollar möçberinde görkezilýär.

Türkmenistan ýaňy-ýakynda belarus kompaniýalary tarapyndan gurlan bahasy 1 milliard dollarlyk kaliý öndüriji kombinaty işe girizdi.

Türkmenistanyň we Belarusyň arasynda 2009-njy ýylda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda gurlan Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat 1.5 ýyl gijikdirilip, 2017-nji ýylyň 31-nji martynda işe girizildi. Türkmenistan bu kombinatynda ýylda 1.4 million tonna kaliý dökünlerini öndürmegi we 1.2 million tonnasyny Hytaýa hem Hindistana ibermegi planlaşdyrýar.

XS
SM
MD
LG