Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan täze türme jaýlaryny gurup, tussag orunlaryny köpeldýär


Türkmenbaşydaky köne türmäniň koridory. 25-nji iýun, 2008 ý.

Türkmenistanyň Baýramalydaky berk düzgünli (MR-K/16) türmesiniň territoriýasynda täze barak korpuslary peýda boldy, düzediş-zähmet edarasynyň täze gurlan desgalaryny kosmosdan düşürilen fotosuratlar arkaly synlamak mümkin diýip, “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” proýekti habar berýär.

Neşir Baýramaly türmesiniň2014-nji ýylda we ýakynda düşürilen fotosuratlaryny çap etmek bilen, şu ýylyň mart-aprel aýlarynda tussaglykdaky garyndaşlary bilen görşen okyjylaryna salgylanyp, türmäniň täze desgalarynyň gurluşygynda esasan tussaglaryň öz zähmetleriniň ulanylandygyny belleýär.

Türmäniň gurluşygynda işlän tussaglar täze gurlan baraklaryň goşmaça 1000 adama çenli kabul edip biljekdigini aýdýarlar, bendileriň baraklaryny giňeltmek işi 2014-nji ýylda başlandy diýip, TAH ýazýar.

Ýurt içinden gelip gowuşýan habarlara görä, Türkmenistan ozalky hukuk goraýjy işgärler üçin hem täze, döwrebap türme gurýar.

Azatlygyň çeşmeleri Balkan welaýatynda, ozalky Nebitdag şäheriniň demirgazyk-gündogarynda, Ýasganyň ýolunyň ugrunda gurlan täze türmäniň basym ulanmaga beriljekdigini aýdýarlar.

"Entek daşyna germewli sim çekilmedigiem bolsa, onuň töweregine baryp bolmaýar" diýip, ýerli çeşme aýtdy. Aýdylmagyna görä, bu türmä Akdaş şäherçesindäki türmede beýleki tussaglar bilen bile saklanýan ozalky hukuk goraýjy işgärleri geçiriler.

Ozalky tussaglar we türme işgärleri bilen gürleşen ýerli synçylar we hukuk goraýjy aktiwistler, ýygy-ýygydan geçirilýän amnistiýalara garamazdan, türmelerdäki tussag orunlarynyň indi ýigrimi ýyl çemesi wagt bäri ýiti ýetmezçilik edýändigini tassyklaýarlar. Şeýle-de olar soňky bir ýylda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilýän tussaglaryň sanynyň has köpelendigini belleýärler. Emma Azatlyk radiosyna tussaglaryň anyk sany we jenaýatçylygyň derejesi barada resmi maglumatlary almak başartmady.

Azatlyk radiosy fewral aýynda türkmen sudlarynyň türk oppozisioneri Fethulla Güleniň “Hyzmat” hereketi bilen ilteşiklilikde aýyplanan onlarça adamy, şol sanda ozal türk-türkmen liseýlerinde okan öňki telekeçileri we mugallymlary uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edendigini habar berdi.

Ýerli çeşmäniň maglumatyna görä, bu tussaglaryň arasynda mebel söwdasy bilen meşgullanan Döwlet Amangeldiýew, ozalky mugallymlar Döwlet Rejebow, Şatlyk Durdygylyjow, Batyr Ataýew dagy hem bar we olar Baýramaly türmesine iberildi.

Mundan öň, dini habarlary çap edýän “Forum-18” habar gullugynyň maglumatyna görä, dini ekstremizm aýyplamalarynda aýyplanan tussaglar esasan “Owadandepe” türmesine iberilýärdi.

Azatlyk radiosy Türkmenistanda geçen ýylyň oktýabryndan bäri ozalky türkmen-türk okuw jaýlarynyň ozalky studentlerine garşy ýaýbaňlanan repressiýa barada tapgyrlaýyn makalalary çap etdi.

Bu repressiýa geçen ýylyň iýulynda Türkiýede bolandygy aýdylýan başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň yz ýanlaryna gabat geldi, türk häkimiýetleribu işdeprezident Rejep Taýyp Erdoganyň esasy garşydaşy bolan türk ruhanysyny, ABŞ-da ýaşaýan Fethulla Güleni aýyplaýarlar.

“Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” baýramaly türmesiniň täze 6 korpusy we beýleki goşmaça binalary baradaky maglumatyň Türkmenistanyň IIM-däki çeşme tarapyndan hem tassyklanandygyny habar berýär. Ol çeşmäniň sözlerine görä, bu korpuslar diňe Baýramalydaky tussaglaryňdäl, eýsem beýleki regionlardaky türmelerde, Maryda, Seýdide, Tejende we Türkmenabatda saklanýan tussaglaryň hasabyna hem yzygiderli doldurylýar.

Şeýle-de neşir Daşoguz şäherindäki aýallar türmesiniň 2013-nji ýylda tutuşlygyna Gurbansoltan eje (ozalky Ýylanly) etrabynda gurlan täze türmä geçirilendigini habar berýär.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş bolan öňki tussaglaryň biriniň tassyklamagyna görä, aýallar üçin gurlan täze türmäniň şertleri has gowulandyrylypdyr.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistandaky türme, tussag şertlerini köpden bäri tankyt edýärler we garaşsyz ekspertleriň tussaglaryň saklanyşyny baryp görmeklerine ýol berilmegine çagyrýarlar. Soňky döwürde resmi Aşgabat öz üstüne alan halkara borçlarynyň çäginde daşary ýurt diplomatlarynyň we halkara gurmalarynyň işgärleriniň aýallar türmesine, kämillik ýaşyn ýetmedikleriň koloniýasynabaryp görmeklerine rugsat berdi.

Şonuň bilen bir wagtda, türkmen hökümeti hyryn-dykyn türmeleri ýeňletmek üçin ýygy-ýygydan yglan edilýän amnistiýalary ulanmagyny dowam etdirýär. Emma synçylar halkyň gün-güzeren ýagdaýynyň agyrlygy, jenaýatçylygyň yzygiderli ösmegi, üstesine bikanun neşe dolanyşygy, dini ekstremizm aýyplamalary bilen aýyplanan adamlaryň günä geçişe düşürilmezligi netijesinde türme ilatynyň möçberiniň köpelmese, azalmaýandygyny aýdýarlar.

Maý aýynda başlanan korrupsiýa galmagaly, hukuk we kanun goraýjy edaralaryň jogapkärişgärleriniň, hökümet resmileriniň parahorluga baş goşmagynyň köpelmegi bilen baglylykda Türkmenistan ykdysady jenaýatlara garşy täze döwlet gullugyny döretdi. Şeýle-de, prezident G.Berdimuhamedow indi korrupsiýa aýyplamalary bilen ýyl kesilen adamlaryň hem günä geçişlere düşürilmezligini teklip edýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG