Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabat: Çagalaryň mekdep lagerleri ‘pes derejede gurnalýar’


Mekdep okuwcylary. Arhiwden alnan surat

Şu ýyl Aşgabadyň orta mekdeplerinde çagalar üçin tomusky dynç alyş lagerleriň pes derejede gurnalandygyny käbir ene-atalar we mugallymlar habar berýärler.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri bilen habarlaşan aşgabatly ene-atalaryň ençemesi Aşgabadyň mekdeplerindäki, şol sanda 47-nji we 51-nji mekdeplerindäki lagerleriň şu ýyl diňe dört sagat dowam edýändigini aýdyp, onuň çäginde okuwçylara gezelençleri gurnap, naharlamak aňyrda dursun, olara ýekeje owurt suw hem berilmeýär diýýär.

“Geçen ýyllarda lager ir sagat 8:30-dan, giçlik 17:30-a çenli dowam edýärdi. Häzir çagalary 12:30-da alyp gaýtmaly. Öň lagerlerde çagalary iki wagt naharlaýardylar. Ýörite gezelençlere alyp gidip, ýörite sapaklar geçýärdiler. Emma şu ýyl bularyň hijisi ýok. Çagalar klasda oturyp, her kimiň öz işi bilen meşgul bolýandygyny ýa-da boş oturyp gaýdýandyklaryny aýdýarlar” diýip, çagasy Aşgabadyň 48-nji mekdebindäki lagere gatnaýan bir ene aýtdy.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň agzalmazlygyny soran bu ene şu ýyl “döwletiň ‘çagalar lagerini açdykmy – açdyk’ diýmek, ýagny göz üçin gurnandygyny” sözüniň üstüne goşdy.

Şu ýylky mekdep lagerleriniň näme sebäpden geçen ýyllardakydan has gysga wagtlaýyn gurnalandygy we onda öňki düzgünleriň göz öňünde tutulmandygy barada, Azatlyk Radiosy Aşgabadyň ýokarda agzalan mekdepleriniň ýolbaşçylaryndan we degişli etrap bilim bölüminiň resmilerinden haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Emma Azatlyk Radiosyna adyny atlandyrylmazlyk şerti bilen maglumat beren birnäçe mekdep mugallymy bu ýagdaýy şu ýyl mekdep lagerlerine döwlet býujetinden hiç hili pul serişdesiniň goýberilmezligi bilen düşündirdi.

“Geçen ýyllarda döwlet tarapyndan mekdep lagerleri üçin, ýörite pul serişdesi ugradylýardy. Çagalary naharlap, olar üçin ýörite gezelençleri gurnap bilýärdik. Ýöne bu ýyl şol maliýe serişdesi goýberilmedi. Häzir esasy üns ‘Aziada-2017’ sport ýaryşyna berildi. Bilim pudagynyň ýolbaşçylaram şony abraý bilen geçireli diýip gaýta-gaýta nygtaýarlar” diýip, mekdep mugallymy gürrüň berdi.

Galyberse-de, ene-atalaryň we ýerli synçylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, şu günler Türkmenistanyň resmi media serişdelerinde, ýurtda çagalaryň tomusky dynç alyşlarynyň ýokary derejede ýola goýlandygy, olaryň aglabasynyň Gökderedäki ýa-da Awazadaky çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alýandygy habar berilse-de, mekdep lagerleri barada kelam söz aýdylmaýar.

“Awazadaky ýa-da Gökderedäki döwlet dynç alyş lagerlerinde çagalaryň dynç alşy görkezilýär. Ýöne mekdeplerde welin, öz ýagdaýlaryny bilýändigi üçin, ýekeje-de wideo sýužet telewideniýede görkezilmeýär. Metbugatda-da olar hakynda hiç hili makala, ýene gaýry ýok” diýip, aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Mundanam başga, aşgabatly ene-atalaryň ençemesi döwlet eýeçiligindäki çagalar sagaldyş merkezlerine, esasan, diňe döwlet işgärleriniň çagalarynyň ýörite ýollanma bilen ugradylýandygyny aýdyp, olarda ene-atasy býujetden aýlyk almaýan çagalaryň dynç almak mümkinçiliginiň örän çäklidigini belleýärler.

Maryly kärendeçi Gülaý ene çagalara niýetlenen döwlet lagerleri üçin ýollanmanyň bahasynyň aşa gymmatdygy, egin-eşik ýaly talaplar üçin-de goşmaça maliýe serişdesiniň alynýandygy sebäpli, ene-atalaryň aglabasynyň öz çagalaryny bu dynç alyş merkezlerine ugradyp bilmeýändigini, Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi.

“Bu dynç alyş merkezlerine ýollanma – putýowka aljak bolsak, oňa täze puldan 600 manat tölemeli bolýar. Üç laý eşik almaly diýýärler. Öz aljak eşigiňem olara ýaranok, eşigi özleri berýär, onuňam bahasy şonça bolýar. Onsoň kolhozça hiç hili mümkinçilik bolman, ýagdaýy ýetmeýär. Kolhozçyň çagasy gitmän, güýji ýeteniňki, hojaýynlaryňky gidýär” diýip, Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Gülaý ene gürrüň beripdi.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, “Save The Children” aty halkara guramasynyň şu aýyň başynda çap eden “Ogurlanan çagalyk” atly hasabatynda dünýäniň 172 döwletiniň arasynda 77-nji orunda ýerleşdirilen Türkmenistan “çagalaryň belli bir derejede çagalykdan mahrum edilen ýurtlarynyň” hatarynda agzalýar.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG