Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HORMATLY ARKADAG: Size-de käýinç bermeli dälmi?


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow

Arkadaga BERK KÄÝİNÇ!

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alanyna 26 ýyl boldy. Gelip ýeten derejämiz welin henizem Merkezi Aziýa we goňşy döwletleriň arasynda yzda barýarys.

Nebite we Gaza baý döwlet bolsagam, salgytlar bilen ýaşajak bolýan döwletler ýaly aýagallygyna täze salgytlar, jerimeler köpeldilip gadagançylyklar artdyrylýar. Bank ulgamy diýseň çökdi. Halka ne bir ýeňillik döredýän kreditini alyp bolýar, berilse-de diňe hökümetde ýokary aýlyklylara berilýär.

Telekeçi bolubam işlär ýaly etmediňiz. Işgär alsaň aýlygyndan daşary 30% çykdaýjysy bar. Halk pul tapman internetde diňe zadyny satýar. Şu my siziň ýurdy dolandyrşyňyz? Utanman telewizorda nädip gürläp bilýäňiz?

Parahorluk basan ýeriň. Ahyr soňy ýörite bölüm döretmeli bolduňyz. Ýogsa da siz däl mi şol jogapkär adamlary wezipä bellän. Size-de käýinç bermeli dälmi?

Gözegçiligiňizi gowşadanlygyňyz üçin, ýurdy gowy dolandyryp bilmänligiňiz üçin, Halkyñ pulyny dogry we tygşytly ulanyp bilmänligiňiz üçin, öz hossarlarňyz bilen ýurdyň emlägini haýryňyza geçirenligiňiz üçin, wezipäňizi hyýanatçylykly ulananlygyňyz üçin, adalatly bolmanlygyňyz üçin, saýlawlary we sala salşyklary gözgörtele öz peýdaňyza 2 gezek ulananlygyňyz üçin, Ärdoganyñ guly bolanlygyňyz üçin (sanabermeli) yzly yzyna 3 gezek

BERK KÄYİNJI BERMEK BILEN WEZIPÄŇIZDE GOÝBEREN DÜÝPLI KEMÇILIKLER SEBÄPLI BOŞADÝARYN!

Işiñiz Halkyñ wyjdanynda derñeldi.

Bar Gaýdyberiñ!

Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär. Onda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG