Sepleriň elýeterliligi

“Tükmenhowaýollary” biletleri internet arkaly satmagyň üstünde işleýär


“Tükmenhowaýollary” kompaniýasynyň uçary

“Tükmenhowaýollary” resmi websaýty arkaly elektron biletleriň söwdasyny amala aşyrmagyň üstünde işleýär.

Media maglumatlaryna görä, uçar biletleriň internet arkaly söwdasy üçin Visa we MasterCard plastik kartalary kabul ediler, şeýle-de internet arkaly dolandyrylýan bank hyzmatlary (onlain banking) arkaly üpjün ediler. Bu hyzmatlaryň eýýäm synagdan geçendigi habar berilýär.

Türkmenistanyň hökümeti “Türkmenhowaýollarynyň” uçar biletlerini internet arkaly satmak we bronlamak usulyny girizmek meselesine 2011-nji geçen fewral aýynda garapdy we munuň üçin taýýarlyk görülýändigini, internet hyzmatlarynyň 2011-nji ýylda işe giriziljekdigi yglan edipdi.

Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň awiabiletleriň internet arkaly satylmagy baradaky teklibi goldady diýip, türkmen mediasy habar berdi.

Mart aýynda ozal döwlet eýeçiliginde bolan “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Açyk aksioner jemgyýetine öwrüljekdigi yglan edildi. Maý aýynda uçar biletleriniň bahasy ortaça 20% gymmatlady. Bu çäreleriň pudagyň işini gowulandyrmaga ýardam etjekdigi aýdyldy.

Türkmenistanyň döwlet howa gullugynyň eýeçiliginde 20 çemesi uçar bolup, olar dünýäniň 15 çemesi ýurduna gatnaýarlar.

XS
SM
MD
LG