Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tuhbatullin: Türkmenistandaky korrupsiýa işleri adalatly derňelmeýär


Maý aýyndaky korrupsiýa galmagaly täze uçar menziliniň binalarynda ýüze çykandygy aýdylýan näsazlykdan soň başlandy.
Maý aýyndaky korrupsiýa galmagaly täze uçar menziliniň binalarynda ýüze çykandygy aýdylýan näsazlykdan soň başlandy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdan daşary mejlisinde ýene korrupsiýa garşy göreşe ünsi çekdi, emma synçylar bu kampaniýanyň adalatly alnyp barylmaýandygyny aýdýarlar.

Korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmek talaby Türkmenistanyň baş prokurorynyň orunbasary Şamyrat Garaýewiň, gulluk borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändigi üçin diýlip wezipesinden boşadylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Döwlet eýeçiligindäki türkmen mediasynyň maglumatyna görä, 15-nji awgustdaky mejlisde Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň direktory Mämmethan Çakyýew “korrupsiýa garşy göreşmek babatda döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirilýän işler barada hasabat berdi”.

Emma habarda bu hasabatyň detallary açylman, diňe birnäçe düzümde “geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada habar berlendigi” aýdylýar.

Şeýle-de habardan ady aýdylmaýan düzümlerde geçirilen seljerme-derňew işleriniň göni döwlet baştutanynyň özüniň tabşyrygy esasynda amala aşyrylandygy belli bolýar.

Şol bir wagtda prezidentiň anyk haýsy düzümleri barlamagy tabşyrandygy, bu tabşyryga nämäniň esas berendigi, geçirilen barlaglardan anyk nähili netije çykandygy hakynda hiç bir maglumat berilmeýär.

Mundanam başga, prezident döwlete zeper ýetirilmegi bilen baglanyşykly jenaýatlary ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak, üstüni açmak hem-de derňemek boýunça amala aşyrylýan işleriň milli kanunçylyga laýyklykda alnyp barylmalydygyny belläp, Aziada döwründe, harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde, bu ugurdaky işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanda korrupsiýa garşy ýaýbaňlanan soňky göreş 4-nji maýda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde yglan edildi. Şonda prezident Berdimuhamedow korrupsiýa we parahorluga garşy berk göreş alyp barjakdygyny gaýtalap, ýurduň baş prokurory Amanmyrat Hallyýewi hem-de ona golaý prokurory wezipesinden boşatdy, içeri işler ministrine käýinç berdi.

Bu Türkmenistanda soňky on ýylda ýokary wezipeli işgärleriň arasyndakyparahorlyk faktlarynyň ilkinji gezekiň köpçülikleýin boýun alnyşy boldy we ýerli synçylaryň käbiri, şol sanda Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesi ony birinjiden, prezidentiň Aziadany geçirmek üçin gurply adamlardan, şol sanda döwlet resmilerinden serişde toplamak tabşyrygynyň göwnejaý ýerine ýetirilmezligi, ikinjiden, wise-premýer Batyr Ereşowyň biwagt we gümürtik ölüminden ‘ünsi sowmak’ aladasy bilen baglanyşdyrdylar.

Resmi taýdan tassyklanmadyk maglumatlara görä, Ereşowyň we onuň oglunyň garşysyna täze gurlan halkara uçar menziliniň binasyndaky näsazlyk, gurluşykda ulanylan sementiň hili we korrupsiýa bilen baglylykda jenaýat derňewi açylypdyr.

Mundanam başga, Azatlygyň çeşmesi prokuratura işgärleriniň käbiriniň öýi dökülende, millionlap dollaryň we beýleki gymmatbaha zatlaryň tapylandygyny we prezidentiň şu ýagdaý sebäpli gaty gaharynyň gelendigini habar berdi.

Bu göreş, adatça bolşy ýaly, türkmen mediasynda para alandygy, kanun bozandygy aýdylýan we wideokameranyň öňünde özüni ýazgarýan adamlaryň uly toplumynyň, olaryň konfiskasiýa edilen emläkleriniň görkezilmegi bilen utgaşdyryldy.

Göreşiň dowamy Türkmenistanda Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek boýunça döwlet gullugynyň döredilmegine we nobatdaky kadr çalşygyna alyp geldi. Has anygy, korrupsiýa galmagaly turanda prezident tarapyndan has giň we çuň derňew geçirmek wezipesi ynanylan baş sudýa – Begenç Çaryýew derrew, sebäbi aýdylmazdan, başga işe geçirildi.

Korrupsiýa garşy göreş gullugynyň iýul aýynyň başynda beren hasabatyndan soň prezident Berdimuhamedow Türkmenistanda parahorluga hiç haçan orun bolmajagyny gaýtalap, ozalky wise-premýer Batyr Ereşowyň garamagynda işlän gurluşyk we binagärlik ministrini wezipesinden boşatdy.

Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen barlaglar onlarça jogapkär işgäriň parahorluk bilen meşgullanyp gelendigini ýüze çykardy we ýerli synçylar bu kampaniýa kanun esasynda dowam etse, türmä basylan adamyň juda kän boljagyny we munuň hökümetde o diýen islenilýän zat däldigini aýdýarlar.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň baş redaktory Farid Tuhbatullin Türkmenistanda korrupsiýanyň hakykatdan hem örän uly problemadygyny we onuň kökleriniň köplenç häkimiýetiň iň ýokary gatlaklaryndan uç alýandygyny belleýär.

“Mysal üçin, biz golaýda Daşoguzda Saglygy saklaýyş ministrliginiň ýerli işgäriniň para bilen tutulandygyny habar berdik we häzir, biziň maglumatymyza görä, jenaýat halkasynyň ujy Aşgabada baryp ýetdi we 30-a golaý adam tussag astyna alyndy” diýip, Tuhbatullin Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Düýbi Wenada ýerleşýän hukuk goraýjy guramanyň başlygynyň pikirine görä,islendik jenaýat işi, iň aşaky derejelerde açylsa-da, derňew dowam etdirilse, ministrlige we ondan hem ýokary derejelere baryp ýetýär.

“Men hemme jenaýat işleri soňuna çenli derňeler diýip pikir etmeýärin. Sebäbi bu häkimiýetleriň bähbidine däl, olar bir tarapdan korrupsiýa garşy göreşýändiklerini görkezmek isleýärler, ikinji tarapdan bu korrupsiýanyň nireden, ýagny häkimiýetiň ýokary gatlaklaryndan gaýdýandygyna hemmeler düşünýär we olar öz-özlerine zeper ýetirmejek bolýan bolsa gerek” diýip, Tuhbatullin Azatlyk radiosyna aýtdy.

XS
SM
MD
LG