Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çärelere gatnaşmak talyplara hem agyr, hem gymmada düşýär


Türkmen talyplary
Türkmen talyplary

Şu günler Aşgabatda geçiriljek 5-nji Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäginde, kanikulda öýlerine goýberilmedik talyplaryň toparlanyşyp çärelere barýandygyny ýa çärelerden gaýdyp gelýändigini ähli köçelerde, awtobus duralgalarynda görse bolýar.

Talyplary çärelere gatnaşdyrmak üçin, çäreleriň geçirilýän ýerine ýörite sargyt edilen awtoulaglarda alnyp barylýandygyny talyplar aýdýarlar. Ýöne çäre gutarandan soňra olar umumy ýaşaýyş jaýyna özleriniň gaýtmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

Olaryň aýtmagy boýunça, talyplary çärelere alyp barjak awtoulag hyzmaty bilen üpjün edilmek barada haýyş edýändikleri hakda, arza ýazmaga mejbur edýärler. Soňra-da bir gezek çärä alyp gidilmegi üçin, bir ýüzüne 9 manat pul töledýärler. Awtobus hem ýeterlik bolmansoň, talyplar aýak üste dik duryp, münderlenişip çäre geçirilýän ýere eltilýär.

“Bu ýerde işi gurnaýan dekanlarda ýa mugallymlarda oýun bar bolmagy ähtimal, olar toplanýan puluň ýarpysyny özlerine alyp, talyplara arkaýyn gider ýaly awtobus sanyny sargyt edilmeýän bolmaklary ahmal. Iki awtobuslyk talyplara bir awtobus gelýär.

Emma bize öz ugrumyza çäre geçirilýän ýere barmaly diýseler, adam başyna 5 manat bilen takside ol ýere baryp bilýäris. Ýöne şeýle rugsat berilmeýär.

Talyplar taksi bahasyndan hem gymmat ýol kireý tölemäge mejbur edilýär, hem-de aýak üstünde awtobusyň içinde yssy howalarda dyknyşyp kösenýärler” diýip, ýokary okuw jaýynyň talyby Öwez aýdýar.

Talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlarynda hem arkaýyn ýaşamaga şert ýokdugyny, şol sebäpli käbir talybyň ene-atalarynyň tagallasy bilen kireýne jaýlarda ýaşaýandyklaryny hem eşitse bolýar.

Talyplara umumy ýaşaýyş jaýlarynda 1-nji gatlarda penjirelerini açyp goýmaga rugsat berilmeýär. “Yssy bolsa-da çydam edip, ýapyk penjireli otagda oturmaly bolýarys, eger-de talap edilýän düzgüni bozup, penjiräňi açyk goýup tutulaýsaň, ertesi güni penjiräňi çüýleýärler” diýip, Hezret atly talyp aýdýar.

Beýleki bir gadagançylyk, umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýanlaryň dekandan rugsat almazdan, umumy ýaşaýyş jaýyndan çykyp gitmegine ýol berilmeýär.

Şeýlede bolsa, ýokary wezipeli ene-atalary bolan talyplar dekanlaryň ugruny tapyp, kireýne jaýlarda ýaşaýarlar. Wezipeli ene-atasy bolmadyk talyplar bolsa umumy ýaşaýyş jaýynyň ähli kynçylyklaryna döz gelip, ýaşamaga mejbur bolýandyklaryny talyp Hezret sözüne goşýar.

XS
SM
MD
LG