Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň palaw boýunça dünýä rekordy


Özbek palawy
Özbek palawy

Özbegistan palawda dünýä rekordyny goýupdyr. 8-nji sentýabrda Daşkentde dünýäniň iň uly palawy bişirilipdir. Palawyň umumy agramy 7 tonna 360 kilograma barabar bolupdyr. Şeýle rekord hut "Guinnes rekordlar kitabynyň" wekilleriniň gatnaşmagynda hasaba alnypdyr.

Özbek palawynda şeýle rekord goýuljagy öňünden ähli ýerde ylgan edilipdi. Şonuň üçinem palawy görmäge onlarça, belki-de, ýüzlerçe müňläp märeke jemlenipdir. Ýöne äpet gazanyň duran ýerine diňe elinde ýörite çakylygy bolanlar golaý barmagy başarypdyr. Ýörite çakylyklary bolsa, saýlama adamlara guramaçylygy ýola goýanlar owaldan iberipdir. Ol saýlama adamlar diplomatlar we döwlet edaralarynda işleýänlerdir.

Galanlary bolsa palawa diňe mawy ekrandan tomaşa edipdir.

Daşkendiň ýaşaýjysy bolan bir zenan: "Tomaşa etmegiň näme üçin ýörite çakylyk bilen bolýandygyny düşündirmeýärler. Bu biziň üçin däl, eýsem teleýaýlym üçindir. Halk üçin bolsady, onda halky ol ýere goýbererdiler" diýip, öz pikrini beýan edýär.

Äpet palawy jemi 50 aşpez bişiripdir. Oňa 1,5 tonna gara malyň eti, 2 tonna goýun eti, 2 tonna tüwi, 2,7 tonna käşir, 220 kg. sogan, 440 litr ösümlik ýagy, 57 kg. duz we 300 kg. hem hoşboý ysly otlar goşulypdyr.

"Halky näme üçin goýbermediler?" diýen sowala bolsa, ýerli howpsuzlyk gullugy şeýle düşündiriş berýär: "Birden palawa göz degip biler. Hemmeler birden seretse, palawyň görki gaçyp biler. Göz degirmesinler diýdik".

Özbegistanda palaw rekorduny goýanlar ýaly, Azerbaýjanda hem tort rekordyny goýanlar bar. Şuňa meňzeş hadysalara birnäçe ýyl mundan owal Eldar Azizowyň ýolbaşçylyk eden Genje we Sumgait sebitlerinde ýygy-ýygydan duş gelinýärdi. Eldar Azizow ýurduň prezidenti Ilham Aliýewiň doglan gününde her gezek onuň ýaşy ýaly uzynlykda tort bişirdýärdi.

Ilham Aliýewiň 50 ýaşy dolanda, tortuň uzynlygy 50 metr we agramy bolsa 12 tonna barabar bolupdyr. Eldar Azizowyň bellemegine görä, ol Ýewropadaky iň äpet tortdyr.

XS
SM
MD
LG