Sepleriň elýeterliligi

Aziýa oýunlarynyň öň ýanynda, Aşgabat hassahanasy näsaglary kabul etmeýär


Aşgabadyň keselhanasy (Illýustrasiýa)

Aşgabatda geçiriljek 5-nji Aziýa oýunlarynyň golaýlaşmagy bilen Aşgabadyň hassahanasynyň näsaglary kabul etmekden ýüz öwrüp başlandygy barada maglumatlar bar.

Aşgabatly yaşaýjy 76 ýaşly pensioner Hydyr aga ýürek hem gan basyşyndan ejir çekyänligi sebäpli her ýylda iki gezek - aprel hem-de sentyabr aýlarynda hassahanada ýatyp berjergi almaly bolýandygyny aýdýar. Emma bu gezek ozalky Gyzyl haç hassahanasynyň yerinde gurlan kardiologiýa merkezine baryp bejergi almak üçin ýüz tutanynda, özüniň hassahana kabul edilmändigine geň galýar.

"Men Aziýa oýunlary geçýänçä hassahana girmekçi hem däldim. Sebäbi hassahanada bejergi alan halatyňda, maşgala agzalaryňdan 1-2 adam yzyňdan gatnap, gerek diýilen däri-dermanlary, iýmitiňi gatnadyp durmaly bolýar. Sebäbi hassahananyň berýän iýmiti bilen oňşuk edip bolanok. Dermanlary hem häli-şindi oz hasabyňa tapyp ertmeli.

Lukmanlar her gezek bir dermany tap, pylan dermany getir diýip bejergini üýtgedip durýarlar. Ýollaryn ýapyklygy bilen yzymdan gatnajaklar kynçylyk çekerler diýip, hassahana soňrak girmekçidim, emma halys ýagdaýym peselensoň, hassahana girmekçi bolup ýüz tutdum. Ýöne lukmanlar ýüz öwürdiler. ‘Aziýa oýunlary geçýänçä, hiç bir hassany kabul edip, bejergi ýa operassiýa işlerini geçirmegi planlaşdyrmaly däldigmiz barada yokardan görkezme berildi. Hassalary kabul edip bilemzok. Hassahanalar boş durmaly, oýunlar wagtynda bir bolmasyz iş bolaýsa, hadysalar ýüze çyksa, biz şoňa taýyn bolmaly. Halys agyr ýagdaýdaky hassany Tiz kömek gullugy hassahana alyp gelse, onda biz ony kabul edýäris’ diýip, lukmanlar jogap berdiler" diýip, Hydyr aga aýdýar.

Hydyr aganyň sözüne görä, ol Tiz kömegi çagyryp, olaryň kömegi bilen hassahana yerleşmekçi bolupdyr. Emma Tiz kömek ony hassahana alyp gitmekden ýüz öwrüpdir.

"Halys özünden gidip ýatan bolmasa hassahana gitmeli däldigimiz barada, bize görkezme berildi" diýip, oňa jogap beripdirler.

Tiz kömegiň özünden hem geregiçe kömek alyp bolmaýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Ozaly bilen olar wagtynda kömege gelmeýärler. Geläýen halatynda-da olar özlerinde ilkinji kömek üçin dermanlaryň ýokdugyny aýdyp, ‘özüňizde nähili derman bar? Eger bolsa sanjym edip bereli, size gerek dermanlar bizde ýok" diýýärler” diýip, bir garry aýdýar.

Aziýa oýunlaryna taýýarlygy çäginde, ilat üçin dürli kynçylyklaryň döredilmegi bilen, adamlarda ýürek-damar keseliniň we gan basyşynyň ýokarlanmagy ýaly dürli keselleriň has artandygyna ýaşaýjylar ünsi çekýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG