Sepleriň elýeterliligi

Hindistanly sportsmenler türkmenistanly guramaçylar sebäpli Aşgabada baryp bilmediler


Olimpiýa şäherçesiniň golaýynda, Aşgabat

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Aşgabada baryp bilmedik hindistanly sportsmenler Türkmenistana barmak üçin rugsady soň hem alyp bilmediler. Bu rugsadyň Türkmenistan tarapyndan berilmändigi anyklandy.

Mundan öň Aşgabada gitjek bolan 106 sportsmeniň uçara goýberilmändigi, olara Hindistanyň Sport ministrligi tarapyndan, ýörite rugsadyň berilmändigi habar berlipdi. Uçara goýberilmedik hindi sportsmenleriniň Aşgabatdaky oýunlarda gatnaşjak sport görnüşleriniň Hindistanyň Olimpiýa assosiasiýasy tarapyndan ykrar edilmeýändigi bellenipdi.

Hindistanyň Sport ministrliginiň resmisiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, sportsmenleriň Aşgabada gidip bilmezligine türkmen tarapynyň rugsat dokumentlerini ibermändigi sebäp bolupdyr.

“Diňe basketbol we taýekwondo boýunça komandalar gidip bilmedi. Beýlekileriň ählisi gitdi. Bu sportsmenler Türkmenistandan rugsat dokumentleriniň örän giç ugradylandygy sebäpli gidip bilmediler” diýip, Hindistanyň Sport ministrliginiň adyny aýtmak islemedik resmisi aýtdy.

Şeýle-de, ol sportsmenleriň gitmezliginiň jogapkärçiliginiň belli bir derejede Hindistan tarapyna degişlidigini hem belledi, emma takyk bir zat aýtmakdan saklandy we Aşgabada gidip bilmedik sportsmenleriň sanyny hem agzamady.

13-nji sentýabrda Hindistanyň habar beriş çeşmeleri 106 sportsmeniň Deli-Aşgabat uçaryna goýberilmändigini habar beripdi.

17-27-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi websaýtynda, başda Hindistandan jemi 230 sportsmeniň gatnaşjakdygy aýdylypdy. 18-nji sentýabrda bu resmi websaýtyň maglumatynda hindistanly 211 sportsmeniň ady görkezilýär. Emma haýsy sportsmenleriň barmandygy nämälim galýar, sebäbi bu resmi maglumatda basketbol we taýekwondo boýunça komandalar görkezilýär.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň programmasyna jemi 21 sport görnüşi boýunça, şol sanda küşt, futzal, tennis, muaý taý, sambo, göreş, jiu-jitsu, bouling, atly sport, tigirli sport, ýeňil atletika, agyr atletika boýunça ýaryşlar girýär. Şol sport görnüşleriniň azyndan 13-si olimpiýa sport görnüşi hökmünde ykrar edilmeýär.

Şeýle-de, 2005-nji ýyldan bäri geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary sportsmenlere başga iri halkara bäsdeşliklerine gatnaşmak üçin kwalifikasiýa bermeýär we olaryň reýtingine täsir ýetirmeýär.

Aşgabatda geçirilýän V Aziýa oýunlarynyň guramaçylary başda 6 müň çemesi sportsmeniň ýaryşlara gatnaşjakdygy yglan edildi. Emma oýunlaryň resmi websaýtynda çap edilen maglumatda Aziýa we Okeaniýa regionlarynyň 62 ýurdundan, 4066 sportsmeniň gatnaşýandygy aýdylýar.

Bellemeli ýeri, habar beriş serişdeleri, şol sanda Azatlyk Radiosy Aşgabatda geçirilýän oýunlary Aziada ýa-da Aziýa oýunlary diýip ýalňyş atlandyrypdy, sebäbi olaryň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça oýunlaryna gatnaşygy ýok. Agzalan sport çärelerini tapawutlandyrýan ýeri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça oýunlaryň guramaçysy hökmünde Aziýany Olimpiýa komiteti çykyş edýän hem bolsa, ol Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edilmeýär. Mundan tapawutlylykda Aziada ýa-da Aziýa oýunlary Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edilen iri halkara çäresidir.

Şeýlelikde, bu ýagdaý Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri Olimpiýa stadionynyň adyny hem sorag astyna goýýar. Sebäbi Aşgabat Olimpiada kabul edýän şäher bolup durmaýar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 27-nji sentýabra çenli dowam etdiriler. Türkmenistanyň häkimiýetleri daşary ýurtly myhmanlaryny türkmenistanlylar bilen tötänden duşuşmakdan üzňeleşdirmek üçin, öň görlüp-eşidilmedik çäreleri amala aşyrýarlar. Türkmenistanyň ilaty üçin Aziýa oýunlary hakyky synaga öwrüldi.

Türkmenistanyň öz döwlet garaşsyzlygyny yglan edeli bäri, iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän döwründe türkmen häkimiýetleri, bu onçakly uly bolmadyk sport çäresine dürli çaklamalara görä, 10 we 15 milliard amerikan dollary möçberinde pul sarp edipdir.

Deňeşdirme üçin, Braziliýanyň Rio de Žaneýro şäherinde geçirilen soňky tomusky Olimpiýa oýunlaryna 4.6 milliard dollar möçberinde pul harçlandy. Italiýanyň Balich Worldwide Shows guramasynyň çaklamalaryna görä, diňe bir açylyş dabarasynyň sahnalaşdyrylan tomaşasyna 120 million amerikan dollary möçberinde pul harlanypdyr, Riodaky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna 20 million amerikan dollaryndan sähel gowrak pul sarp edilipdir.

Şonda Braziliýanyň jemgyýetçiligi agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän ýurduň Olimpiadany geçirmezligini talap edip, birnäçe aýlap protest geçiripdi.

Bellemeli ýeri, Aşgabada baryp bilmedik daşary ýurtlularyň sanawy olimpiýa sport görnüşleri bolmadyk ýaryşlara gatnaşmak üçin Türkmenistana gidip bilmedik hindistanly sportsmenler bilen çäklenilmeýär.

Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, Türkmenistanyň häkimiýetleri Günbataryň abraýly habar beriş serişdeleriniň azyndan ikisiniň žurnalistlerine Aşgabada barmaga rugsat bermändir. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylary öň berlen akkreditasiýalaryň ýatyrylmagynyň sebäbini, bu habar beriş serişdeleri tarapyndan “gyzyklanmanyň aşa ýokary derejesi” bilen düşündiripdir.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG