Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

125 suratkeşiň çeken suratyndan ýasalan kinofilm


Wan Gogh
Wan Gogh

Polşa bilen Britaniýanyň bilelikde surata düşüren "Söýgüli Winsent" (Loving Vincent) atly filmiň tanadyş dabarasy 13-nji oktýabrda Londonda BFI London kinofilm festiwaly çäginde geçiriler.

Tankytçylar beýik suratkeş Winsent wan Gogyň (Vincent van Gogh) terjimehaly ýaly surata düşürilen ol filmiň kinomatografiýa taryhynda özboluşly orna eýe boljagyny aýdýarlar.

Filmiň aýratyn özboluşlylygy onuň tutuşlaýyn el hünäri bilen surata düşürilmegidir. Has dogrusy aýdylsa, doly metražly kinofilm surata düşürilýän mahaly jemi 125 suratkeş çagyrylypdyr we olar bu filmiň her bir kadrynyň suratyny el bilen çekipdir.

Çekilen suratlaryň umumy sany 65 müňe barabardyr we kinofilmiň her sekundynda ekrandan 12 surat geçýär.

Ol suratlaryň Winsent wan Gogyň post-impressionist äheňinde çekilmegi üçin suratkeşlere ýörite tälim berlipdir.

Kinofilmiň esasyny ýazan režisýor Dorota Kobiela we Hugh Welchman ol filmde beýik suratkeşiň ömründen pajygaly bir güni, ýagny 1890-njy ýylyň 27-nji iýulyny suratlandyrypdyr.

Hut şol gün Wan Gog sapança bilen özüni atyp, janyna kast edipdir. Waka şaýatlyk eden adamyň bolmandygyna garamazdan, ol özbaşyna "Overs-sur-Oys" atly şähere zordan özüni atmagy başarypdyr. Ol ýerde oňa iki sany hekim seredipdir. Ýöne beýik suratkeş 30 sagat geçenden soň, infeksiýa sebäpli aradan çykypdyr.

Bu filmde Wan Gogyň ölümi bilen baglanyşykly gümürtik ýagdaý we beýik suratkeşiň durmuşynyň beýleki bilinmeýän taraplary barasynda gürrüň gidýär.

Filmiň surata düşürilmegi üçin gerek bolan serişdeler barasynda ýaş kino ýyldyzlarynyň hem ünsüni çekmek maksat edinilipdir we bu diýseň oňaýly netije bermek bilen, ähli serişdeler "Kickstarter" atly jemgyýetçilik platformada ýygnalypdyr.

Bu filmde Douglas Booth, Jerome Flynn, Saoirse Ronan, Helen McCrory, Chris O'Dowd, John Sessions, Eleanor Tomlinson we Aidan Turner ýaly diýseň tanymal aktýorlar surata düşüpdir.

Film owaly bilen adaty görnüşde surata düşürlenden soňra, onuň kadrlarynyň suratlary el bilen çekilipdir. Şeýle tilsimiň kämilleşdirilmegi 4 ýyla çekipdir. Filmiň ýaňadan surata düşürilmegine bolsa iki ýyl gerek bolupdyr.

Filmiň bölekleri Polşanyň Gdansk we Wroslaw şäherleriniň, şol sanda Afinanyň studiýalarynda birleşdirilip, kebşirlenipdir.

XS
SM
MD
LG