Birleşen Milletler Guramasynyň, Birleşen Ştatlaryň, Türkiýäniň we Eýranyň ses berişlik regionda dartgynlygy artdyrar diýen duýduryşyna garamazdan, Yragyň kürt awtonom regionynda garaşsyzlyk ugrunda geçirilen referendumda ses bermäge gatnaşan adamlaryň sany gaty ýokary. Ýöne entek berlen sesler sanalyp tamamlananok.
German habar gullugy “dpa” 25-nji sentýabrda deslapky netijelere salgylanyp, kürt paýtagty Erbilde ses berenleriň 90 prosentden gowragynyň garaşsyzlygy goldaýandygyny habar berensoň, Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi bu “bikanun” referendum hakda özüniň kürt liderleri bilen gürleşmejekdigini aýtdy.
Bagdat ondan ozal hem Yragyň bitewiligini saklamak ugrunda göreşjekdigini, şol sanda demirgazyk kürt regionyna gidýän nebit girdejilerini hem kesjekdigini aýdyp duýduryş beripdi.
Regional hökümetiň prezidenti Masud Barzani kanuny güýji bolmadyk ses berişlik regionyň garaşsyzlygy ugrunda gitmeli uzak möhletli gepleşik prosesinde ilkinji ädim diýýär. Yslamçy ekstremistlere garşy uruşda esasy rol oýnanlaryň biri bolan kürt regiony 1991-nji ýyldan bäri awtonom.
Saýlaw komissiýasy ses bermäge hukukly ilatyň 72 prosentiniň, ýagny hasaba alnan 4.58 million ilatyň 3.3 millionyň referenduma gatnaşandygyny aýdýar.
Saýlaw býulleteninde kürt, türk, arap we assir dillerinde adamlardan “Kürdüstan regionynyň we Kürdüstan sebitleriniň daşyndaky (Kürdüstan) regionynyň garaşsyz döwlet bolmagyny isleýärmisiňiz” diýen sorag berilýär.
Saýlaw komissiýasynyň aýtmagyna görä, deslapky netijelere 26-njy sentýabrda we gutarnykly netijelere hem 28-nji sentýabrda garaşylýar.
Abadi 25-nji sentýabrda howpsuzlyk güýçlerine Yragyň kürt regionynda adamlaryň zorlanmagynyň ýa mejbur edilmeginiň öňüni almagy tabşyrdy.
Ol ýurduň bütewiligini goramak üçin Bagdadyň “gerekli çäreleri” görjekdigini aýdyp, ses berişligiň “etniki agzalalyklara getirip, Hudaý bilsin, yraklylary betbagtçylykly howplara uçratmagy mümkin” diýip duýduryş berdi.
Eýran, Türkiýe we Bagdat hökümeti ses berişligiň döwründe kürt regionynyň serhetlerinde harby türgenleşik geçirdiler.
Birleşen Milletler Guramasy bilen Birleşen Ştatlar, şeýle hem beýleki günbatar döwletleri referendumyň ünsi “Yslam döwletiniň” jeňçilerine garşy barýan uruşdan sowmagy mümkin diýip, alada bildirdiler.
25-nji sentýabrda ABŞ-yň döwlet departamentiniň sözçüsi Heather Nauert ses berişligiň ýola goýulmagy sebäpli Waşingtonyň “aşa lapykeçdigini” aýtdy.
Ol: “Birleşen Ştatlaryň Yragyň Kürdüstan regiony bilen bolan taryhy gatnaşygy bu kanuny güýji bolmadyk referendum bilen üýtgemez. Ýöne biz bu çäräniň Kürdüstan regionynda durnuksyzlygy we onuň ilatyna kynçylygy artdyrjakdygyna ynanaýarys” diýdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antonio Guterres hem Nýu Ýorkda referendumyň “durnuksyzlandyryjy netijeleriniň” özüni aladalandyrýandygyny aýtdy.
Guterres Yragyň “özbaşdaklygyny, toprak bitewiligini we agzybirligini” özüniň goldaýandygyny bildirip, Bagdat bilen kürt liderleriniň arasyndaky pikir tapawutlarynyň “düzgünleşdirilen dialog we konstruktiw eglişik” bilen çözülmegine çagyrdy.
25-nji sentýabrda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan Yragyň kürt regionyndan daşary nebit akdyrýan turba liniýasyny kesmek bilen haýbat atdy.
Ankara resmileri 25-nji sentýabrda Erdogan bilen rus prezidenti Wladimir Putin arasynda geçen telefon gepleşiginde referenduma-da deglip geçilendigini, ses berişligiň Yragyň we Siriýanyň toprak bitewiligini dartgynlyga düşürjekdigi hakda iki lideriň ylalaşandyklaryny aýdýarlar.
Erdoganyň edarasynyň bildirmegine görä, türk prezidenti Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen hem referendum hakda pikir alşypdyr.