Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Döwlet işgärleri at çapyşyga tomaşa etmäge mejbur edilýär


Türkmenistandaky aýlawlaryň birinde at çapyşyga tomaşa edýän adamlar

15-nji oktýabrdan başlap Türkmenistanyň döwlete degişli edara-kärhanalarynda işleýän işgärler özleriniň dynç günlerinde, ýagny her ýekşenbe güni tomaşaçy hökmünde at ýaryşlarynyň geçirilýän aýlawlaryna mejbury barmaly edildi diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri habar berýär.

Neşiriň Daşoguz şäheriniň bir mekdep müdirine salgylanyp, 16-njy oktýabrda beren maglumatyna görä, aýlawlara barmakdan ýüz öwrenler dessine işden kowulýar. Şeýle-de, ýolbaşçylar keselçilik ýa-da maşgala ýagdaýy bilen bagly islendik degerli sebäbe-de, oňaýsyz jogap berýärler diýip, neşir mugallymlara salgylanýar.

“Şuňa meňzeş maglumatlar Türkmenistanyň gündogar regionyndan hem gelip gowuşýar. Mekdepleriň birinde pensiýa ýaşyna ýeten zenany aýlawa ugratdylar. Ol üçünji derejeli rak keselinden ejir çekýär. Onuň elinde medisina hatlarynyň ählisi bolsa-da, ony hem irden sagat 7-de aýlawa barmaga mejbur etdiler. Bu çäre sagat 10 töweregi tamamlandy” diýip, neşir öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp ýazýar.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri hem tassyklap, ýurduň Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda döwlet işgärleriniň ençemesiniň, şol sanda mugallymlaryň, lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň öz resmi dynç günlerinde aýlawlara mejbury alnyp gidilýändigini aýdýarlar.

“Adamlar [at çapyşyklara] öz islegi bilen barjakmy-barjak dälmi, ony öwrenýän adam ýok. Aýlawlaryň her biri 3 müň tomaşa niýetlenip guruldy. Şol 3 müň tomaşaçynyň ortaça 2500 sanysy öňünden düzülen sanaw esasynda hökmany aýlawa barmaly adamlar. Olaryň arasynda edara-kärhanalaryň işgärleri we beýlekiler bar. Şol 3 müň tomaşaçynyň altydan bir bölegini öz islegine görä barýan janköýerler doldurýar. Tomaşaçylaryň altydan bäş bölegi bolsa, öňünden düzülen sanaw esasynda eltilýär” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew welaýatlardaky aýlawlarda at çapyşyklaryň geçirilmegine jogapkär işgärleriň käbirine salgylanyp gürrüň berdi.

Adynyň efirde agzalmazlygyny soran bu jogapkär resmiler “güýzki at çapyşlyk” diýlip atlandyrylýan ýaryşlaryň Garaşsyzlyk baýramy geçýänçä, her ýekşenbe güni dowam etjekdigini aýdýarlar. Şeýle-de, olar sanawlaryň düzülip, döwlet işgärleriniň at çapyşyklara mejbury gatnaşdyrylmagynyň sebäpleriniň bu ýaryşlara tomaşa etmäge isleg bildirýänleriň azlygy bilen baglanyşyklydygyny belleýärler.

“Telewideniýede görkezilende aýlawlar tomaşaçylardan doly bolmaly. Şol sebäpli welaýat, şäher häkimlikleri bize her edaradan pylança adamy çagyrmaly diýip görkezme berýärler. Bizem şol görkezmäni ýerine ýetirip, sanawy degişli edaralara ugradýarys. Olaram mejbury tomaşaçylary bize ugradýarlar ” diýip, Daşoguzyň aýlawynda at çapyşygy guramalaşdyrýan jogapkär resmi aýtdy.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan daşoguzly we balkanly käbir mugallymlar aýlawlaryň welaýatlaryň administratiw merkezlerinden azyndan 10 kilometr uzakda ýerleşýändigini we bu ýere döwlet tarapyndan ýörite awtobus gatnawlarynyň ýola goýulmandygyny aýdyp, döwlet işgärleriniň aýlawa barmakda we yzyna gaýtmakda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny nygtaýarlar.

Belläp geçsek, bu Türkmenistanda býujet işgärleriniň şu günler gatnaşmaga mejbur edilýän diňe bir çäresi däl. Sentýabr aýyndan bäri Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň döwlet edara-kärhanalarynda işleýän käbir işgärler iş wagtynda pagta ýygmaga mejbur edilýär. Olaryň käbiri bolsa, öz ýaşaýan sebitinden 300-350 kilometr uzakdaky ekin meýdanlarynda pagta ýygmaga we şol ýerde gijesi bilen galmaga mejbur bolýarlar.

Döwlet işgärleriniň ýene bir bölegi bolsa, 27-nji oktýabrda Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna görülýän köpçülikleýin taýýarlyk çärelerine çekilýärler. 2-nji oktýabrda başlanan “marşirowkalara” döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärler, şol sanda mugallymlar, şepagat uýalary, lukmanlar we welaýatlaryň Drama teatrynyň aktýorlary gatnaşdyrylýar. Ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilýän bu taýýarlyk çäreleri öýlän sagat 3-de başlap, giçlik sagat 6 töweregi tamamlanýar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda baýramçylyklaryň uly şowhun bilen bellenilýändigini tekrarlasalar-da, bu taýýarlyk çäreleriniň näçe adamyň iş, okuw we dynç alyş wagtyny alýandygy barada kelam agyz söz aýtmaýarlar. Şeýle-de, işgärleriň, okuwçylaryň we studentleriň ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çärelere mejbury gatnaşdyrylýandygy barada-da mesele gozgalmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG