Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus, eýran diplomatlary Ýadro Ylalaşygyny maslahatlaşarlar


Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow
Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow

Orsýetiň ýokary derejeli bir diplomaty amerikan prezidenti Donald Trampyň Eýran bilen baglaşylan köpmilletli ýadro geleşigine düzediş girizilmese, bu gepleşikden çykjakdygyny aýdyp, haýbat atmagy netijesinde dörän ýagdaý hakda üstümizdäki hepde eýranly kärdeşi bilen gepleşige garaşýandygyny aýtdy.

Habar gullugy “Interfaks” 17-nji oktýabrda Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkowa salgylanyp, onuň Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçy bilen öňümizdäki günlerde Moskwada duşuşjakdygyny habar berdi.

“Üns merkezinde boljak zat, elbetde, Trampyň ylalaşygyň mazmunyny üýtgetmek maksady hakdaky beýanatlary we Birleşen Ştatlaryň hem bu dokumentiň Waşingtona ýaramly şekilde üýtgedilmegine meýilsiz däldigini duýdurmagy bilen baglylykda, Birikdirilen giň gerimli iş plany (BGIP) hakda bolar” diýip, Rýabkow aýtdy.

Ol şeýle hem Moskwa bilen Tähranyň “teklip edilen çäreleriň peýdaly däldigini amerikan tarapyna ynandyrmak” üçin bir “umumy çemeleşigi” taýýarlajakdygyny bildirdi.

2015-nji ýylda Eýran bilen dünýäniň alty güýçli döwleti, sol sanda Birleşen Ştatlar we Orsýet arasynda gelnen ylalaşykda, Tähran ykdysady sanksiýalaryň ýeňilleşdirilmeginiň öwezine ýadro işjeňligini çäklendirmäge razylyk berdi.

Ýöne 13-nji oktýabrda Tramp özüniň Eýranyň ylalaşyga laýyklyda hereket edýändigini tassyklamaýandygyny aýdyp, bu ylalaşykdan çykmagynyň mümkindigini duýdurdy. Ol Tährany ballistik raketalary synamak we Ýakyn Gündogarda ekstremistleri goldamak bilen ylalaşygyň “ruhuny” bozýanlykda aýyplady.

Tramp 16-njy oktýabrda özüniň ylalaşygy bütinleý soňlamagynyň mümkindigini ýene bir gezek duýdurdy.

“Bu bütinleý gutaryş bolar, hakyky mümkinçilik şeýle, käbir adamlar muňa has uly mümkinçilik diýer” diýip, Tramp žurnalistlere aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri 16-njy oktýabrda Lýuksemburgda geçen duşuşykda Eýran ylalaşygyny goldap, Trampyň haýbatlary Demirgazyk Koreýa bilen barýan ýadro dawasyna parahatçylykly çözgüt tapmak barada edilýän tagallalary howp astyna salýar diýip duýduryş berdiler.

Ministrleriň bilelikde çykaran beýannamasynda: “Güýçli ýadro howpunyň abanýan wagtynda, Ýewropa Bileleşigi BGIP-ni ýaraglary çäklendirmek arhitekturasynyň esasy diregi hökmünde saklamaga kararly” diýilýär.

Bileleşigiň baş diplomaty Federika Mogerini amerikan kanun çykaryjylaryny Eýran bilen gelnen ylalaşykdan çykmazlyga çagyrmak üçin, geljek aýyň başlarynda Waşingtona gitjekdigini aýtdy. Ylalaşykdan maksat Eýranyň atom ýaragyny öndürmäge gönükdirilen ýoluny gowşatmak. Tähran özüniň ýadro programmasynyň bütinleý parahatçylyklydygyny aýdýar.

Bu aralykda Birleşen Ştatlaryň senatynyň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Bob Korker Trampy ylalaşyk hakda näme edilmelidigi barada ýewropaly ýaranlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

“Bu administrasiýa diňe ýewropaly ýaranlarymyz bilen güýçli diplomatiýa işini alyp baran halatynda ýol aljak zat” diýip, Korker aýtdy.

Korker žurnalistlere özüniň ýewropalylara Trampyň Eýrany tassyklamazlyk kararynyň o diýen erbet däldigini, munuň dünýäniň güýçli döwletlerine ylalaşygyň “kemçiliklerini” düzetmäge mümkinçilik berýändigini ynandyrmaga synanyşandygyny aýtdy.

Hytaý hem ylalaşygy goldaýandygyny bildirdi.

Rýabkow bilen Arakçynyň arasynda planlaşdyrylan gepleşikler Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň 1-nji noýabrda rus prezidenti Wladimir Putini we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewi Tähranda myhman almazyndan öň bolýar.

XS
SM
MD
LG