Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegleriniň birdenkä 10 esse ýokarlandyrylmagynyň yz ýany, Aşgabadyň orta mekdepleriniň aglabasynda okuwlaryň tölegli edilmejekdigi barada bildirişler asyldy.
Ýatladyp geçsek, şu aýyň birinji on günlüginde ýurtdaky çagalar baglarynyň tölegleri paýtagtda 10 manatdan, welaýatlarda 8 manatdan 80 manada ýokarlandyryldy. Bu waka ýurtda ene-atalaryň köpüsiniň nägileliklerine, Daşoguz welaýatynda bolsa çagalary çagalar bagyna gatnaýan raýatlaryň ençemesiniň protest ýörişini geçirmegine sebäp bolupdy.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna, paýtagtyň tas ähli mekdeplerinde, şol sanda 11-nji mikroraýondaky 50-nji, Çoganly pasýologyndaky 54-nji, Hitrowka sebitindäki 9-njy we 14-nji mekdeplerde bildirişleriň asylmagyna çagalar baglarynyň tölegleriniň gymmatladylmagynyň yz ýany, orta mekdeplerde okuwlaryň hem tölegli ediljekdigi barada il arasynda ýaýran myş-myşlar sebäp boldy.
“Şol myş-myşlaryň öňüni almak üçin edilen iş bolsa gerek. Oňa anyk bir jogap berýän adam ýok. Ýöne mekdebiň direktory, onuň okuw terbiýeçilik işleri ýa-da guramaçylyk işleri baradaky orunbasarlarynyň käbiriniň tassyklamagyna görä, mekdeplerde o diýen uly bolmadyk bildiriş asylypdyr. Özem mekdebiň diňe bir ýerinde däl-de, adamlaryň gözüne iläýjek üç-dört ýerde asylyp goýlupdyr. ‘Türkmenistanda orta mekdeplerdäki bilim mugt. Şol bilim mugtlygyna-da galýar’ diýen mazmundaky bildiriş asylypdyr” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.
Azatlygyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan mugallymlaryň we mekdep ýolbaşçylarynyň ençemesi etrap-halk Magaryf bölüminiň, welaýat-etrap Bilim bölümleriniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleriniň mekdeplere gelip, mugallymlar bilen düşündiriş mazmunly ýygnaklary hem geçirýändigini aýdýarlar.
“Şol ýygnaklarda esasy edilen gürrüň ‘Mekdeplerdäki okuwlaram tölegli boljak diýip il içinde dowul turuzýanlar bar. Bu ýalan gürrüň. Türkmenistanda mekdeplerde umumy orta bilim hökmany. Bu zatlary siz gowy bilmeli hem-de il içinde şeýle myş-myşlary ýaýradýanlara jogap bermeli. Mekdeplerde bilimler öňem mugtdy, indem mugtlygyna galjak’ diýip gürrüň edipdirler” diýip, Bugaýew mugallymlaryň we mekdep ýolbaşçylarynyň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.
Ýatladyp geçsek, şu ýylyň sentýabr aýyndan başlap Türkmenistanyň Ýokary okuw jaýlarynyň ýarysyndan köpräginde okuwlar hem tölegli görnüşe geçirildi.
Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda, degişli türkmen resmilerinden, şol sanda Türkmenistanyň Bilim ministrliginden haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.