Sepleriň elýeterliligi

Tramp Phenýanyň ýadro howpuna garşy ähliumumy herekete çagyrdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Prezident Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň özüni we ýaranlaryny goramak üçin harby güýçden doly peýdalanmaga taýýardygyny aýdyp, Demirgazyk Koreýa duýduryş berdi. Ol soňra hem ýöne özüniň konfliktiň öňüni almak üçin “harby aksiýadan ozal ähli elýeterli gurallardan” peýdalanmaga üns berýändigini sözüniň üstüne goşdy.

“Bütin dünýä howp salýan Demirgazyk Koreýa bütin dünýäniň herekete geçmegini talap edýär” diýip, Tramp 7-nji noýabrda Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-in bilen bilelikde Seulda geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy,

Tramp: “Biz guran ähli zatlarymyza Demirgazyk Koreýanyň howp salmagyna ýol berip bilmeris” diýdi.

Ol şeýle hem Demirgazyk Koreýany “dogry işi etmäge” çagyryp, “men käbir hereketleri görýärin” diýse-de, bu öňegidişlikleriň görnüşi barada maglumat bermedi.

Tramp şeýle hem stoluň başyna gelip, ylalaşyk gazanmagyň Demirgazyk Koreýa üçin peýdalydygyny aýtdy.

Ol Birleşen Ştatlar özüniň doly harby başarnyklaryndan “peýdalanmaly bolmasyn diýip, biz Hudaýdan umyt edýäris” diýdi.

Moon hem Demirgazyk Koreýa ýadro we raketa programmasyndan el üzen halatynda, Tramp bilen özüniň bu ýurdy “ýagty gelejek” bilen üpjün etmäge taýýardygyny nygtady.

Tramp bilen Moon ozal Günorta Koreýanyň prezidentiniň resmi rezidensiýasynda gepleşik geçirdiler. Moon bu gepleşikde Trampa onuň saparynyň “Demirgazyk Koreýanyň ýadro meselesiniň çözgüdinde öwrülişik nokady” bolmagyny umyt edýändigini aýtdy.

Tramp ondan ozal ABŞ-yň Günorta Koreýadaky Kamp Hamfreýs bazasynda Birleşen Ştatlaryň we Günorta Koreýanyň harbylarynyň öňünde eden çykyşnda: “Iň soňunda ähli iş düzeler, sebäbi iş hemişe düzelýändir - düzelmelidir” diýdi.

Tramp 7-nji noýabrda Ýaponiýadan, Günorta Koreýa bardy. Ol Ýaponiýada Waşingtonyň Phenýan barada “ähli opsiýalar stoluň üstünde” diýýän tutumynda, Tokionyň goldawyny gazandy.

Tramp 24 sagat Günorta Koreýada bolsa-da, Demirgazyk Koreýa bilen Günorta Koreýanyň aralygynda agyr berkidilen harby däl zona baryp görmekçi däl.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG