Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampa Ukraina goranyş ýaraglaryny satmak teklip ediler


“Javelin” ýaragynyň her biri 126 müň dollara, her raketasy bolsa, 78 müň dollara durýar.
“Javelin” ýaragynyň her biri 126 müň dollara, her raketasy bolsa, 78 müň dollara durýar.

Uly derejeli geňeşçiler ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa, Ukrainanyň sebitde rus agressiýasyna gaýtawul bermek tagallalaryny berkitmegi üçin 47 million dollarlyk ýokary tehnologiýaly goranyş ýaraglaryny maliýeleşdirmek we satmak planyny hödürlär diýip, ABC News Döwlet departamentindäki çeşmä salgylanyp habar berdi.

ABC News 18-nji noýabrda Ukrainanyň bu plan esasynda tanka garşy ýygnalyp äkidilip bilinýän “Javelin” raketalary bilen üpjün ediljekdigini aýtdy.

Habarlarda aýdylmagyna görä, egne göterip bolýan “Javelin” ýaragynyň her biri 126 müň dollara, her raketasy bolsa, 78 müň dollara durýar.

Milli howpsuzlyk geňeşiniň sözçüsi ABC-ä 17-nji noýabrda bu gullugyň ‘häzirki pursatda hiç bir yglan etjek zadynyň ýokdugyny” aýtdy. MHG şu hepdäniň başynda bu paketiň hödürlenmegine ýaşyl çyra ýakmagy karar etdi diýip, ABC aýtdy.

Bu meseledäki islendik karar ABŞ-nyň Kongresi, şonuň ýaly-da prezident Tramp tarapyndan tassyk edilmeli.

Ukrain hökümet güýçleri gündogar Ukrainada Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistler bilen söweşýär, bu uruşda 2014-nji ýylyň aprelinden bäri 10 müňden gowrak adam öldürildi.

Şol bir wagtda-da Orsýet Ukrainanyň Krym ýadym adasyny kontrollyk astyna alyp, bu regiony anneksiýa etdi.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis awgust aýynda Ukraina eden sapary mahalynda Kiýewi ýarag bilen üpjün etmeklige öz şahsy goldawyny ýaňzytdy.

Bu Ak tamyň ozalky adminstrasiýasynyň ýarag bilen üpjün etmekýagdaýlaryň we Orsýet bilen gatnaşyklaryň dartgynlaşmagyna getirer diýip eden howatyrlanmasyna düýpden ters gelýär.

Bu çäre Respublika partiýasynyň Ukraina agyr ýaraglary ibermezlik babatdaky pozisiýasyndan hem dönülýändigini aňladar.

2016-njy ýyldaky prezidentlik kampaniýasy mahalynda, Tramp partiýanyň kandidaty bolanyndan soň, Respubikan platformasy Ukraina “adam öldürýän goranyş ýaraglary” bilen goldaw bermekden has nämälim dile, “degişli kömek” bermeklige geçdi.

XS
SM
MD
LG