Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow egindeşlerine käýinip, Azyk howpsuzlygy komissiýasyny döretdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýene birnäçe ministrini täzeledi we ýurdy azyk bilen üpjün etmek üçin döwlet komissiýasyny döretdi.

Bu çäre türkmen manadynyň dollaryň garşylygynda rekord derejede asgynlap, bazarlarda azyk harytlarynyň birnäçe esse gymmatlan we gytalan wagtyna gabat geldi.

Türkmen metbugaty bu gezek, “işde goýberen kemçilikleri üçin” diýlip, dört ministriň wezipesinden boşadylandygyny, ençeme resmä käýinç berlendigini habar berýär.

Nobatdaky kadr çalşygy we käýinçler hökümetiň ýylyň 11 aýyndaky işleriniň jemlerine bagyşlanan mejlisiniň dowamynda yglan edildi.

Adatça bolşy ýaly, hökümet agzalarynyň beren hasabatlarynda ýylyň 11 aýynda gazanylan üstünlikleri tassyklaýan uly ösüş sanlary getirildi. Mysal üçin, wise-premýer Maksat Babaýew ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berip, netijeleriň gowy bolandygyny tassyklady.

“Benzin öndürmek boýunça meýilnama 102,1%, dizel ýangyjyny çykarmak 101,1%, polipropilen öndürmek, 104,3%, çalgy ýaglaryny çykarmak — 102,6%, suwuklandyrylan gaz öndürmekde — 107,8% berjaý edildi” diýip, ol aýtdy.

Wise-premýeriň sözlerine görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüş depgini 103,4%, “mawy ýangyjyň” eksport edilişiniň ösüş depgini 103,7% boldy. Emma şu hili ösüş sanlarynyň yglan edilmeginiň yz ýanyndan ýurduň energetika ministri Çarymyrat Pürçekowa käýinç yglan edildi. Bu käýinç, prezidentiň tassyklamagyna görä, ministre “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” berildi.

Şeýle-de Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Döwletmyrat Bäşimowa, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Döwletdurdy Hajyýewe käýinç yglan etdi. Resmi habara laýyklykda, olar hem wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde kemçilik goýberipdir. Emma bu diýilýän kemçilikler aýdyňlaşdyrylmaýar. Gepiň gerdişine aýdylsa, golaýda “Türkmennebitiň” daşary ýurt kompaniýasyna bergilerini berip bilmeýändigi hakynda habarlar ýaýrady.

Maglumat üçin aýdylsa, döwlet baştutany golaýda “Türkmengaz” döwlet konsernine täze ýolbaşçy belledi, aprel aýynda bolsa, nebit-gaz senagatyna gözegçilik edýän orunbasary Ýagşygeldi Kakaýewi işden boşatdy. Ýogsa Kakaýew ýylyň birinji çärýeginde “nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak planynyň 109,7%, nebiti gaýtadan işlemek planynyň 105,3% ýerine ýetirilendigini” aýdypdy.

Hökümet mejlisiniň dowamynda senagat ministri Amanberdi Tüýliýew, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Seýitmämmet Akmämmedow, demirýol ulaglary ministri Derýaguly Bäşimow, oba we suw hojalygy ministri Nursähet Sapardurdyýew wezipelerinden boşadyldy. Adatça bolşy ýaly, prezident bu gezek hem işden aýran ýolbaşçylarynyň orunbasarlaryny ozalky başlyklarynyň ornuna belledi.

Wezipesinden boşadylan ozalky emeldarlaryň hemmesiniň işde düýpli kemçilikleri goýberendigi aýdylýar, emma ol kemçilikler anyklaşdyrylmaýar. Şeýle-de, işden aýrylan emeldarlaryň ýerine bellenen täze resmileriň öňünde şol diýilýän kemçilikleri düzetmek üçin nähili anyk wezipeleriň goýulandygy habar berilmeýär.

Hökümetiň bu gezekki mejlisinde wezipeden boşadylanlara garanda berk käýinç we soňky duýduryş berlenler has kän boldy. Olaryň arasynda wise-premýerler Sapardurdy Toýlyýew, Dädebaý Amangeldiýew, Goçmyrat Myradow dagy hem bar.

Prezident söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Döwran Orazmyradowa, Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe, balyk hojalygy ministri Taňryguly Paşiýewe, saglygy saklaýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesowa hem soňky duýduryşlaryny berdi.

Şeýle-de prezident Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek barada döwlet komissisýasyny döretdi we onuň düzümini tassyklady. Döwlet baştutanynyň hökümet mejlislerinde yzygiderli tabşyrmagyna garamazdan, türkmen bazarlarynda azyk bolçulygy döremeýär we bu ýagdaý bahalaryň yzygiderli gymmatlamagy bilen tassyk bolýar.

Ekspertler Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň uly ykdysady krizisini başdan geçirýändigini, bu kynçylyklaryň nebit-gazyň global nyrhlarynyň arzanlamagy we türkmen ykdysadyýetiniň ýeterlik diwersifikasiýalaşdyrylyp bilinmezligi bilen baglydygyny aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG