Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan korrupsiýada tutulanlaryň 'günälerini geçmejekdigini' aýdýar


Türkmenabat, hökümet edarasynyň daşynda wideokamera oturdylýar. Arhiw suraty.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýene bir gezek korrupsiýa, parahorluga garşy "barlyşyksyz göreşmegi" wada berdi we bu aýyplamalarda aýyplananlaryň günäleriniň geçilmejekdigini aýtdy.

Prezident bu sözleri nobatdaky günä geçişde ýedi ýüze golaý tussagyň azat edilen güni aýtdy.

Türkmenistandaky korrupsiýa, parahorluk meselesi 8-nji dekabrda geçirilen hökümet maslahatynda ýene bir gezek gün tertibine getirildi.

Ykdysady jenaýatçylyklara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory Mämmethan Çakyýewiň mejlisde beren hasabatyna aýdylmagyna görä, türkmen hökümetinde jogapkär wezipeleri eýeleýän adamlaryň arasyndaky korrupsiýa faktlaryny derňemek dowam etdirilýär.

TDH-nyň maglumatyna görä, Çakyýew prezidente Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Oba we suw hojalygy, Demirýol ulaglary ministrlikleriniň, “Türkmennebit” döwlet konserniniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň düzümlerinde we bölümlerinde geçirilen barlaglaryň netijeleri barada habar berdi.

Metbugat habarynda ýene jogapkär ýolbaşçylaryň birnäçesiniň gulluk wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanandygy, parahorluk we korrupsiýa faktlarynyň ýüze çykarylandygy, netijede döwlete ägirt uly maddy zyýan ýetirilendigi habar berilýär, emma anyk adam atlary, sanlar we faktlar getirilmeýär.

Türkmenistanda maý aýynda başlanan korrupsiýa galmagalyndan soň onlarça hökümet resmisi korrupsiýada aýyplandy we olaryň özlerini, konfiskasiýa edilen emläklerini telewideniýede görkezip, türkmen jemgyýetinde korrupsiýa ýol berilmejegi nygtaldy.

Prezident Berdimuhamedow ýylyň 11 aýynyň jemlerine bagyşlanan hökümet mejlisinde bu wadasyny ýene bir gezek dile getirdi.

“Parahorluk we korrupsiýa döwlet edaralaryny we jemgyýetimizi ýaramaz derejä ýetirýär. Netijede, ykdysadyýetiň ösüşi bökdelýär, döwletiň ösmeginiň ýolunda düýpli päsgelçilikler döreýär.
G.Berdimuhamedow

TDH türkmen jemgyýetinde “parahorlugy we korrupsiýany köki-damary bilen ýok etmek ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny” habar berýär, emma bu ‘işler’ barada anyk maglumat berilmeýär.

Prezident korrupsiýa garşy göreş gullugynyň başlygynyň hasabatyndan soň guramaçylyk meselelerine seretdi we nobatdaky kadr çalşygyny geçirdi. Şeýle-de ol korrupsiýanyň ýurduň ykdysadyýetinden başlap, ruhy durmuşyna çenli, dürli ugurlara“örän ýaramaz” täsir ýetirýändigini boýun aldy.

“Parahorluk we korrupsiýa döwlet edaralaryny we jemgyýetimizi ýaramaz derejä ýetirýär. Netijede, ykdysadyýetiň ösüşi bökdelýär, döwletiň ösmeginiň ýolunda düýpli päsgelçilikler döreýär” diýip, TDH prezidentiň sözlerini sitirledi.

Döwlet baştutany Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa ýüzlenip, kanunlara gaýtadan seretmegi hem-deparahorluk we korrupsiýa üçin beriljek jezalary has berkitmegi teklip etdi.

“Parahorlar we korrupsiýa baş goşan, olaryň hasabyna baýamagy niýet edinen adamlar babatda günä geçmek çäresini ulanmagy ýatyrdyk” diýip, Berdimuhamedowaýtdy.

Şeýle-de ol, zerurlyk bolsa, Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň işgär sanyny artdyryljakdygyny belledi.

Türkmenistan halkara guramalarynyň dünýä ýurtlarynda korrupsiýanyň derejesi baradaky hasabatlarynda ýylyň-ýylyna iň yzdaky derejeleri eýeleýär.

1991-nji ýylda garaşsyz ýurt bolaly bäri Türkmenistanda ýüzlerçe ýokary we orta derejeli resmi korrupsiýada aýyplandy we sud edildi.

Emma muňa garamazdan, resmi habarlardan çen tutulsa, korrupsiýa faktlary azalmaýar we synçylar ýurtda adalatlylygyň ala, seçilip alnan ýagdaýda we kanunçylygy doly saklamazdan berjaý edilýändigini, sudlaryň garaşsyz däldigini, aýyplanýanlaryň özlerini kanun esasynda gorap bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG