Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýet: Ekstremistik ‘öýjügiň’ üsti açyldy, şübheliler tussag edildi


Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) özüniň “Yslam döwleti” atly ýarym harby topar tarapyndan dolandyrylýan bir ekstremistik “öýjügiň” üstüni açandygyny aýdýar. Moskwa 12-nji dekabr, 2017 ý.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) özüniň “Yslam döwleti” atly ýarym harby topar tarapyndan dolandyrylýan bir ekstremistik “öýjügiň” üstüni açandygyny aýdýar. Maglumatda bildirilmegine görä, bu topar täze ýyl baýramçylygynda, şeýle hem öňdäki prezidentlik kampaniýasynda Moskwada terror hüjümlerini amala aşyrmagy planlaşdyrypdyr.

FSB-niň 12-nji dekabrda çykaran beýannamasynda güman edilýän öýjügiň üç agzasynyň paýtagtyň daşynda ýerleşýän Odinsowo ertabynda ele salnandygy bellenýär.

Tutulan adamlar merkezi aziýaly. Olara terroristik işleri maliýeleşdirmekde, Yslam döwletine agza toplamakda, şeýle hem terroristik hüjümlerini planlaşdyrmakda güman edilýär. Beýannamada öýjügiň “Yslam döwletiniň liderleri” tarapyndan dolandyrylandygy aýdylýar.

Federal howpsuzlyk gullugynyň işgärleri elde ýasalan iki sany partlaýjy guraly, iki sany AK-47 hüjüm tüpeňini we ok-ýaragy konfiskasiýa edipdirler. Olar şeýle hem bomba ýasalýan bir laboratoriýany tapypdylar. Bu laboratoriýa öňünden dargadylypdyr.

FSB-niň direktory Aleksandr Bortnikow Orsýetiň milli anti-terrorizm komitetiniň duşuşygynda güman edilýänleriň 11-nji dekabrda tutulandygyny aýtsa-da, olaryň näçe adamdan ybaratdygyny aýtmady.

Orsýetiň federal howpsuzlyk gullugy özüniň terroristik planlaryň öňüni alyp, olary puja çykarandygyny baýramçylyklaryň we möhüm çäreleriň öňýanynda häli-şindi diýen ýaly yglan edýär.

FSB-niň öňki başlygy prezident Wladimir Putin geçen hepde özüniň 18-nji martda geçjek saýlawlara gatnaşyp, alty ýyl möhletli prezidentlige ýene bir gezek dalaş etjekdigini aýtdy. Resmi kampaniýa geljek birnäçe günlükde başlanmaly edildi.

Bortnikowyň aýtmagyna görä, “halkara terroristik guramalarynyň ýolbaşçylary Orsýetiň dürli sebitlerinde terrorizm ojaklaryny gurmaga synanyşýarlar”.

Ol muňa “tassyknama” diýip, aprel aýynda Sankt Peterburgyň metrosynda 16 adamyň ölümine sebäp bolan bomba, şeýle hem awgustda Sibir şäheri Surgutda ýedi adamyň ýaralanmagyna getiren pyçakly hüjüme salgylandy.

Bortnikow rus häkimiýetleri üstümizdäki ýylda 18 sany terroristik hüjümiň amala aşyrylmagynyň öňüni aldy diýdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG