Iş taşlaýyş protest çäresine gatnaşýan käbir gazagystanly kömür magdançylary ýeriň üstüne çykmaga razy boldular, ýöne olaryň ýüzlerçesi aýlyklarynyň göterilmegini talap edip, ýerastynda galmagy dowam etdirýärler.
Garagandy regionynyň häkimiýetleriniň 13-nji dekabrda habar bermegine görä, welaýat häkimi Erlan Koşanow nägile magdançylar bilen duşuşansoň, olardan 154 magdançy ýerastyndan çykmaga razy bolupdyr.
Ýaýradylan beýanatda häkimiýetler iş taşlaýyş protest çäresi bilen bagly birnäçe adamyň polisiýa gulluklary tarapyndan saklanandygy barada, käbir media serişdelerinde çykan maglumatlary ret etdiler.
12-nji dekabrda Gazagystanyň zähmet ministri Tamara Duýsenowa žurnalistlere 11-nji dekabrdan bäri 684 magdançynyň Şahtinsk şäherçesinde ýerastynda galýandygyny habar berdi.
Welaýat häkiminiň edarasy magdançylaryň wekilleri we olaryň arkalaşyk bileleşikleri ýerli häkimiýetler we magdan käniniň eýesi bolan “ArcelorMittal Temirtau” firmasynyň resmileri bilen gepleşikleri geçirýändigini habar berdi. Ady agzalýan firma metal pudagyndan iş alyp barýan dünýä belli “ArcelorMittal” kompaniýasynyň şahamçasy bolup durýar.
“ArcelorMittal Temirtau-nyň” resmileri AÝ/AR bilen gürrüňdeşlikde magdançylar esasan aýlyklarynyň 2 esse göterilmegini talap edýändiklerini we täze şertnamanyň taslama nusgasynda bu talabyň berjaý edilýändigini mälim etdi.
Ýeriň üstüne çykan magdançylar ýerastyndaky kärdeşlerini zerur bolan azyk-harytlary bilen üpjün edip olary goldaýarlar, maşgala agzalary bolsa olary egin-eşik we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edýär.
“Biz öz erkeklerimizi goldamak isleýäris... Olar tutanýerlilik bilen soňuna çenli, ylalaşyga barylýança gidişjekdiklerini aýdýarlar” diýip, iş taşlaýyş protest çäresine gatnaşýan bir magdançynyň garyndaşy Swetlana Ýeržumanowa aýtdy.
Agzalýan kompaniýa polat eredijileriň we magdançylaryň kärdeşler arkalaşyklary bilen köpçülikleýin şertnamalary boýunça gepleşikleriň geçirilýändigini we bu ylalaşyga ýylyň ahyryna çenli gol çekişmegi göz öňünde tutýandyklaryny habar berdi.
Şeýle-de, magdançylar doly tölegli dynç alyş rugsatlaryny we 50 ýaşda pensiýa çykarylmagy talap edýärler. Olaryň edýän beýleki talaplary iş howsuzlygynyň ýokarlandyrylmagyny we magdan käninde ösen enjamlaryň ornaşdyrylmagyny öz içine alýar.
“ArcelorMittal Temirtau” atly firma magdana baý Gazagystanda sekiz sany kömür käninde iş alyp barýar we ol 2016-njy ýylda 4 million tonna polat öndürdi.
Geçen aý şol regiondaky Žeskaşgan şäheriniň mis magdançylary hem ýeriň aşagyndan çykmakdan boýun towlap, aýlyklarynyň galdyrylmagyny we has amatly iş şertlerini talap edipdiler.
Olaryň iş üpjünçisi bolan “KazahMys” kärhanasy magdançylaryň talaplarynyň käbirlerini ýerine ýetirmäge razylyk bildirensoň, olar ýeriň üstüne çykypdylar.
Awtoritar prezident Nursultan Nazarbaýewiň tankytçylary onuň hökümetini 2011-nji ýylda günbatar Gazagystanda nebit-gaz pudagynyň işgärleriniň protest çärelerini guramagyndan bäri kärdeşler arkalaşyklaryna bikanun basyş etmekde aýyplaýarlar.
Nebitçileriň şäheri bolan Žanaözende birnäçe aýlap dowam eden demonstrasiýalardan soň, 2011-nji ýylyň 16-17 dekabr aralygynda polisiýa gulluklary 14 protestçini öldüripdi