Sepleriň elýeterliligi

Prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow saglyk merkezini açdy


Türkmenistanyň parlamenti Mejlisiň kanunçylyk boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidentiniň ogly Serdar Berdimuhamedow Duşak obasynda keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen medisina edarasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Aşgabatdan 170 kilometr uzaklykda ýerleşýän bu obada gurlan saglyk edarasynyň açylyş dabarasyna regional resmileri, ýaşulylar, saglyk sistemasynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar serişdeleriniň wekilleri bilen bilelikde gatnaşan Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, “jemgyýetçilik saglygy saklaýyşynyň ösüş derejesi ilatyň durmuş hiliniň esasy görkezijisidir” diýdi.

Serdar Berdimuhamedow türkmen parlamenti Mejlisiň kanunçylyk komitetine ýolbaşçylyk edýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň oglunyň 27-nji dekabrda Kaka etrabynyň Duşak obasyndaky saglyk merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmagy bilen baglylykda Ahal welaýatynda uly taýýarlyklaryň görülendigini Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň hökümet edaralarynyň birindäki ygtybarly çeşmesi habar berdi.

“Açylyş dabarasy adaty bir ýagdaý bolsa-da, prezidentiň ogly bolansoň, tutuş Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň ähli döwlet resmileri aýak üstünde boldy, hemmäniň gürrüňi şol barada. Şeýle dabaralar Berdimuhamedowyň oglunyň abraýyny artdyrmak üçin edilýär. Bu zatlar tiz wagtda oglunyň kakasynyň ornuna geçjekdigi baradaky çaklamalary güýçlendirýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi gürrüň berdi.

Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň aýagynda Türkmenistanyň syýasy durmuşyna gatnaşyp başlapdy. Ol 2016-njy ýylyň noýabrynda Ahal welaýatynyň 24-nji “Duşak” saýlaw okrugyndan deputat saýlanyp, şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanypdy. Tomus aýlarynda ýurduň daşary syýasatynda has aktiw rol oýnap başlady, hususan-da Orsýetiň ýokary derejeli resmileri bilen birnäçe gepleşikleri alyp bardy.

Oktýabr aýynda Serdar Berdimuhamedowa öz babasy “Mälikguly Berdimuhamedow” adyndaky medal gowşuryldy. Bu baýrak ýurduň harby we kanun goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna berilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG