Sepleriň elýeterliligi

Azatlygyň habaryndan soň, kafedra müdiri işinden aýryldy


Türkmen talyplary

Azatlyk Radiosynyň ýurduň iň iri ýokary okuw jaýlarynyň biriniň talyplaryndan mejbury para alynýandygy barada taýýarlan ençeme maglumatlaryndan soň, geçen hepde bu ýokary okuw jaýynyň kafedra ýolbaşçysy wezipesinden çetleşdirildi.

Ýatlatsak, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda mugallymlaryň we degişli ýolbaşçylaryň dürli bahanalar bilen talyplardan para alýandygy; kurs işleri, hatda synaglarda hem dürli baha üçin, kesgitli nyrhlaryň bardygy bellenilip geçilipdi.

Netijede, geçen hepde Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň kafedra ýolbaşçysy Ýusup Ýunusowiç Mihtiýew wezipesinden aýryldy. Azatlyk Radiosynyň bu ýokary okuw jaýyndaky ynamdar çeşmesi onuň “öz islegi boýunça” arza ýazyp, işden gidendigini aýtsa-da, onuň wezipesinden çetleşdirilmeginiň esasy sebäbiniň korrupsiýa maglumatlary bilen baglydygyny aýtdy.

Haçan-da, Azatlyk Radiosy Ýusup Mihtiýew bilen telefon arkaly habarlaşyp, ýokarky maglumatlar dogrusynda pikirini soranda, ol “bu gürrüňleriň ýalandygyny”, özüniň heniz hem kafedra ýolbaşçysy wezipesinde işleýändigini aýdyp, başga goşmaça maglumat bermekden saklandy.

Muňa garamazdan, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň resmileri gürrüňi gidýän adamyň geçen aýdan bäri bu ýokary okuw jaýynda işlemeýändigini tassykladylar. Emma işden gitmeginiň sebäpleri barada hiç zat aýtmadylar.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyndaky çeşmeleri, bu ýerde talyplardan para almak tejribesiniň heniz hem dowam edýändigini aýdýarlar. Häzirki kurs işleri tabşyrylýan döwründe, belli-belli mugallymlaryň studentlerden pul sorap başlandyklary bellenilýär.

Ozal-da habar berişimiz ýaly, bu ýokary okuw jaýynda berilmeli paranyň kesgitli nyrh sanawy hem emele gelipdir: bir kurs işi 170 manat, synaglarda 5-lik üçin 200 manat, 4-lik üçin 100 manat we 3-lik üçin 70 manat, diplom işi üçin hem 4040 manat.

Talyplaryň para bermäge ýagdaýlarynyň ýokdugyny aýdanlarynda, käbir mugallymlaryň “Sen ýa bäri ag, ýa-da aňyry. Başyňa geljekleri özüňden gör” diýip, haýbat atýankyklaryny-da gürrüň berdiler.

Galyberse, bu maglumatlar dogrusynda hem gürrüňi gidýän ýokary okuw jaýynyň degişli resmilerinden hiç hili maglumat alyp bolmady.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Türkmenistan halkara guramalarynyň dünýä ýurtlarynda korrupsiýanyň derejesi baradaky hasabatlarynda, ýylyň-ýylyna iň yaramaz derejeleri eýeleýär.

Soňky döwür türkmen häkimiýetleri korrupsiýa, parahorluga garşy "barlyşyksyz göreşmegi" wada berip, bu aýyplamalarda aýyplananlaryň günäleriniň geçilmejekdigini tekrarlaýarlar. Emma muňa garamazdan, resmi habarlardan çen tutulsa, korrupsiýa faktlary azalmaýar we synçylar ýurtda adalatlylygyň ala, seçilip alnan ýagdaýda we kanunçylygy doly saklamazdan berjaý edilýändigini, sudlaryň garaşsyz däldigini, aýyplanýanlaryň özlerini kanun esasynda gorap bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG